Beýik Britaniýa 1870-1914-nji ýyllarda

Mowzuk : Beýik Britaniýa 1870-1914-nji ýyllarda

MEÝILNAMA :

1. XIX asyryň soňky çärýeginde Angliýanyň syýasy we ykdysady durmuşy.

2. Beýik Britaniýanyň daşary we bakna syýasaty.

3. “Wiktorian döwrüniň” tamamlanmagy we ýurduň syýasy durmuşyndaky özgertmeler.

4. XX asyryň başynda iňlis hökümetiniň içeri we daşary syýasaty.

XIX asyryň ahyrky çärýeginde Angliýanyň daşary söwdasy, senagaty esasan hem gurluşygy ösýärdi, şol bir wagtda dokma we kömür pudaklarynyň ösüşi haýallanypdy. Umumy alnanda Angliýanyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini ABŞ Germaniýadan yzdady.

1870-nji ýylda bu ýurt dünýä möçberinde umumy öndürilýän daş kömrüň we çoýun eretmegiň ýaryşy degişli bolan bolsa, 1890-njy ýylda daş kömüri öndürmek 35,8%, çoýun 28,7% boldy. Şeýlelikde Angliýa senagat taýdan ösen ýurtlygyndan gowşap başlady. Onuň esasy sebäbi hem bu döwürde dünýäniň köp ýurtlary özünde täze senagaty täze enjamlary döredip başlapdylar. Angliýanyň senagatyndaky esasy enjamlar we maşynlar eýýäm könelişendi.

Angliýanyň syýasy durmuşynda esasan hem iki iri partiýalar agalyk edýärdi. Ýagny liberallar we konserwatorlar. Bu iki partiýa öz aralarynda dawa jenjel etseler-de, gezekli gezegine häkimiýete gelýärdiler. Liberal partiýa (erkin, azat) 70-nji ýyllaryň dowamynda öz abraýyny saklamak üçin ähli saýlaw ýerlerinde hemişelik komitetleri döredýärdiler. Partiýanyň lideri (ýolbaşçysy) Wilýam Gladsonyň syýasy garaýyşlary esasan hem söwdanyň erkinligini, aram reformalaryň ýokardan geçirilmegini hem-de ykdysadyýete gatnaşmazlygyny gazanmakdy. Ondan başga-da onuň güýçli takalçy bolmagy oňa abraý getirýärdi.

Konserwatorlar partiýasy (köneçiller) 85-nji ýyllara çenli özüniň täsiri we güýji liberallardan galyşýardy. Olaryň lideri Benžamin Dizraeli edebiýatçy hökmünde öňe saýlanyp, ol öz eserlerinde şol döwrüň wajyp syýasy we ykdysady meselelerini öňe sürýärdi. Ol esasan hem çäklendirilmedik monarhiýanyň we hemmetaraplaýýn güýçli buthanany dikeltmegiň tarapdarydy. Ol ugurtapyjy syýasatçy hökmünde öňe çykdy. Şol sebäpden hem dürli çylşyrymly ýagdaýlara seretmezden Dizraeli konserwatiw partiýanyň lideri hökmünde ömrüniň ahyryna çenli durdy.

Emma liberallaryñ iňlis jemgyýetinde abraýy uludy. Olar 1870-1899-njy ýyllar aralygynda 10 ýyldan gowrak häkimiýetiň başynda durdylar. (1868-1874 we 1880-1886 ýý.)

Olaryň döwründe birnäçe aram reformalar geçirildi. Mysal üçin :

Döwlet gurluşygyndakylaryň hünärini (kärini) ýokarlandyrmak üçin şol gulluga işe girýänlerden synag geçirmek, ýokary sud edaralarynyň ulgamyny ýönekeýleşdirmek, ilkinji gezek mekdepler üçin serişde goýberildi we ş.m., hat-da 1891-nji ýylda olar ,mugt başlangyç bilim hakynda kanun kabul etdiler.

Angliýanyň syýasy durmuşynda soňky 20 ýyldaky irland meselesi möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi Irlandiýada başlanan milli azatlyk hereketiniň esasy güýji hökmünde kärendeçi daýhanlar çykyş edýärdi, ilki bilen oba hojalyk önümleriniň nyrhynyň aşak gaçmagy zerarly , (önümler esasan başga ýurtlardan getirilýärdi). Ol hereket guramaçylykly hereketdi, sebäbi onuň ýolbaşçysy ýer ligasydy. (1879 ý. döredilýär). Ol liga ilki bilen irland ýerleriniň milliligini öňe sürýär. Şu döwürde hem iş taşlaýşyñ özboluşly görnüşi ýüze çykýar. Ýagny daýhanlar, hökümet işgärleri gepleşmegini bes edýärler, ýagny baýkot edýärler. (ony başlan ýer ligaň wekiliniň biri Baýkotdy).

Umuman irland meselesi boýunça liberal partiýaň içinde ol garaýyş emele gelýär. Aglaba bölegi özüni ýunionlar diýip yglan etdi. Ol iňlis-irland birligini saklamak ugrunda, soň bu topar Jozef Çemberleniň ýolbaşçylygynda konserwatiw partiýa girýär.

Netijede, liberal partiýa abraýdan gaçyp, hökümete konserwatorlar gelýär. Onuň baş premýer ministri Solsbern durýar. Umuman konserwatorlar hökümeti 1886-njy ýyldan 1897-nji ýyla çenli dolandyrýarlar.

XIX asyryň 70-80-nji ýyllarynda iňlis hökümeti özboluşly daşary syýsat geçirýärdi. Mysal üçin : 1877-1878-nji ýyllardaky rus-türk urşunda Angliýa Türkiýäniň tarapyndady, sebäbi ol Russiýanyň basybalyjylykly meýilnamalary bar diýip pikir edýärdi. Hakykatda bolsa Angliýa Türkiýäni beýle goldanlygy üçin Gara deňizde öz harby flotyny saklamaga mümkinçilik alýar hem-de Türkiýä oňa Kipr adasyny sowgat berýär.

1879-njy ýylda iňlis hökümeti Owganystana garşy uruş yglan edip ony basyp alýar. Emma owgan halkynyň güýçli garşylyk görkezmegi netijesinde onuň garaşsyzlygyny ykrar etdi. Emma Owganystan Hindistana golaý ýerlerini aldy.

Şeýle hem iňlisler 70-80-nji ýyllarda günorta Afrikanyň ýerlerine aralaşdy. 1882-nji ýylda Müsüre we Sudana garşy uruşlara başlady.

Umuman iňlis taryhçysy Jon Ýeli “18-nji asyrda Angliýanyň basybalyşlary” diýen kitabynda baknalar Angliýanyň baýlaşmagy we kuwwatlanmagy üçin möhüm çeşme boldy we bolar” diýip belleýär.

Şonuň üçin XIX asyryň ahyrynda Angliýa günbatar we gündogar Afrikanyň köp ýerlerini basyp aldy.

Umuman XIX asyryň ahyrynda Angliýanyň ykdysady we syýasy ösüşi boýunça gapma garşylyklaryň emele gelmegi we olaryň aglaba böleginiň bu ýurduň peýdasyna çözülmänligi bilen häsiýetlenýär.

XX asyryň başlarynda belli bir derejede iňlis ykdysadyýetiň ösüşi duýulýardy. 1914-nji ýyly 1900-njy ýyly bilen deňeşdirende kömür çykarmak 11%, pagtany gaýtadan işlemek 23% ösdi. Emma dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesi bilen deňeşdirilende ösüş onçakly däldi.

Asyryň başynda Angliýanyň bakna eýeçiligi giňelipdi. 1914-nji ýylda Britan imperatorynyñ baknalyklarynyň ählisiniñ meýdany dünýäniň gury ýer giňişliginiň 1/5 bölegini, onuň ilaty bolsa ýer şarynyň ilatynyň ¼ bölegini tutýardy.

1899-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda iňlis buržuaz urşy başlanýar. Buržuaz respublikalary Transwal we Oranžewaýada – iň köp altyn we göwher daşlary bar. Ilki bilen iňlisler bu ýerleri doly gabaýar. Olaryň güýji burlara seredeňde birnäçe esse artykdy, emma oňa seretmezden iňlisler urşuň ilkinji çaknyşyklarynda birnäçe gezek ýeňlişe duçar bolýarlar. Soň 1900-nji ýylda olar ýene-de 450 müňden gowrak esger düşürýärler. (Burlar 80 müň). Burlar uly gahrymançylyk görkezip, olar urşuň partizançylyk usulyny ulanýardy. Iňlisler burlaryň azyk önümlerini gysmak üçin obalary ýakyp, olardaky fermalary tozdurýardy, ilaty türmä basýardy. Şolarda bir bada 117 müň adam saklanyp uruşyň 14 aýynda 19,5 müňi ýogaldy.

1902-nji ýylyň Oguz aýynda Pretorinde ýaraşyk şertnamasy baglaşylýar. Şoňa laýyklykda Angliýa bu iki respublikany birikdirýär.

Baknalyk syýasaty Beýik Britaniýanyň syýasy durmuşynda möhüm orny tutýardy 19 asyryň ahyrynda Beýik Britaniýa, Müsür, Gündogar Sudan, Günorta Afrikadaky Transwal we Mämişi kenarýaka respublikasyny basyp aldy. (1899-1902-nji ýyldaky iňlis-bur urşy).

Ondan başga-da Beýik Britaniýa öz bakna mülkleriniň içinde akýagyz ilatyň agdyklyk edýän ýerlerine öz özüni dolandyrmak (dominion) hukugyny bermäge mejbur boldy. Şeýle hukugy Kanada (1867), Awstraliýa (1900), Täze Zellandiýa (1907), Günorta Afrikada bur respublikasy (1910) aldy.

Fransiýa 1870-71-nji ýylyň Frank-prus urşunda ýeňilenem bolsa, beýik döwletliligine galýardy. Bu ýurduň ykdysady mümkinçilikleri ýokarydy. Kuwwatly goşuny, Beýik Britaniýadan soň ikinji ýerde durýan deňiz floty bardy.

Bu döwürde senagat önümçiliginiň täze pudaklary himiýa we elektrotehnika hem ösýärdi. Angliýa dünýä söwdasynda esasy orun tutýardy.

Şeýle bolsa-da Angliýa öz bäsdeşlerinden yza galýardy, esasan hem dünýä senagat önümçiliginde onuň paýy ýylyň-ýylyna aşak gaçýardy. Mysal üçin : 1913-nji ýylda dünýäde öndürilýän poladyň umumy mukdarynyň 10,2% çoýunyň 13,2 Angliýada öndürilýärdi. (1870 ýylda 51,1% polat, 49,6% daş kömür, 1890 ýylda çoýun 28,7%, d.k. 35,8 %).

Beýle ýagdaýyň esasy sebäplerinden biri ol hem iňlis hökümetiniň bu döwürde ýurduň ykdysadyýetine üns bermän eýsem onuň baknalyk syýasatyna ünsüniň güýçlendirendigi boldy.

1914-nji ýylda I-nji Jahan urşunyň öňisyrasynda Britan imperiýasynyň çäkleri (özüniň degişli ýerleri) dünýäniň gury ýer giňişliginiň 1/5 bölegine, ilatynyň ¼ bölegine barabardy.

Şeýle hem öň belleýşimiz ýaly iňlis işewürleri öz watanynyň senagatyny ösdürmegiň deregine baknalyklara uly möçberde maýa goýumlaryny çykarmagy amatly hasap edýärdiler. Muňa seretmezden Angliýa özüniň baknalyk syýasatyny dowam etdirýärdi.

Ýurduň syýasy durmuşynda konserwatiw partiýa hökümetiň başynda durýardy.

Ol 1895-1906-njy ýyllar aralygynda birnäçe reformalar geçirdi. Mysal üçin : 1902-nji ýylda mekdep bilimi boýunça bu reforma boýunça ýöriteleşen mekdepler açyldy, şeýle hem buthana tarapyndan “meýletin” dini mekdepler döredildi.

Emma soňky döwürde hökümetde birnäçe agzalalyklar emele gelip, olar esasan hem söwda syýasaty bilen baglanşyklydy. Çemberlen we onuň topary erkin söwdadan el çekilmegini we imperiýa paçlarynyň (salgyt) girizilmegini talap etdiler, emma beýleki topar onuň bilen razylaşmady. 1906-njy ýylyň parlament saýlawynda liberallar ýeňiş gazandy we öz kabinetini düzdi. Ilki Kempbell-Benkermanyň Sos Gerbert Askwitiň premýer-ministr bolmagy liberallaryň Angliýanyň içeri syýasatynda birnäçe özgerişleri geçirmäge mümkinçilik döretdi. Mysal üçin : 1906-njy ýylda hökümet önümçilikde erbet waka zerarly şikes ýetenlere pul kömegini bermek kanunyny 1908-nji ýylda ýeriň aşagyndaky magdançylara sekiz sagatlyk iş güni barada kanun şeýle hem 70 ýaşdan geçenlere pensiýa bermek baradaky kanunlary kabul etdi. 1911-nji ýylda dürli kesellerden we işsizlikden ätiýaçlyk kanuny. (işçilere 44%-ni iş hakyndan, 33%-telekeçilerden, galany döwlet tarapyndan tölenmeli edilýärdi). Bu çäkleri amala aşyrmakda Dewid Loýd Jorjuň hyzmaty uly boldy. OL 1908-nji ýylda maliýe ministrligi wezipesine bellenýär. (Ol möhüm wezipe premýer-ministrinden soñ ikinji adam).

Beýik Britaniýanyň (leýborist partiýasy 1906-njy ýylda) işçi wekilleriniň komiteti döredilýär we ol leýboristik partiýa öwrülýär. Ol partiýanyň ilkinji maksady öz deputatlaryny parlamente geçirmekden ybaratdy. Ol partiýa hakykat ýüzünde öz hatarlarynda dürli guramalaryñ wekillerini, tred ýunionlaryny jemläpdi.

Şoňa çenli Loýd Jorj (1863-1945) 82 ýaşaýar 1906-1908-nji ýylda söwda ministri we senagat ministri 1908-nji ýyldan maliýe ministri.

1909-njy ýylda ol döwlet býudžetiniň 1%-ni garyplara kömek hökmünde berilmegini hem-de uly möçberli miraslara salynýan salgydy artdyrmak kanunlaryny geçirýär, hökümetiň makullanmagyny gazanýar. (lordlar palatasy).

XX asyryň başlarynda ýene-de Irlandiýa meselesi ýüze çykýar. Ol ýerde dörän “Şinn Feýn” (Biz özümiz) partiýasy syýasy garaşsyzlygy talap edýärdi.

Bu talaby Angliýanyň liberal hökümeti ünsden düşürmedi hem-de 1912-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda parlamentiň gün tertibine girizdi. Emma parlamentdäki (köneçil) deputatlar Irlandiýany bölmek-onuň düzüminden demirgazyk bölegini – Olsteri aýratyn milli döwlet birligi hökmünde ykrar etmegi öňe sürdüler. (Demokratik Irlandiýaň senagat taýdan ösen bölegi). Bu meseleleriñ gutarnykly çözülmegine I-Jahan urşunyň başlanmagy päsgel berdi.

Tred-ýunionlar-käri, hünäri boýunça birleşme (pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygy) XX asyryň başlarynda Angliýanyň halkara ýagdaýy erbetleşdi. Ilki bilen ol iňlis-german gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi esasynda, maksat taýdan dünýäni täzeden paýlaşmak.

Indi iki döwlet hem öz harby deňiz flotyny artdyryp başlaýar. Şeýle ýagdaýda iňlisler özüne ýaran (soýuzdaş) gözläp başlaýarlar. Ilki bilen ABŞ we Kanada bilen ýakynlaşyp başlaýar. Ondan başga-da Angliýa, Fransiýa we Russiýa bilen bolan ýiti gapma garşylygy sazlamaklygyň ugruna çykýar. 1904-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 4-inde ol Fransiýa bilen “ýürekden razylyk” ady bilen ylalaşyk baglaşýar. (Antanta ady bilen). 1907-nji ýylyň Alp-Arslan aýynyň 31-inde Angliýa Russiýa bilen gepleşmek barada ylalaşyk baglaşýar. Şol baglanşyga Orta gündogarda : Eýran täsir ediş bölümlere bölünip, Owganystan bolsa Angliýanyň doly täsirine geçýärdi.

Umuman, Beýik Britaniýa jahan urşuna güýçli taýýarlyk görüp başlady.

1904-1913-nji ýyllar aralygynda harby çykdaýjylar 3 esse artdy.

Ol urşuň gutulsyzdygyna iňlisler düşünýärdi. Şonuň üçin 1903-nji ýylda imperiýa goranma komiteti döredilip, ol peteriýa möçberinde strategik meýilnama işläp düzdi. Angliýa harby okruglara, harby bölümlere bölünip başlady, esasy üns deňizde boljak uruşa taýýarlyk görülýärdi. Şonuň üçin birnäçe harby duralgalar deňizde hem döredilipdi.

Ondan başga-da Angliýa uly möçberde gämileri (drednout- 18 müň tonna suwalýar).