Beýik Mogollar imperiýasy
Beýik Mogollar imperiýasy -
1. Beýik Mogollar imperiýasynyň döremegi.
2. Beýik Mogollar döwletiniň syýasy gurluşy.
3. Döwletiň ilkinji hökümdarlary.
4. Baýram han Türkmen Imperiýanyň kartasy
Babyr Imperiýanyň ilkinji patyşasy
Zahyreddin Muhammet Babyr Merkezi Aziýada özbekler bilen bolan şowsuz söweşlerden soňra ilki Kabulda ornaşýar. 1526-njy ýylda ol Hindistana aralaşýar. Şol ýyl Deli soltanlygynyň Lodiler neberesinden bolan soňky patyşasy Ybraýym Lodiniň goşunlary bilen Panipat düzlüginde bolan söweşde Babyr üstün çykýar. Ýogsam, bu söweşde Ybraýymyň 100 müň, Babyryň bolsa 12 müň goşuny bardy. Şu söweşden soňra Babyr Hindistanda täze döwlet döretdi. Bu döwlet taryha Beýik Mogollar imperiýasy ady bilen girdi.
BABYR (241) – Hindistanyň esasy bölegini, Päkistany, Owganystanyň bir bölegini birleşdiren Beýik Mogollar imperiýasyny esaslandyryjy (hökümdarlyk ýyllary 1526-1530). Babyr 1483-nji ýylyň Baýdak aýynyň 14-ünde Omar Mürze Şeýhiñ maşgalasynda dogulýar. Onuň hakyky ady Zahyreddin Muhammet bolupdyr. Omar Mürze Şeýh Teýmiriler döwletiniñ Ferganadaky ýerli hökümdary bolupdyr. Babyryñ kakasy 1494-nji ýylda ýogalypdyr. Kakasynyñ eýeçilikleri Babyra miras düşüp, ol 11 ýaşynda Fergana welaýatynyñ hökümdary bolýar. Onuñ şahsyýet hökmünde aýratyn tiz kemala gelşine haýran galaýmaly. Eýýäm, 1497-nji ýylda 15 ýasynda wagty ol Samarkandy basyp alýar.
XYI asyryñ başlaryndan başlap Şeýbany hanyñ ýolbaşçylygynda özbekler güýçlenýärler. Babyr häkimiýet ugrundaky göreşde özbeklerden ýeňlip, 1504-nji ýylda Owganystanyñ Kabul şäheriniñ töwereklerine gaçyp barýar. Soñra onuñ öz ýatlamalarynda ýazyşy ýaly, küştüñ şasy kimin, bir ýerde durmaýar. Babyr ýaşlykdan diñe ýeñşe, şöhrata öwrenişen adam bolandygy üçin bolsa gerek, hiç soñky ýeñlişi bilen ylalaşasy gelmeýär.Her zat edip Şeýbany handan ar alasy gelýär. Kabulda güýç toplaýär, özüne ýaran agtarýar. Sefewi türkmenleriniñ ilkinji hökümdary şa Ysmaýyl bilen gepleşikler geçirýär, ylalaşyk baglaşýar. Ylalaşyk boýunça şa Ysmaýyl Babyra Samarkandy täzeden eýelemäge ýardam bermelidi, Babyr welin tagta geçenden soñra ýurduny Sefewileriñ adyndan dolandyrmalydy. 1511-1512-nji ýyllarda Babyr Samarkanda garşy ýöriş guraýar. Samarkandyñ hökümdarlary Babyryñ goşun sürüp, dabara bilen gelýändigini eşidip, şaherden çykyp gaçýarlar. 1512 nji ýylda Babyr Samarkantda şa Ysmaýylyñ adyndan ýurdy dolandyryp başlaýar. Özbekler Ubeýdulla hanyñ we Muhemmet Teýmur soltanyñ baştutanlygynda birleşip, Babyry Samarkantdan kowup çykarmagy başarýarlar. Babyr ýene-de Kabul töwereklerinde ornaşýar. Güýç toplap, Mawerennahrda häkimiýeti gaýtaryp almak niýeti bilen Hindistana ýöriş guraýar. Babyr 1526-njy ýylda Deli soltanynyñ goşunlaryny Panipat düzlüginde derbi-dagyn edip, Delini, soñra Agrany basyp alýar. Bihara çenli ýerleri öz içine alýan uly döwleti esaslandyrýar. Onuň döreden döwleti taryhda Beýik Mogollar imperiýasy ady bilen mälimdir. Babyr gelip çykyşy boýunça ata tarapy barlaslardan ene tarapy mongollardan bolandygy sebäpli onuň döreden imperiýasyna Mogollar imperiýasy diýlipdir.
Babyr ylmyň, sungatyň, medeniýetiň ösmegine aýratyn üns beren hökümdardyr. Onuň özi hem şahyr bolupdyr. Ol «Babyrnama» atly üç bölümden ybarat bolan ýatlamalar kitabyny ýazýar. Bu kitap onuň maşgala durmuşyna, ýörişlerine, döwürdeşlerine, egindeşlerine, gören ülkeleriniň halklarynyñ däp-dessyrlaryna, sungatyna, tebigatyna, bagyşlanylyp, taryhy çeşme hökmünde aýratyn ähmiýetlidir. Babyryň däbine eýerilip, onuñ nebereleri tarapyndan «Humaýunnama», «Ekbernama» ýazylypdy. 1526-1529-njy ýyllaryñ dowamynda Hindistanda ýerli hökümdarlaryñ esasylarynyñ garşylygyny basyp ýatyryp, ömrüni söweşlerde geçiren, ajaýyp serkerde, şahandaz şahyr Babyr 1530-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 26-synda aradan çykýar.
Babyr Hindistanda uly döwletiň düýbüni tutsa-da, ýaşaýşyň ähli hözirlerini görüp ýaşasa-da, ol özüni bu ýurtda mydama gelmişek hasaplapdy. Ata watanyny ýatladýan edim-gylymlary, geýim-gejimleri, duz-tagamlary hemişe özüne ýaran edinipdir. Babyr nesilleriniň ýat ýurtda öz aslyny bilmekleri üçin «Babyrnama» atly ajaýyp ýatlama kitabyny ýazyp galdyrypdyr. Watanyny ýatladýandygy üçin hoşboý ysly reýhan güliüni Babyr özüniň iň ýakyn tebygy hemrasyna öwrüpdir.
Babyr Hindistany eýelemek baradaky arzuwyna ýetse-de, bu jennet mekanyň hözirini görmek oňa uzak nesip etmedi. Ol 1530-njy ýylda 47 ýaşynda ýogaldy. Ony ilki Agrada jaýlasalar-da, soňra onuň gubury Kabula göçürilip getirildi. Onuň Kabuldaky aramgähiniň üstünde reýhan güli oturdyldy.
Babyr entek ýogalmanka, özüniň mirasdüşeri diýip, ogly Humaэuny yglan edipdi. Emma, Humaýunda kakasynyňky ýaly batyrlyk-da, dilewarlyk-da, zehinlilik-de ýokdy. Hatda hökümdarlyk bagty hem oňa gezek gelende gülüp bakmandy. Oňa diňe bir raýatlary däl, hatda doganlary hem başarsa boýun egmejekdendi. Onuň hökümdarlyk başarnygy pesdi. Şonuň üçin oňa garşy Biharyň, Bengaliýanyň, Demirgazyk Agranyň ýerli hökümdarlary Şer Han Suruň ýolbaşçylygynda aýaga galdylar. Şer Han Humaýun bilen bolan iki söweşde üstün çykyp, ony Deliden çykaryp kowdy. Ol Şer Şa ady bilen ýurdy dolandyryp başlady1. Şeýlelikde, Humaýun 1540-1555-nji ýyllarda 15 ýyllap Hindistany dolandyrmakdan mahrum bolupdy.
Owganystanda goşun toplap, Humaýun 1555-nji ýylda Delini täzeden eýelemegi başardy. Bu söweşe Baýram han Türkmen ýolbaşçylyk edipdi. Humaýun Delini gaýtadan eýeländen soň uzak ýaşaman, ogly Ekberi mirasdüşeri diýip yglan edip, 1556-njy ýylyň ýanwarynda dünýäden ötdi.
Ekber 1542-nji ýylda Humaýun gaçgaklykda gezip ýören wagty doglupdy. Humaýun Baýram han Türkmeniň edermenligine we danalygyna göz ýetirip, ony ogly Ekbere terbiýeçi-atalyk edip belläpdi. Baýram han Türkmen Ekbere hem harby tälim, hem ylym-bilim beren mugallymydyr.
Ekber tagta geçen wagty ol 14 ýaşyndaky ýetginjekdi. Ol kämilik ýaşyna ýetýänçä Mogollar döwletini Baýram han Türkmen dolandyrdy. Köplenç hökümdarlar barada köp ýazylyp, olaryň meşhurlygynda az hyzmatlar bitirmedik ýakyn kömekçileri barada köplenç unudylýar. Ýöne taryh Baýram han Türkmen babatda welin dymmandy. Hindistandaky Beýik Mogollar imperiýasy hakynda bolsa Baýram han Türkmensiz gürrüň etmek asla mümkin däl. Şol sebäpli bu şahsyýet hakynda birneme giňräk durmagy zerur hasaplaýarys. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy paýhasy bilen Garaşsyzlyk alanymyzdan soňra Baýram han Türkmen täzeden tirsegine galdyryldy. Baýram han Türkmeniň 2000-nji ýylda bellenilen 500 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Hindistanda we Türkmenistanda iki halkyň taryhy buýsanjyna öwrülen Baýram han Türkmeniň syýasy we edebi mirasy babatda abyrsyz täze ylmy işler ýazyldy.
Baýram han Türkmen 1497-nji ýylda (käbir maglumatlar boýunça 1507-nji ýylda) Badahşanda Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inýär. On alty ýaşyndan başlap ol Mogol patyşalaryna gulluk edip başlaýar.
Baýram han tizlikde özüniň batyrlygy, ökde serkerdelik ukyby, şahandaz şahyrlygy we mertligi bilen Humaýunyň iň ýakyn dostuna öwrüldi. Baýram han Türkmen gelip çykyşy boýunça garagoýunly taýpasynyň baharly kabylasyndandy. Onda-da hökümdarlar neslindendi. Onuň ata-babalary-da bidöwlet adamlar däldi. Kakasy Seýfaly beg-de, atasy Ýaraly beg-de, onuň atasy Allaşükür beg-de Garagoýunly türkmen döwletiniň (1410-1468 ýý.) hökümet gullugynda bolup, köşklerde hyzmat edipdirler. Dürli ýörişlere gatnaşyp, batyrlyk görkezipdirler. „Öň akan ýerden akarmyş aryk“ diýlişi ýaly, asylzada gelip çykyşly Baýram han edep-ekramy, bilim-terbiýäni hökümdarlaryň hyzmatynda bolar ýaly derejede görüpdi. Baýram han ergeneksiz eklenip, terbiýesiz saklanan kişilerden däldi.
Baýram han Türkmen barada ýazanlaryň ählisi onuň durmuşynyň bir pursady barada ýatlaýarlar. Biz hem köplere mälim bolan şol pursadyň deňinden sowlup geçmezligi zerur hasapladyk. Bir gezek Humaýun Knuj söweşinde owganly Şir Şadan ýeňilýär we goşuny dargaýar. Her kim öz başyny çarasa kaýyl bolýar. Şonda Baýram han Şir Şa garşy täzeden goşun toplamak üçin Laknur obasyna barýar. Bu habary eşiden Şir Şa Baýram hany tutmagy we öldürmegi buýurýar. Tutulanlaryň arasynda bolan Gwalýaryň häkimi Abulkasym we Baýram han daş keşbi boýunça biri-birine gaty meňzeş eken. Şir Şanyň jellatlary ol ikisiniň haýsysynyň Baýram handygyny bilmän suran wagtynda Baýram hanyň özi „Men Baýram han!“ diýip, öňe çykypdyr.
Baýramyň ölümi mertlerçe boýun almagy onuň batyrlygyna öňdenem belet bolan Abulkasymy haýran galdyrypdyr. Ol beýle adamyň duşman jellatlarynyň eline elin berilmegini islemändir hem-de merdemsilik bilen: „Men Baýram han, bu meniň nökerim, ol maňa janpidalyk etmek üçin özüni Baýram han diýip tanatjak bolýar. Goýberiň, meniň nökerim gitsin, meni öldüriň“ diýýär. Şeýlelikde Abylkasym özüni Baýram hanyň ýerine gurban edip, ony bolsa ölümden halas edýär.
Mogol döwletiniň ikinji gezek Delide gaýtadan dikeldilmeginde beýik türkmen serkerdesi sözüň doly manysynda birinji derejeli rol oýnaýar. Humaýun ýogalandan soňra 1556-1560-njy ýyllarda Mogollar döwletini Ekberiň adyndan dolandyrýar. 1557-nji ýylda Baýram han Türkmen Babyryň agtygy Selime soltan begime öýlenip, hökümdar neberesi bilen garyndaşlyk açýar. Ýeri gelende ýatlasak, bu maşgala deň etmän, duş etmez diýenlerindendi. Selime soltanam şahyrady. Munşi Debi Praşadyň belleşi ýaly, bu aýal gaty akylly we zehinlidi. Ol öz şygyrlarynda gizlin lakam hem ulanýardy. Onuň şygyrlaryndan ýekeje mysal:
Ýöne ýere «käkiliň janym tary» diýmedim,
Wah, meslikden dilimden sypdyranmy duýmadym.
Baýram han Türkmen döwleti dolandyran ýyllarynda owganlaryň we ýerli hökümdarlaryň garşylygyny basyp ýatyrmakda, döwletiň binýadyny berkitmekde köp işleri etdi. Ol döwlet işleriniň gapdalyndan şahandazlygy we şahyrlygy hem ýadyndan çykarmady. Baýram hanyň türkmen we parsy dillerinde ýazan goşgulary aýratyn kitap bolup çykdy.
Baýram hanyň hökümdarlygy onuň duşmanlaryna ýaramaýardy. Göripler ony dürli ýollar bilen häkimiýetden çetleşdirmäge synanyşdylar. Ahyrsoňunda Ekber bilen Baýramyň arasyna tow düşürmek olara başartdy. 18 ýaşyna ýeten Ekbere Baýramyň elinden hökümdarlygy wagtynda almaklygy maslahat berdiler. Hanbabasynyň (Ekber Baýram hana şeýle ýüzlenýän eken) özüniň hökümdarlykdan çetleşmek islemeýändigi baradaky toslamalara ahyrsoňy Ekber ynandy. 1560-njy ýylda ony Mekgä zyýarata ugratdy. Baýram han haja barýarka 1561-nji ýylda Mübärek han atly bir owgan tarapyndan duýdansyzlykda öldürilýär.
1560-1562-nji ýyllar Hindistanyň taryhyna samsyklaç dolandyrylan ýyllar hökmünde girdi. Çünki, Baýram handan dynan Ekber ne-hä ýurdy ýaşlyk edip, özi dolandyryp bildi, ne-de onuň Baýramyň öwezini tutjak ýakyn maslahatçysy bardy. Ýöne, Ekber basym bu böwşeňligi doldurmagy başardy. Ekber 1605-nji ýyla çenli patyşalyk etdi.
Ekber birnäçe täze özgerdişleri durmuşa geçirdi. Döwleti dolandyrmakda, salgyt ulgamynda täzelikleri girizdi. Ýurduň ähli ýerinde bir bütewi wagt hasabyny, birmeňzeş ölçeg birliklerini girizdi. Kakasyndan gowşan, kiçeňräk döwleti miras alsa-da, ony güýçli merkezleşdirilen döwlet derejesine ýetirdi. Bengaliýany, Gujaraty, Merkezi Hindistany we «Ýeriň jenneti» atlandyrylýan Kaşmiri eýeläp, Mogollar imperiýasynyň çägini birnäçe esse giňeltdi. Ekber «Hökümdar mydama basybalyjylykly ýörişleri gurmaga ymtylmalydyr. Eger şeýle etmese goňşulary oňa garşy ýarag götererler» diýmegi halar eken5.
Ekber ýerli halk bilen oňuşmazdan güýçli döwlet gurup bolmajakdygyna düşünipdi. Çünki şol wagtky onuň dolandyran döwletiniň raýatlarynyň umumy sany 100 mln çemesi bolup, şonuň dörtden üç bölegi induslar, galany bolsa musulmanlardy. Ekber yslam dinini döwlet dini diýip jar etse-de, din meselesinde zorluk etmedi. Dine uýmakda ähli raýatlaryna erkinlik berdi. Ekber hatda induslar bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny-da açdy. Öz töwereginde milletine garamazdan, dana kişileri toplady. Mysal üçin, Todar Mal induslygyna seretmezden, köşge çekildi. Şahyrlar bilen şüweleňler gurady. Indus Birbal köşkdäki musulman şähyrlary bilen deň hatarda hormatlanypdyr6. Ekberiň öz döwletindäki ähli raýatlaryny milletine garamazdan deň görýärdi. Jawaharlal Neru Ekbere şeýle baha berýär: «ol esger hökmünde Hindistanyň giň territoriýalaryny tabyn etdi. Emma onuň baş arzuwy adamlaryň ýüreklerinde orun tutup, Hindistany has düýpli eýelemeklikdi. Ekber hindileriň bütewi Hindistan hakyndaky gadymy arzuwlaryny durmuşa geçiriji boldy»7.
Ekberiň döwründe Beýik Mogollar imperiýasy harby taýdan-da, ykdysady, medeni we ylym taýdan-da gülläp ösdi. Bu imperiýa Aziýadaky iň uly döwletleriň - Hytaýdaky Sin imperiýasynyň, Türkmen-Osmanly imperiýasynyň, Eýrandaky Sefewiler döwleti ýaly kuwwatly döwlete öwrüldi. Beýik Mogollar imperiýasy Demirgazyk we Merkezi Hindistany, häzirki Päkistany, Bangladeşi, Owganystany özüne birleşdirýän ägirt uly döwletdi.
1605-1627-nji ýyllarda Ekberiň ogly Jahangir döwletiň patyşasy boldy. Ol kakasynyň alyp baran basybalyjylykly uruşlaryny dowam etdirdi. Dekana, Penjaba, Bengaliýa, Ahmednagara garşy ýörişler gurady. Käýerlerde ýeňdi, käsinde bolsa ýeňildi. 1627-1658-nji ýyllarda Jah Jahan Mogollaryň başynda boldy. Ol Hindistany birleşdirmek işini doly tamamlady. Jah Jahanyň ogly Aurangzeb (1658-1707 ýý. hökümdarlyk ýyllary) Mogollar neberesiniň arasynda iň bir rehimsiz we ganhor hökümdar hökmünde halkyň ýadynda galdy. Ol öüniň 49 ýyllyk hökümdarlyk döwrüniň ýarysyna golaýyny, has takygy 20 ýylyny Hindistanyň yslamdan başga dine uýýan ilatyna garşy göreşe bagş etdi. Rehimsiz Aurangzeb kakasyny-da sylamady. Ol Şah Jahany tagtdan mahrum etmek bilen çäklenmän, goja kakasyny zyndana taşlatdy. Görgüli Şah Jahan gyzyna getirden aýnasyndan öz gurduran Täçmahalyna seredip, näýynjar halda ömrüni tamamlady.
Beýik Mogollar Hindistanda ylmyň, medeniýetiň, binaçylygyň ösmegine ýardam etdiler. Olar Merkezi Aziýa bilen Hindistanyň medeniýetini birleşdirijiler bolupdylar. Mogollar Delide, Jaýpurda obserwatoriýalary gurup, astronomiýa ylmynyň ösmegine ýardam berdiler. XVII asyrda bina edilen Täçmahal aramgähi özüniň aýratyn ajaýyplygy bilen „daşdan dörän poema“ adyny alypdy. Häzir hem dünýäni aňk edýän bu ýadygärligi Şah Jahan öz söýgüli aýalyna bagyşlap gurdurypdy. Şah Jahan öz aýalyny diýseň gowy görüpdir. Ony hiç wagt ýanyndan goýmandyr. Hatda söweşlere gitse-de, ony ýany bilen alyp gidipdir. Şeýle söweşleriň biri mahalynda Şah Janahyň aýaly Mumtaz Mahal çaga üstünden ýogalypdyr. Ýogalmazynyň öňüsyrasynda Şah Jahan aýalaynyň iň soňky wesýetini sorapdyr. Şonda Mumtaz: „Men ölerin, sen meniň üstümden meni dünýä ýadyndan çykarmaz ýaly ýadygärlik gurdur!“ diýipdir.
Şah Jahan Jamna derýasynyň bir kenarynda aýalynyň wesýetini ýerine ýetirip, müňlerçe gullaryň işledilmeginde birnäçe ýyllap dünýäniň iň ökde ussalaryna Agra şäherinde ak mermerden ajaýyp Täçmahal aramgähini gurdurdy. Derýanyň beýleki kenarynda özi üçin Täçmahal ýogalandan soňra gününiň garadygyny alamatlandyrýan gara reňkdäki aramgähiň düýbüni tutdurdy. Bu ikisini baglanyşdyrmagy göz öňüne tutupdy. Ogly tarapyndan tagtdan agdarylan Şah Jahan özi üçin gurulmaly aramgähi tamamlap bilmedi. Aurangzeb bolsa bu işi dowam etdirmedi. Tersine, Aurangzeb induslaryň, özi sünni bolandygy üçin şaýy musulmanlarynyň gurduran dini ymaratlaryny ýykdyrmak bilen meşgullandy. Aurangzeb 1707-nji ýylda aradan çykdy. Ol aradan çykandan soňra Beýik Mogollar imperiýasy iş ýüzünde dargady. Halk Aurangzebiň nesilleri Bahadur şa (1707-1712 ýý.), Jahandar şa (1712-1713 ýý.) we beýleki neberelerini-de goldamady.
XVII asyryň ikinji ýarymyndan başlap Mogollar döwletiniň gowşamagy has-da gýjäpdi. Mogol patyşalarynyň alyp barýan syýasatlary käbir halk çykyşlaryna getirdi. Jatlar, sikhler, marathlar gozgalaňa baş göterdiler. Şularyň arasynda marathlaryň gozgalaňy aýratyn güýçli boldy. Marathlar Hindistanyň günbatarsyndaky Maharaştra welaýatynda (merkezi Bombeý şaheri) ýaşaýardy. XVII asyryň 50-nji ýyllarynda Bhonsle Şiwajiniň (1627-1680 ýý.) ýolbaşçylygynda marathlar mogollara garşy gozgalaňa başladylar. Şiwaji 1674-nji ýylda Maharaştranyň Beýik Mogollar döwletinden bölünip aýrylýandygyny jar edip, resmi ýagdaýda şa täjini başyna geýdi. Marathlar beýleki hindi ýerlerine hem özbaşdaklyk ugrundaky göreşine görelde boldular. Hindistanda Mogollar döwletiniň dargamaklyk döwri başlandy.
XVIII asyrda hem döwletiň dargamagy dowam etdi. 1739-njy ýylda Eýran şasy Nedir şa Delä ýöriş gurady. Nediriň maksady Hindistany basyp almak däldi. Oňa bu ýurduň baýlygy-hazynasy gerekdi. Şol sebäpli Beýik Mogolyň goşunyny ýeňip, hazynasyny alsa-da, territoriýasyndan Hind derýasynyň boýundaky azajyk böleginden galanyna el gatmandyr. 1747-nji ýylda Nedir şa öldürilenden soňra onuň iň ýakyn serkerdeleriniň biri Ahmet şa abdaly özbaşdak Owganystan döwletini döretdi. Nediriň Delä ýörişi döwründe Mogollar imperiýasynyň gowşakdygyny öz gözi bilen gören Ahmet şa Hindistana ýörişler tapgyryny gurady. 1748, 1750, 1752-nji ýyllarda Ahmet şa Hindistana üç gezek ýöriş gurap, Beýik Mogoly öz oýnatgysyna öwürdi. Owganlara garşy marathlar baş galdyrdylar. Marathlar bilen owganlaryň arasyndaky uruş uzak dowam etdi. 1761-nji ýylda Panipat şäheriniň golaýynda olaryň arasynda aýgytlaýjy söweş boldy. Bu söweşde owganlar ýeňdi. Mundan soňra marathlar owganlara garşy göreşde özüni dürsäp bilmediler.
Nedir şanyň Hindistana çozuşlary mogollaryň öňki kuwwatynyň ýokdugyny bütin dünýä äşgär etdi. Indi Beýik Mogol iş ýüzünde Deliniň daş-töwereginiň hökümdaryna öwrülipdi. Hindistan maýda hanlyklara dargapdy. Beýik Mogollaryň iň soňky şasy Bahadur han 1857-nji ýylda sypaýylaryň gozgalaňy başlanan wagtynda ýatlanylýar. Gozgalaňçylar öz hereketine kanuny äheň bermek üçin ony özleriniň ýolbaşçysy diýip jar edýärler. 1858-nji ýyl Beýik Mogollar imperiýasynyň resmi taýdan dargan ýyly hasaplanýar. Şeýlelikde, Hindistanda 332 ýyllap dowam eden bu imperiýa öz möwritini paýawlady.