Beýik Britaniýa 2-nji jahan urşundan soňky döwürde

Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp ensiklopedik makala däl

Mowzuk: Beýik Britaniýa 2-nji jahan urşundan soňky döwürde

M E Ý I L N A M A :

1. XX asyryň 40-njy ýyllarynda geçirilen çäreler.

2. Köneçileriň dolandyran döwründe iňlis ykdysadyýeti.

3. 50-60-njy ýyllarda Angliýanyň daşary syýasaty.

Beýik Britaniýa Ýewropanyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu ýurduň umumy meýdany 244,1 müň km2. Ilaty 59,9 mln adam (2002 ý.) Döwlet gurluşy-konstitusion monarhiýa. Ýurduň doly ady-Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen şalygy-düzümine Angliýa, Şotlandiýa, Uels, Demirgazyk Irlandiýa girýär.

Beýik Britaniýada konstitusiýa ýok, onuň deregine 2 palataly parlamentiň kabul edýän kanunçykaryjy kadalary esasy kanun hökmünde hereket edýär. parlament 2 palatadan lordlar (ýokary) we obşinalar (aşakky) ybarat. Döwlet başy-Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň şazadasy. Ýelizaweta – 2 (1962) tagtyň mirasdüşeri - şa Çarlz (şazadanyň ogly 1948 doglan).

Hakyky ýerine ýetiriji häkimiýet poremýer-ministre degişli, ol Ministrler Kabinetini düzýär.

Ikinji jahan urşy Beýik Brotaniýanyň syýasy we ykdysady ýagdaýyna güýçli zarba urdy. Angliýa uruşda 297,7 müň adamy ýitirdi we 278 müň adam ýaralandy. Ýurduň gyzyl pulunyň esasy bölegi we daşary ýurt maýa goýumlarynyň ¼ bölegi harby maksatlar üçin harç edilipdi.

Bu döwürde Angliýa özüne garaşly we ýarym garaşly ýurtlar bilen gatnaşygy üzüpdi, şol bir wagtda onuň ABŞ-a garaşlylygy güýçlenýärdi.

Uruşdan soňky ýyllarda Angliýanyň senagatynyň täze pudaklary: himiýa, elektrotehnika, maşyngurluşygy, awia we motor gurluşygy ösüp başlady. Bu döwürde ýurduň ykdysady ösüşinde britan monopol birleşmeleri öz täsirini güýçlendirip başlaýar, ýagny 50 sany iri hususy (monopol) birleşme esasy orunda barýardy.

Ýurduň syýasy durmuşynda bu döwürde leýboristik partiýanyň täsiri has güýçlendi, onuň 3 mln. gowurak agzasy bardy. Uruşdan soň Çerçiliň hökümeti parlament saýlawlaryny geçirmegi karar etdi. Bu meselede konserwatorlar Angliýanyň uruşda ýeňlenliginden peýdalanyp parlamentde öz orunlaryny pugtalandyrjak bolýardylar. Şol bir wagtyň özünde leýboristik partiýa saýlawlarda “sosialsitik” özgerdişleriň maksatnamasyny öňe sürdi. 1945-nji ýylyň Gorkut aýynyň 5-de geçirilen saýlawlar netijesinde obşinalar palatasyna leýboristler-393 adamy; konserwatorlar-189 adamy, liberallar – 12 adamy geçirdiler. Şeýlelikde K.Ettiniň ýolbaşçylygynda leýboristler hökümeti düzülip, olar ýurdy 1945-1951-nji ýyllar aralygynda dolandyrypdyrlar.

Leýboristik hökümetiň ilkinji ädimlerinden biri ol hem iňlis bankyny, kömür we gaz senagatyny, polat guýujy zawodlaryň birnäçesini içerki ulag toplumyny, elektrik stansiýalary, aragatnaşyk ulgamyny, raýat awiasiýasyny döwlete tabyn etmekden başlady. Bu pudaklarda ýurduň işleýän adamlarynyň 20% bardy.

Uruşdan soňky ýyllarda kapitalyň täzelenmegi, eksportyň artmagy netijesinde Angliýanyň senagat önümçiligi ösüp başlady. 1947-nji ýylda ol uruşa çenli derejesine ýetdi, eýýäm 1951-nji ýylda uruşdan öňki döwür bilen deňeşdireniňde 31% ýokarlandy.

Leýboristler birnäçe durmuş çärelerini hem amala aşyrdy, olar kärdeşler arkalaşytklarynyň hukuklaryny dikeldip, 1949-njy ýylda durmuş ätiýaçlygy, saglygy goraýyş kanunlaryny kabul etdi.

Özüniň daşary syýasatynda Ettliniň hökümeti, esasan hem U.Çerçiliň 1945-nji ýylyň 5-nji martynda Eultonda eden çykyşyny, ýagny “sowuk urşy” ýaýbaňladyrmak ýörelgesine eýerýärdi. Bu bolsa öz gezeginde Angliýanyň ABŞ-a garaşlylygyny, artdyrýardy, onuň daşary söwdada öz ornuny ABŞ bermäge, deňizlerde amerikan flotynyň agdylyk etmegine getirýärdi.

Leýboristlik hökümet britan baknalygy ulgamyny hem öňki ýagdaýda saklamaga çalyşýardy. Emma bakna ýurtlarynda ikinji jahan urşundan soň milleti azatlyk göreşiniň ýaýbaňlanmagy birnäçe garaşsyz döwletleriň emele gelmegine alyp geldi. Mysal üçin: Hindistan 1947-nji ýylda öz garaşsyzlygyny gazanyp, ýurt iki bölege: Hindistana we Päkistana bölündi. 1948-nji ýylda Seýlon, Birma döwletleri garaşsyz diýilip yglan edildi.

Umuman Angliýanyň Leýboristlik hökümeti 1945-1951-nji ýyllar aralygynda özüniň daşary syýasatynda ilki bilen baknalyklarda öz täsirini saklamaga çalyşýardy, ikinjiden ol özüne ýakyn bolan ABŞ-na söwdada, deňizde täsiriniň güýclenmegi üçin şert döredýärdi. Üçünjiden bu döwürde iňlis hökümeti dünýäde sosializme, kommustik herekete garşy aç-açan göreşmegi baş maksat edip goýdy. Iňlis hökümetiniň beýle ädimleri iňlisleriň aglaba bölegini özlerinden daşlaşdyryp başlady. Netijede 1951-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda nobatdaky parlament saýlawlary (parlamente) hökümete konserwatorlaryň gelmegini üpjün etdi. Konserwatorlar häkimiýet başynda jemi 13 ýyldan gowrak durdular. Olaryň ikinji çäreleri ykdysady kynçylyklardan çykmaga gönükdirilipdi. Şonuň üçin ýene-de polat ederiji senagaty, awtoulag toplumy kompaniýalar berildi we berk döwlet gözegçiligine geçirildi. Şol bir wagtyň özünde konserwatorlar saglygy goraýşa, bilime, jaý hurluşygyna, durmuş ätiýaçlygyna çykdaýjyny azaltdy.

Özüniň halkara gatnaşyklarynda konserwatorlar hökümeti ilki bilen halklaryň milli azatlyk hereketine garşy çykyş edýärdi. Beýik Britaniýanyň hökümeti 1962-nji ýylda arkalaşyk we baknalar boýunça ministrligi birleşdirdi.

1965-nji ýylda onuň garamagynda 21 ýurt (750 mln ilatly) bardy. angliýa şol ýurtlarda mysal üçin Kipr, Singapur, Gibraltar, Gonkong, Malta, Keniýa we ş.m. özüniň harby-deňiz, harby-howa güýçlerini ýerleşdiripdi. Iňlis baknalayklarynyň aglaba böleginde iňlis dolandyryjylary höküm sürýärdi. Bakna ýurtlarda çylşyrymly ýagdaý emele geläýse şol ýerlerde adatdan daşary düzgün girizilýärdi.

Umuman, konserwatiw hökümetiň geçiren çäreleri ilki bilen Angliýanyň, ABŞ, Fransiýa, GFR-sy ýaly döwletleriň alyp barýan daşary syýasatyna gabat gelýärdi, şol sebäpden hem ol iňlisleriň aglaba bölegi tarapyndan goldaw tapmady.

XX asyryň 60-njy ýyllarynda Angliýada ylmy-tehniki ösüş, ykdysadyýetde öňe gidişlikler iňlis jemgyýetiniň sosial düzüminiň üýtgemegine getiripdir. 60-njy ýyllaryň II ýarymynda özbaşdak ilatyň 90% den gowragy hakynatutma (kontrakt) zähmet bilen meşgullanýardy. Senagatda ýokary hünärli işçileriň, ylmy tehniki işgäleriň we gullukçylaryň udel agramy 1960-njy ýyllarda 22%-e ýetdi. (1935 ýylda 13%) Bu döwürde hyzmat ediş gullugynda, ýagny “akja ýakalylar”, umuman hakynatutma işgärleriň 35,9% düzýärdi. Şonuň ýaly hem bu döwürde senagatyň maşyn gurluşygy pudagynda işçileriň sany 3 essse artdy, emma şol bir wagtda dokma, kömür, demir ýol pudaklarynda olaryň sany azaldy. G.Makmillanyň konserwatiw hökümetiniň soňky ýyllarynda ýurtda ykdysady kynçylyklar artyp başlady.

Beýik Britaniýa 50-60-njy ýyllarda.

Leýboristleriň häkimiýet başyna geçmegi. Beýik Britaniýada iki partiýa (leýboristik we konserwatiw) ýurdy dolandyrýar. Ýurt parlament korollygydyr. Ýurduň koroly resmi döwlet ýlbaşçysysdyr. Emma iş ýüzünde parlament saýlawlarynda köplük gazanan partiýanyň öňbaşçysynyň ýolbaşçylygynda hökümet düzülip, ýurdy şol dolandyrýar. Hökümet ýolbaşçysyna premýer-ministr diýilýär. Premýer-ministr parlamente daýanyp ýurdy edara edýär.

Beýik Britaniýanyň uruşdan soňky döwürde halkara möçberinde täsiri gowşap başlady. Oňa degişli bakna halklar milli azat edijilik hereketine başladylar. Şeýle şertlerde 1945-nji ýylyň Gorkut aýynyň 26-da uruşdan soňky ilkinji parlament saýlawlar geçirildi. Ykdysady we durmuş özgertmeleriniň geçirmegi söz bilen leýboristik partiýa saýlawlarda ýeňiş gazandy. Ol partiýanyň ýolbaşçysy Klimwnt Ettiliniň baştutanlygynda hökümet düzuldi. Leýboristleriň hökümeti Beýik Britaniýany 1951-nji ýyla çenli dolandyrdy.

Leýboristik hökümet döwlet eýeçiligindäki özüni ödemeýän pudaklary millileşdirmäge girişdi. Kömür, gaz senagaty, energetika degişli käbir pudaklar, demir ýollary, derýa, ýük awtoulaglary transporty we iňlis banky millileşdirdi. Dogrusy, döwletiň şeýle syýastyna ol pudaklaryň hususy eýeleri känbir garşy bolubam durmadylar. Çünki ol pudaklar, birinjidenä öňki girdejilerini ýitiripdiler. Ikinjidenem, döwlet olary ýeterlik derejede gymmat bahadan satyn alýardy. Gelyberse-de, kärhanalary köplenç öňki eýeleri döwletiň adyndan dolandyrýardylar. Näme-de bolsa, ykdysadyýetde döwlet eýeçiligi ösdürildi.

Ettliniň hökümeti ilatyň durmuş üpjünçiligine degişli çäreleriň toplumyny durmuşa geçirdi. Durmuş ätiýaçlygy, işsizlere ujypsyz-da bolsa, töleg girizildi, haky ýokarlandyryldy. Ýaşy bir çene baranlara pensiýa bellendi. Saglygy goraýyş we bilim ulgamy üçin çykdajylary döwlet öz üstüne aldy. Dermanlar mugt edildi. Elbetde, bu çäreler halkyň ýaşaýyş durmuşna birbada oňaýly täsir etdi. Emma ikinji tarapdan ýurtda maliýe ýetrmezçiligini döretdi. Ykdysady ösüşiň depgininiň gowşamagyna getirdi. Hökümet salgytlarynyň möçberini artdyrmaga mejbur boldy. Şeýlelikde ilat özleri üçin girizilen durmuş ýeňilliklerine derek artdyrylan salgyt tölemeli boldy.

Ettliniň hökümeti daşary syýastynda ABŞ bilen ýakynlaşyp, ýurdy “sowuk urşuň” pidalarynyň birine öwrüldi. Ikinji jahan urşundanam soň dünýäde demokratik hereketleriň ýaýbanlanýan şertlerinde Britan imperiýasy çagşady. Beýik Britaniýa özüniň baş baknasy-Hindistany, şonuň ýaly-da Seýlony, Palestinany, Iordaniýany elden gidirdi.

Ettliniň hökümetiniň ýarymçyl häsiýetli özgermeleri 50-nji ýylyň parlament saýlawlarynda leýboristlere doly ýeňiş getirmedi. Parlamentde konserwatorlaryň wekilleri-de tas leýboristlerçe orun gazanypdy. Şonuň üçin 1951-nji ýylda nobatdan daşary täze parlament saýlawlary geçirildi.

Konserwatorlaryň häkimiýete gelmegi. 1951-nji ýylyň parlament saýlawlarynda koserwatorlar ýeňiş gazandylar. Ýurduň premýer-ministri ýene-de U.Çerçil boldy. Konserwatorlaryň hökümeti leýboristleriň geçiren durmuş özgertmeleriniň üýtgetmediler. Diňe bir ulag we käbir beýleki kärhanalarty diýmeseň, millileşdirilen pudaklary yzyna-hususyýetçilere satjak hem bolmadylar.

1952-nji ýylda iňlis koroly Georg VI aradan çykdy. Korollyk täjini onuň gyzy Ýelizaweta II geýdi. 1952-nji ýýlda Beýik Britaniýa ABŞ-yň kömegi bilen ýadro ýaragyny edindi.

1955-nji ýylda 81 ýaşly U.Çerçill premýer-ministrlikden boşandan soňra, oruntutary Antoni Iden ol wezipäni uzak eýelemedi. 1956-njy ýylda Ideniň hökümeti Fransiýa we Ysraýyl bilen bilelikde Müsüriň millileşdirilen Sues kanalyny yzyna almaga synanyşyp, oňa urşa başlady. Emma uruş netijesiz gutardy. Bu şowsuz daşary syýasaty üçin Iden wezipesini tabşyrmaly bolupdy. Umuman 1951-1964-nji ýyllarda ýurdy dolandyran konserwatorlar birnäçe gezek permýer-ministri çalyşmaly boldular. Idenden soňra 1957-19763-nji ýyllarda G.Makmillan, 1964-nji ýylyň Garaşscyzlyk aýyna çenli Duiglas Hýum hökümete ýolbaşçylyk etdiler.

Konserwatorlaryň 13 ýyllyk ýurdy edara eden döwri Beýik Britaniýa öňküsi ýaly ABŞ bilen ýakynlaşmagyny dowam etdirdi. Daşary syýasatda “sowuk urşuň” işjeň agzasy bolmagynda galdy.

Beýik Britaniýanyň ykdysady ösüşu Gunbatar ýurtlarynyň öňdebaryjylaryndan pesdi. Uruşdan soňra Beýik Britaniýadaky ykdysady kuwwaty boýunça GFR-den, Ýaponiýadan, Fransiýadan yza galdy. Beýik Britaniýaňyza galmagynyň nähili sebäpleri barka? Iňlis ykdysadyýeti nähili “kesel” bilen “keslledikä”? Ine, şu soraglar Beýik Britaniýada çekeleşikli jedellere sebäp boldy.

Beýik Britaniýanyň yza galmagynyň sebäplerini ýurduň geçmiş taryhyndan agtarmalydy. Beýik Britaniýa döwründe öz hususy territoriýasyndan 48 esse uly meýdanly birnäçe halklary bakna öwürip, olaryň bazarlarynda hojaýyndy. Iňlis harydynyň hili pes bolsa-da, bu ýerlerde oňa bäsdeş ýokdy. Şonuň üçin iňlis senagaty önümleriniň hilini kämilleşirjegem bolmandy. Bakna halklar Beýik Britaniýany çig mal we azyk önümleri bilen-de üpjün edýärdi. Haçanda halklar özbaşdaklygyny gazananlaryndan soňra, öküsi ýaly çig mallaryny arzan bermeýärdiler. Beýik Britaniýanyň pes hilli senagat önümlerini-de öňki ýaly satyn almaga isleg ýokdy. Ine, şu ýagdaý Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetiniň pese gaçmagynyň baş sebäbidi.

Beýik Britaniýanyň döwlet ýolbaşçylarynyň ýurdy Ýewropadaky özgerişlerden çetleşdirip, ABŞ bilen ýakynlaşmak syýasaty-da ýurduň goňşulary bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygyny erbetleşdirdi. Haçan-da Ýewropa ýurtlary ýakynlaşyp, 1957-nji ýylda Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlygyna (ÝÝH) birleşen wagty, Beýik Britaniýa oňa-da girmedi. ÝÝH-nyň ähmiýetine düşünip, oňa agza bolmaga isleg bildiren wagty bolsa, Fransiýanyň prezidenti Beýik Britaniýanyň ABŞ bilen çäksiz ýakyndygy üçin, onuň kabul edilmegine garşy boldy. Diňe 1973-nji ýylda beýleki ösen Ýewropa döwletlerinden ep-esli yza galan Beýik Britaniýa ÝÝH-yň agzalygyna kabul edildi. Şeýlelikde, Ýewropadan çetleşmek syýasaty Beýik Britanyýaňyza galmagyna getiren sebäpleriň biridir.

G.Wilsonyň hökümetiniň alyp baran işi. Beýik Britaniýada 1964-nji ýylyň parlament saýlawlarynyň netijesinde leýboristleriň ýolbaşçysy Gorald Wilsonyň ýolbaşçylygynda hökümet düzüldi. Bu hökümet mümkin bolan ähli ugurlarda puly we çykdajylary tygşytlamak esasynda ykdysadyýeti ösdürmäge synanyşdy. Wilsonyň hökümeti zähmet haklaryny we bahalary ösdürmezlige çalyşdy.

Wilson ýurduň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ykdysadyýeti ösdürmekde giň ulanmaga synandy. 1965-nji ýylda “milli ykdysadyýeti ösdürmegiň bäş ýyllyk meýilnamasy” kabul edildi. Iş taşlaýyşlary gadagan edýän kanunyň taslamasy welin, parlamentde kabul edilmedi.

Wilsonyň hökümeti ykdysadyýete döwletiň gatyşmagyny güýçlendirmegiň netijesinde ýurdy ösdürmek isledi. Emma Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetini beýle ýüzleý çäreler bilen ösdürmek başartmady. Beýik Britaniýa “keselli” ykdysadyýeti bilen 70-nji ýyllara gadam goýdy.

Olster dartgynlygy. Irlandiýanyň esasy bölegi garaşsyzlyk alsa-da, demirgazyk Irlandiýanyň 6 sany graflygy Beýik Britaniýanyň düzüminde galypdy. Demirgazyk Irlandiýada (Olsterde) iňlis protestantlaryň köplügine seretmezden, ilatyň azlygyny düzýän irland-katolikler deňhukuklyk ugrunda göreşýärdi. Bu göreş 60-njy ýyllaryň ahyrlaryndan başlap, dini garma-garşylyk häsiýetine ösüp geçdi. Iňlis hökümeti 1968-nji ýyldaky oňşuksyzlary hasaba alyp, 1969-njy ýylda Olstere goşun girizdi. Katolikleriň hem gizlin Irland respublikaçy goşuny (IRG) bardy. IRG iňlislere garşy ýaragly göreşe başlady. Bu göreşde olary Irlandiýa respublikasy-da gizlin goldady. Irlandiýaly katolikler ýerli iňlis dolandyryjylaryny ýok etmeklige başladylar. Protestant iňlis bolsa, katolikleri Olsterden güýç bilen kowup çykarmagyň tarapdarydy. Olster dartgynlygynyň graždanlyk urşuna ösüp geçmek howpy döredi.

Olsterdäki ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin iňlis hökümeti Demirgazyk Irlandiýanyň (özbaşdak) dolandyrylyşyny ýok edip, Olsteri gönüden-göni Londona – merkeze tabyn etdi. Emma Demirgazyk Irlandiýa meselesini doly çözmek Beýik Britaniýanyň hökümetine tä XX asyryň ahyryna çenli başartmady.

Imperiýadan bilelikdäki dostluga geçilmegi. Baknalyk düzgüniniň dünýä möçberinde synýan mahaly, Britan imperiýasyny öňküsi ýaly saklamak mümkin däldi. Beýik Britaniýa bakna ýurtlarda saklanýan goşunlaryň harajatlary-da indi agyr düşýärdi. Imperiýa taryhyň beren möwriti gutarypdy.

Britan imperiýasynyň dargamagy dowam edýärdi. Sudan, Malaýýa, Gana, Kipr, Nigeriýa we beýlekiler özbaşdaklyk aldylar. Iňlis hökümeti öň Britan imperiýasyna bakna bolan, soňra garaşsyzlygyny gazanan ýurtlaryň ählisini diýen ýaly, Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylygynda döredilen Bilelikdäki Dostlugyň düzüminde saklamagy başartdy. Bilelikdäki dostlaşygyň ýurtlary iş ýüzünde garaşsyz bolsalar-da, iňlis patyşasyny döwlet ýolbaşçysy hökmünde ykrar etdiler. Şeýlelikde, imperiýadan Bilelikdäki dostlaşyga geçildi. Bu bolsa, ol ýurtlarda belli bir derejede iňlis täsirini saklamaga mümkinçilik berdi.