Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy we türkmen taryhy

MEÝILNAMA

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy we türkmen taryhy.

2. Watan taryhyny öwrenmekligiň wezipeleri we ähmiýeti.

3. Geografiki şertler, onuň türkmen halkynyň taryhy ykbalyndaky orny.

4. Türkmen halkynyň taryhy ösüşiniň esasy basgançaklary.

Edebiýatlar


1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşg. 2001

2. A. Dgijiýew. Очерки происхождения и проромирования туркменского народа в эпоху средневсковая. Ашх. 1991.

3. А. Росляков. Происхождение туркменского народа. Ашх 1962.

4. Abulgazy Bahadyr han. Türkmenleriň nesil daragty. Metbugat – 1991

5. Türkmenistanyň taryhy I –nji kitap Aşgabat – 1994.

6. M. Annanepesow. S. Atagarryýew Türkmenistanyň taryhyndan materiallar I – tom. Aşgabat 1995

7. A. Karryýew, B.T. Moşkowa, A.N. Noçonow, A.Ýu Ýakubowskiý. Очерки из истории Туркменского народа и Туркменистана в VIII- XIX вв. Ашх 1954

8. Türkmen halkynyň gelip çykyşynyň, dünýä ýaýraýşynyň we onuň döwrüniň taryhynyň problemelary. Aşgabat – 1993

Watan taryhyny öwrenmeklik zähmetkeşleri ruhy taýdan terbiýelemekde olarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmekde, watançylyk hem-de internosional duýgylary oýandyrmakda wajyp orun tutýar.

Danalaryň belleýşi ýaly her bir aňly-düşünjeli adam öňe tarap hereket etmek bilen geçilen ýola ser salýar.

Türkmen halkynyň özüniň köküni gaty uzaklardan alyp gaýtýan baý taryhy bar. Türkmenistanyň taryhy ähliumumy taryhyň wajyp, organiki düzüm bölegi bolup durýär. Alymlaryň kesgitlemegine görä Türkmenistanyň territoriýasy gadymy siwilizasiýalaryň ilkinjileriniň emele gelen ýeri bolupdyr.

Taryhdan belli bolşy ýaly türkmen halky tutuş müň ýyllyklarň dowamynda erkinlik, azatlyk ugrunda göreşip köp mahrumçylyklary, säwlikleri, kynçylyklary başyndan geçiripdir. Şoňa görä-de Türkmenistanyň taryhy halkyň durmuşynda dowam eden şol kynçylyklary, mahrumçylyklary, säwlikleri ýeňip geçmek ugrundaky göreşlerden, süýji umytlardan ajy gözýaşlardan halk paýhaslaryndan dolydyr.

Taryh –munyň özi obýektiw ösüşiň ýeke-täk kanunalaýyk, yzy üzülmeýän prosesi bolup, ol öz miwesiniň ajysynyda,süýjüsini-de nesillere galdyrýar. Türkmen halkynyň taryhyna-da şu alamatlaryň ählisi mahsusdyr. Taryhy prosesde bolup geçýän köpdürliligi we gapmagarşylyklary dogruçyl beýan etmeklik taryhçylaryň mukaddes borjydyr.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň taryhyny has takyk we dogryçyl beýan etmekligi ähli taryhçylaryň baş wezipesi bolmalydyr diýip nygtaýar.

Türkmen halkynyň taryhyny öňki SSSR halklarynyň, goňşy döwletleriň, taryhy bilen baglanşyklylykda öwrenilmegi şol halklaryň taryhy ykballarynyň bir-birlerinden otyryp bolmajak derejede baglanşyklydygy barada ýaş nesillerimizde aýdyň düşünjäniň kemala gelmegine ýardam etmelidir. Taryhy wakalar beýan edilende halk köpçüliginiň döredijilikli zähmeti, olaryň daşky basypalyjylara, sosial we milli zuluma garşy göreşi ilkinji orna çykmalydyr.

Taryh diňe bir sosial-ykdysady prosesleri öwrenmek bilen çäklenmän, halkyň graždan sosial-syýasy medeni we ideologiýa taryhyny hem öwrenmelidir.

Ynha, şu teoretiki düzgünler Türkmenistanyň territoriýasynda adamzat jemgyýetiniň emele gelmegini we ösüşini hemme taraplaýyn öwrenmeklik arkaly Türkmenistanyň taryhynyň predmeti we aýratynlyklary kesgitlenýär.

Sosializm gurluşygy ýyllarynda taryhy ylmy partiýanyň ideologiki işiniň sostaw bölegi hökmünde garaldy. Şol sebäpden hem halkyň taryhy ýazylanda graždanlyk pozisiýasyndan däl-de syýasy nykdaý nazardan ugur alyndy. Häzirki biziň döwrümizde aýanlyk, çuňlaşýan demokratiýa ýagdaýynda ýapyk temalar bolup bilmez, türkmen halkynyň geçmişiniň we häzirki zamanynyň bir entek meseleleri doly we dogruçyl beýan etmekligi talap edýär. Şeýle şertlerde ýurduň durmuşynda we dünýä arenasynda bolup geçýän proseslere dogry düşünmäge, akyl ýetirmäge, öz pikirlerini subut etmäge, aýtmaga jemgyýetçiligiň islegi artýar, hakykaty gözlemek zerurlyga öwrüldi, wagtyň talaby bolup durýar.

Öňki taryhy teoriýalarda jemgyýetiň maddy we ruhy baýlyklaryny öndürýän esasy güýç bolan halk köpçüliginiň hereketi köp ýagdaýlarda doly derejede göz öňünde tutulmaýardy. Halk köpçüliginiň göreşi jemgyýetiň esasy hereketlendiriji güýjidigi baradaky mesele ünsden düşürilýärdi. Biziň zamanymyzda jemgyýetçilik ösüşinde taryhda halk köpçüliginiň orny barha güýçlenýär. Dünýewi demokratik döwlet guraýan özygtyýarly Türkmenistanda halk köpçüliginiň döredijiliginiň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Taryhy faktlary öwrenmeklige materialistik taglymat, köpçüligiň taryhy durmuşynyň obýektiw kanunlaryny doly we dogry açyp görkezmeklige ýardam edýär. bu taglymat taryhda şahsyýetiň rolyny hem inkär etmeýär. Şol bir wagtda ol taryhy prosesde subýektiw faktorlara uly ähmiýet berýär. Ol faktorlara bolsa synplaryň, partiýalaryň we olaryň baştutanlarynyň işi, guramaçylyk derejesi hem-de köpçüligiň düşünjeliligi, döwletiň guramaçylygy we ş.m degişlidir. Materialistik taglymat taryhda şahsyýetiň roly barada ýeke-täk ylmy garaýyşy döretdi. Bu garaýyş ol ýada beýleki taryhy şahsyýeti orta çykaran synplaryň we partiýalaryň bähbidi bilen organiki bitweilikde seredýär.

Subýektiw faktorlaryň köptaraplylygynyň ýüze çykmasyny öwrenmeklik taryh ylymynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Taryha materialistik garaýyş taryh ylymyny diňe bir teoriýa taýdan dälde, ony derňemekligiň ylmy usuly bilen hem ýaraglandyrdy.

Taryhyň metodologiýasy hökmünde materialistik dialektikanyň kanunlarynyň we kategoriýalarynyň hem ähmiýeti uludyr. Her bir san taýdan üýtgeme, hil taýdan üýtgemeklige, böküşe, öwrülşige, rewolýusiýa alyp gelýär.Taryhy hasydalara mahsus bolan içki gapma-garşylyklar jemgyýetiň aşaky basgançagyndan ýokarky basgançagyna bolan ösüşini kesgitleýär.

Bu ugurda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnama kitabynda ähmiýeti çäksizdir. Bu ajaýyp kitap taryhçylar üçin şamçyragdyr. Taryhy terbiýäni ylmy taýdan jemlemeklik geljegiň wezipelerini aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Taryh ylmy Türkmenistanyň özygtyýarlylyk ýolyndaky rewolýusion özgerişliklerde wajyp orun tutýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryh ylymyny ösdürmek, ony täzeden has dorguçyl we çuň öwrenmek barada yzygider alada edýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen taryhçylaryny ylmy problemalary çözmeklige has batyrlyk bilen çemeleşmeklige gönükdirip, şol bir wagtda hem taryhyň metodologiýasy bolup hyzmat edýän materialistik garaýyşyň arassalygy barada gyzyklanýar.

Türkmen halkynyň gelip çykyşyna, dünýä ýaýraýşyna we onuň döwletiniň taryhynyň problemalaryna bagyşlanyp 1993-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Aşgabatda bolup geçen halkara ylmy konferensiýasy türkmen taryhçylarynyň öňünde has uly we wajyp wezipeleri goýdy.

Geografiki sreda jemgyýetçilik ösüşiniň kesgitleýji şerti hasaplanyp, ol jemgyýetiň ösüşinde elmydama zerurlyk bolup, jemgyýetçilik ösüşiniň çaltlanmagyna ýa-da pes ýagdaýda bolmagyna täsir edýär.

  Türkmenistanyň ýerleşýän ýeriniň geografiki aýratynlygy onuň ilatynyň taryhy ösüşine düýpli täsir etdi.

Türkmenistan demirgazyk giňlik bilen gündogar uzaklygyň aralygynda ýerleşip, onuň territoriýasy günbatardan gündogara 1100 km, demirgazykdan günorta bolsa 650 km uzalyp gidip, ýarym million kwadrat kilometre golaýdyr. (488,1 müň kw.km). Onuň territoriýasy Angliýanyňkydan bolsa 187 müň kw.km. köpdür.Türkmenistanyň tutýan meýdany GünbatarÝewropada ýerleşýän Daniýa, Belgiýa, Gollandiýa, Awstriýa, Şwesariýa ýaly döwletleriň bilelikdäki territoriýasyndan hem uludyr.

Türkmenistan amatly geografik şertlerde ýerleşýär. Gadymy wagtlarda Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden Hytaýdan we Hindistandan Ýewropa ýurtlaryna, Moskwa döwletinden Buhara, Eýrana we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna söwda ýoly geçipdir.

Türkmenistan gündogarda Özbegistan bilen Amyderýanyň jülgesi boýunça araçäkleşýär. Türkmenistanyň günbatar ýagny Azerbeýjan bilen araçägi Kaspi deňzi boýunça geçýär. Demirgazykda Gazagystan, Garagalpagystan bilen araçäkleşýär. Günortada Owganystan we Eýran bilen araçäkleşýär. Türkmenistanyň territoriýasy million ýyllaryň dowamynda uly geologik özgerişleri başdan geçiripdir. Geologik ýyl hasaby bilen tretik döwrüň aýagyna çenli (ýeriň ýaşynda bu geologik döwür 55-65 mln ýyl hasap edilýär). Türkmenistanyň territoriýasy Tetis deňzi bilen örtükli bolupdyr. Tretik döwürde başlanan dag emele geliş netijesinde Köpetdag uly we kiçi Balkan daglary emele gelipdir.

Dag gelmegi bilen baglylykda gadymy deňiz kem-kemden kiçelipdir we tretik döwrüň aýagyna çenli Garagum çölüniň häzirki territoriýasynda doly ýitipdir. Çetwertik döwrüň birinji ýarymynda (bu geologik döwür Ýeriň ýanynda 1 mln ýyl hasaplanýar) güýçli sowamaklyk başlanypdyr, buzlyklar emele gelipdir. Soňra ýyly kilimat aralaşyp buzlyklar eräpdir. Netijede Amyderýa emele gelipdir. Murgap we Tejen derýalary Amyderýanyň goşandy hasaplanýar. Çetwertik döwürde Amyderýa öz suwuny Garagumyň bütin territoriýasyndan geçirip, Kaspi deňzine guýupdyr. Çetwertik döwrüň ikinji ýarymynda Amyderýa öz hanasyny özgerdip, Aral deňzine guýup başlapdyr. Bu ýagdaýa ýer gabygynyň aktiw hereket etmegi we derýanyň öňki hanasyny gyrmanga basmagy sebäp bolupdyr. Şeýlelikde Garagumyň häzirki territoriýasy yzgardan mahrum bolupdyr we suwsyz çöllüge öwrülipdir. Türkmenistanyň ýer üsti häsiýeti boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär. Territoriýanyň takmynan 80 prosentini düzlük, 20 prosentini bolsa daglyk we belent ýerler tutýar.

Türkmenistan çöllükler we oazisler ýurdydyr. Garagumyň meýdany 350 müň kw.km bolup, ol ýurduň köp bölegini tutýar. Ol tebigy şertleriň janlylygy bilen tapawutlanýar. Kontinental klimaty bolup, tomsy yssy, gyşy sowuk, suwa juda garypdyr.

Çöllügi türkmen halky gadym eýýamlardan bäri peýdalanyp gelipdir. Garagumda müňlerçe guýy gazylyp, millionlarça dowar bakylypdyr. Mundan başga-da daşky duşmanlardan türkmenleriň güýji asgyn gelende Garagum çöli gaçyp atalga bolup hyzmat edipdir.

Garagum çöli günortadaky daglardan akan uly derýalaryň suwynyň azalmagy netijesinde emele gelipdir.

Orta Aziýanyň klimaty kem-kemden üýtgäp gurak klimata öwrülipdir, bu ýagdaý Amyderýanyň suwynyň azalmagyna getiripdir. Şeýlelikde derýa demirgazyga Horezm pesligine, Aral deňzine akyp başlapdyr.

Öňden belleýşimiz ýaly Türkmenistanyň territoriýasynda daglyk ýerler hem köpdür. Ol daglar Orta beýiklikdäki daglardyr. Türkmenistanyň günorta serhetleriniň boýuny syryp Köpetdag bilen Kürendag gidýär, ondan aňryk gündogar tarapa Garabil dagy uzalyp gidýär. Amyderýanyň sag kenarynda Köýtendag ýerleşýär. Köpetdagdan demirgazyk- günbatara, Krasnowods ýarym adasyna tarap, kiçiräk dag gerişleri uly we kiçi Balkan daglary aýrylyp gidýär. Daglaryň depelerinde dürli-dürli iri we gyrymsy agaçlar bitýär. Hoz, alma, pisse, üzüm, alça, nar we ş.m miweli ösümlikler hem köpdür.Suwa we ösümlik dünýäsine iň baý ýer Köpetdagyň eňňitleri hem-de Garabil dagynyň günbatar bölegi bolup, ol ýerlerde gowy öri meýdanlary hem köpdür.

Türkmenistan bütin Orta Aziýa ýaly ummanlardan we deňizlerden daşdan ýerleşýär. Şol sebäpden hem bu ýerde derýalar azdyr, ýurduň merkezi we günbatar böleklerinden akar suwlar ýokdur. Diňe günortada kiçeňräk derýajyklar, gündogarda bolsa Aral deňzine guýýan uly Amyderýa ýerleşip onuň 1000 kilometri Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýär. Amyderýa buzluklaryň we garyň eremegi netijesinde suwlanýar. Bu derýa ýaz we tomus aýlary joşýar. Käwagtlarda bu iki joşgun utgaşýar. Şona derýanyň hapasy 3 kilometrden geçýär. Derýa okgunly akmak bilen özüniň kenarlaryny köwýär hem-de opurýar. Ekerançylyk üçin ýaramly ýerleriň örän azdygyna garamazdan, bu jülge mydama ep-esli derejede gür ilatly bolup gelipdir. Amyderýa özüniň akýan ugruny üýtgetýän derýa bolup, ol uzak taryhy döwrün içinde öz hanasyny birnäçe gezek üýtgedipdir. Munuň özi bu territoriýada ýaşaýan ilat üçin agyr kynçylyklary döredipdir. Amyderýanyň aşak akymynda mes toprakly Horezm oazisi ýerleşýär. Gowy toprakly we ýeterlikmukdarda suwly Murgap oazisi aýratyn bol hasyllygy bilen tapawutlanýar. Murgap derýasy ululygy we ykdysady taýdan ähmiýetliligi boýunça Türkmenistanda ikinji orunda durýar. Murgap derýasynyň 350 km Türkmenistanyň territoriýasyndan akýar. Onuň ähli suwy diýen ýaly suwaryş işleri üçin peýdalanylýar. Ýolötene çenli derýanyň kenarlary belentdir. Şoňa görä-de bu ýerde darajyk zolak suwarylýar. Ýolötenden aşakda derýa düzlükden akýar we gollara bölünýär. Bu ýerde derýa giň meýdanlary suwarýar.

Tejen derýasy ( Gerirud) derýasy ululygy we ähmiýeti boýunça Türkmenistanda üçünji orunda durýan derýadyr. Tejen derýasynyň kenarynda hem ekerançylyk üçün amatly ýerler köpdür. Mundan başgada Türkmenistanyň günorta Günbatarynda Eýran, Sumbar derýalary akýar. Ol derýalaryň ählisiniň hem suwy mes toprakly Garrygala subtropik raýonlarynyň ýerlerini suwarmak üçin ýeke döwürlerden bäri peýdalanylýar. Bulardan başgada Türkmenistanda sowet döwründe Garagum derýasy guruldy. Bu ýerde dünýäde iň uzyn emeli derýa hasaplanyp, üç derýasy – Amyderýa, Murgap, Tejen derýalaryna birikdirdi. Kanalyň umumy uzynlygy 1100 kilometrdir.

Türkmenistanyň territoriýasy yssy we gurak, çürt-kesik kontinental klimatyň zonasynda ýerleşýär. Tomusyna ýokary temperaturanyň bolmagy bilen bir hatarda gyşyna howanyň-30 gradusa çenli sowaýan wagtlary hem bolýar. Iň ýokary yssy 49,9 gradusa ýetýär. Ygal örän az bolýar. Gar seýrek ýagýar we maýyl hem-de sowuk howaly günleriň çalyşmagy sebäpli tiz ereýär, daglyk raýonlarda gar birneme köpräk saklanýar. Ösümlikler üçin oňat howaly döwrüň uzyn bolmagy her ýylda iki gezege çenli hasyl ýygnamaga ýol açýar. Şol bir wagtda howanyň iňňän gurak bolmagy ekerançylyk bilen diňe emeli suwaryş arkaly meşgul bolmaklyga mümkinçilik berýär. Suwarymly ekerançylyk dag etegi zolagynda ýüze çykyp, soňra beýleki ýerlere ýaýrapdyr. Soňraklar adamlar uly suwaryş desgalary arkaly Amyderýanyň, Murgap we Tejen derýalarynyň suwyny hem peýdalanyp ugrapdyrlar. Suw çeşmelerini adama tabyn etmek we adamyň bähbidine peýdalanmak üçin kollektiw tagallalaryň zerur bolanlygy, birinjiden, sanaşykly gurama düzgüniniň uzak wagtlap saklanmagyna sebäp bolupdyr, beýleki tarapdan bolsa – Türkmenistanyň territoriýasynda irki döwletleriň emele gelmegini tizleşdiripdir.

Türkmenistanyň ekerançylyk oazisleriniň töweregini maldarçylyk hojalygyny ösdürmek üçin ýaramly giň çöller we ýarym çöller tutýar. Şu sebäbe görä-de türkmenler we olaryň ata-babalary üçin köplenç gatyşyk ekerançylyk we maldarçylyk hojalygy mahsus bolupdyr. Ilatyň bir bölegi oazislerde oturymly (gomra) ýaşap, ekerançylyk bilen meşgullanypdyr, beýleki bölegi bolsa maldarçylyk bilen meşgullanyp, gadym eýýamlardan bäri göçürim durmuşynda (çarwaçylyk) bilen meşgullanypdyrlar. Ýaýla maldarçylygy we ýarym otyrymly hojalygyň dürli-dürli görnüşleri giň ýaýrapdyr. Çomurlara we çarwalara bölünmklik türkmenleriň arasynda XX asyryň başyna çenli saklanýar.

Sowet taryh ylmy halklaryň gelip çykyşy barada köp sanly jedelli meseleleri aýdyňlaşdyrdy.

Häzirki zaman Türkmenleriň iň gadymky ata-babalary Orta Aziýanyň çäklerinde ýaşan oturymly ekerançylyk we çarwaçylyk bilen meşgullanan taýpalar bolup, bu taýpalar ýewropeoit jynsyna degişli ekenler, özleri-de Hindi Ýewropa diller maşgalasynyň Eýran toparyna girýän dillerinde gepleýär ekenler. Çarwa dah, massaget, daýn, derben, apassiak, apark taýpalary Garagumda, Gyzylgumda, şol gumlaryň içinden geçýän derýalaryň jülgelerinde we ýat ýurda oturypdyrar. Şol taýpalaryň bir böleginiň Köpetdag eteklerine aralaşmagy olaryň bu ýerlerde ýaşaýan ýerli ekerançy taýpalar bilen assimilýasiýalaşmagyna getiripdir. Şýle şertlerde gul eýeçilik gatnaşyklary kemala gelip, türkmen halkynyň emele gelmeginde uly rol oýnan parfiýan halkyýeti döräp başlapdyr. Assimilýasiýalaşmaklyk prosesi diňe bir Köpetdagyň etegindäki ekerançy taýpalar bilen çarwalaryň arasynda bolup geçmän eýsem Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde mysal üçin Horezmde hem bolup geçipdir.

B.e.öňki III-I asyrlarda sähra taýplarynyň göçhä-göçlügi Orta Aziýanyň maldarçylyk we ekerançylyk taýplarynyň birek-biregi bilen ýakynlaşmagyna anyk täsir edipdir. Şol bir wagtyň özünde Orta Aziýa, demirgazyk gündogardan Merkezi Aziýanyň türki dilli mongoloid taýplary (Hunlar we beýlekiler) aralaşyp ýerli Hindi ýewropa diller maşgalasyna girýän taýplar bilen garyşypdyrlar.

B.e. bir müňýyllygynda Günorta we Demirgazyk Türkmenistanda etnogenetiki prosesler dürli ýagdaýda bolupdyr. Gelip çykyşy boýunça alanlaryň we massagetleriň ötenleri hasaplanýan eftalitler- demirgazykda ýaşaýan çarwa taýpalar, täsirine düşüp, kem-kemden türki dili kabul edipdirler. Bu proses VI-VIII asyrlarda türki halklaryň basyp alyşlary bilen baglanyşykly has güýçlenip, VIII-X asyrlarda türki dillerde gepleýän, Aral ýakalarynyň sähralaryndaky ýerli ilat bilen assimiýasiýalaşan Günbatar- oguz taýplarynyň we toparlanşyklarynyň emele gelmegi bilen tamamlanýar. Sähra taýplarynyň bir bölegi Bathyz, Dahystan, Guzan sebitlerine aralaşýar. Günortadaky ekerançylyk bilen meşgullanýan taýpalar we halkyýetler köp babatda özleriniň yewropeid görnüşini saklap Orta Aziýanyň birnäçe ekerançylyk welaýatlary bilen birlikde gadymy täjik dilinde gepläpdirler. Orta asyr Türkmenistanyň iki sany esasy etniki topary bolan türki dilli oguzlar hem-de täjik dilli Horosanlylar şeýleräk ýagdaýda kemala gelip başlaýar. X asyrda ekerançylyk zolagynyň çäklerinde ýada onuň jümmüşinde täjik dilli ekerançylaryň arasynda ýaşaýan käbir türki dilli sähra taýpalary türkmenler diýlip atlandyrylýar. Türkmen diýen adyň gelip çykyşy baradaky mesele bolsa entek doly derejede çözülmedik mesele hasaplanýar.

Oguzlaryň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmaklygy VI-VII asyrlarda başlanýar. Bu proses Seljuklaryň ýörişi bilen baglanşykly XI asyryň birinji ýarymynda has güýçlenýär. Şeýlelik bilen hem häzirki zaman Türkmenleriniň kemala gelmek prosesi başlanyp, olaryň ata-babalarynyň esasy bölegini oguzlar we horosan täjikleri düzýär. Horosan täjikleri häzirki günorta Türkmenistanyň çäklerinde ýaşapdyrlar. Türkmen halkynyň gelip çykyşynda (etnogenezinde) belli bir derejedäki orny Horezmliler oýnaýarlar.

Demirgazyk Horosan täjikleriniň hem-de Horezmlileriň oguzlar bilen bir halkyýete goşulşmagyny Türkmenistanyň territoriýasyndaky çarwa we oturymly ilatyň geçmişdäki umumylygy ýeňilleşdirýär. Bu halklaryň etnogenezinde gadymyýetde esasy orny dah-massaget taýplary oýnapdyrlar. Goşulşmaklyk prosesi XII asyrda şahralylaryň (oguzlar, seljuklar, ýazyrlar) gönorta Türkmenistana köpçülikleýin oturymlaşmagy bilen has güýçlenýär. Emma bizde täjikleriň ykdysady we medeni taýdan ösen öňde baryjy, san taýdan köp bolandygy XI-XII asyrlarda oguzlaryň medeniýetini we dilini kabul edendigi barada maglumatlar ýok.

Mongol basyp alyşlarda türkmen halkyýetiniň kemala gelmekliginiň şertlerini düýpli üýtgetdi. Basyp alyjylaryň talaňçylyklaryndan oturymly ekerançylar hem-de şäher ilaty köp heläkçilige sezewar boldy. Türkmenistanyň şäherleri weýran edildi. Köp sanly suwaryş desgalary hatardan çykaryldy. Gadymy ekerançylyk medeniyetine düýpli zarba urulyp, ykdysadyýetde ilkinji orny çarwa we ýarym çarwa maldarçylyk geçip türkmen halkynyň kemala gelmek prosesinde easy orna türki dilli göçme taýpalar geçip başlaýar. Şu taýpalar hem-de oturymly ilatyň türki dilli bölegi XIII – XV asyrlarda türkmenler diýilip atlandyrylýar.

Türkmenistandaky gadymy ekerançylyk bilen mesgullanýan ilatyň gyra çetlerdäki ýaşaýanlary hem-de türkmenler bilen kem-kemden assimilýasiýalaşypdyr.

Türkmen halkyýetiniň kemala gelmek prosesiniň jemleýji etaby XIV –XV asyrlara degişli bolup, bu döwre çenli sähra taypalary (Oguzlar, yazyrlar) hem-de Günorta Türkmenistandaky Horasan täjikleriniň goşulyşmaklygy tamamlanýar. Şol bir wagtda demirgazykda gadymy oguz we beýleki sähraly taýplaryň (Alaklaryň, gypjaklaryň we beýlekileriň) hem-de Horezmlileriň bir böleginden territorial alamatlar boýunca guralan täze taýpalar toplumy doreýär. Täjik elementlerini köp derejede saklan Günorta türkmen taýpalary belli bir derejede özleriniň antrapologiki görnüşi, dili we durmuş derjesi boýunca demirgazyk türkmen taýpalaryndan tapawutlanýandygynyň bellemek gerek. Şu sebäbe görä-de şol döwürde türkmen halkyýetiňiň iki şahasy – demirgazyk we günorta şahalary dowam edipdir diýip netije çykarmak mümkin.

XIV – XV asyrlarda ýeketäk türkmen dili döräp başlapdyr. Oňa esas bolup, köne derejede gadymy täjik we orta Aziýanyň ýerli ilatynyň beýleki halklarynyň dili bilen baýlaşdyrylan Oguz dili hyzmat edyär.

XVI asyrdan başlap demirgazyk türkmen taýpalary (Ýomutlar, tekeler, ärsarylar, salyrlar, saryklar we beýlekiler) kem-kemden günorta tarap süýşüp başlaýarlar. Olar köp halatlarda günorta türkmen taýpalaryny (Ýazyrlary, , baýatlary, we beýlekileri) patriarhal – feodal gatnaşyklary şertlerinde aýratyn taypa hökmünde seredilen dürli ýerli gatlaklary we territorial toparlanşyklary (Müjewürleri, mahtumlary, hojalary, şyhlary, mehinlileri, nohurlylary, murgaplylary, we beýlekileri) gysyp çykaryp, günorta Türkmenistanda mesgen tutýarlar. Beýle tabyn etmeklik günbatar türkmen taypalaryna täjik - horasan elementleriň giň aralaşmagyna getirýär.

Patriarhal, feodal gatnaşyklarynyň agalyk etmegi türkmen halkyýetine milletiň birnäce elementleriniň (dil, territoriýa, psihologiki birlik, medeniýetdäki umumylyk). Türkmenistan entek orsýete birleşmeginden öň kemala gelip başlandygyna seretmezden, millet hökmünde konsolidasiýalaşmagyna mümkinçilik bermändir. XVI asyrdan XIX asyryň ikinji ýarymyna çenli türkmen halkynyň durmuşy gaty agyr bolupdyr. Türkmenleriň hojalygy patriarhal natural häsiýete eýe bolup, ekstensiw göçme maldarçylyga iň yza galak tehnikaly we öý hünärmençilikli suwarymyl ekarançylyga daýanypdyr.

Şeýle yza galaklyk zerarly tozan we dagynyk türkmen taýpalary, birleşip özleriniň döwletini döretmeklige mümkinçilik tapmandyrlar. Dasky basyp alyjylaryň talaňcylyklary arasy üzülmeýän özara we weýran ediji alamançylyklar, agyr zulum müňlerçe garyp ilatyň ýaşaýyş durmuşyna palta urupdyr. Türkmenistanyň orsýete birikdirilmegi özara feodal uruşlaryň soňuna çykypdyr. Emma şondan soň iki taraplaýyn zuluma sezewar edilen halkyň agyr dumuşy ýeňilleşmändir. Türkmenistanyň territoriýasynda senagat kärhanalary düýbünden ösmändir. Diňe birnäçe ujypsyzja ussahanalar hem-de kiçijik zawodlar gurulyp olary bolsa senagat kärhanalary atlandyrmak mümkin bolmandyr. Oba hojalygy gowşak ösüp, zähmet gurallary ýönekeý bolupdyr. bular öz çäginde hasyllylygyň pes bolmagyna getiripdir. Suw ýetmezçilik edipdir. Türkmen daýhanlary gaty agyr şertlerde ýaşapdyr. Dürli salgytlara sezewar edilip tire –taýpa agzalylyklarynyň pidasy bolupdyr. Aýallaryň ýagdaýy has agyr bolup, olar jemgyýetde doly hukuksyz bolupdyrlar. Ilatyň arasynda ölýänleriň sany dogulýanlaryň sanyndan köp bolupdyr. Şeýle şertlerde türkmen halkyna fiziki taýdan ýok bolmak howpy abanypdyr.

Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň ýeňmegi bilen türkmen halkynyň durmuşynda täze durmuş başlanypdyr. Halk zulumdan agyr horluklardan azat bolup, azatlykda we deňlikde erkin ýaşap başlaýar. SSR halklarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde Orta Aziýanyň halklary asyrlar boýy dowam eden yzagalaklylygy gysga taryhy döwürde ýeňip geçmekligi başarýar. Leninçilik milli syýasat halklaryň doslugyny pugtalandyrdy. Düýpli kemçilikleriň goýberilendigine seretmezden industrilizasiýanyň, kollektiwi zaýanyň we medeniýetde düýpli özgerişikleriň amala aşyrylmagy aýallaryň azatlyga çykarylmagy bularyň hemmesi gysga taryhy döwürde mumkin boldy.

1941-nji ýylda sowet adamlaryň parahatçylykly zähmeti faşistik germaniýanyň ähtiýalanlyk bilen çozmagy zerarly bozuldy.

Ýurdumyzyň beýleki halklary bilen bilelikde türkmen halky watany goramak üçin göreşe baş galdyrdy. Beýik Watançylyk ýeňiş bilen tamamlandy. Türkmen halky beýleki doganlyk halklar bilen, uruşdan soňky dikeldiş işlerine aktiw gatnaşdy.

60-njy ýyllarda ýurtda dolanyşda komanda buýruk beriji sistemanyň güýçlenmegi bilen baglanşykly sosial-ykdysady köp sanly goşmaça kynçylyklar ýüze çykdy. Ykdysadyýetde artdyryp ýazmak, gözbagçyly, badyhowalyk, arkadurmak, parahorluk ýaly sosializmiň köküne palta urýan negatiw ýagdaylar guýçlendi. Bu prosesleriň hemmsi Türkmenistanyň hem sosial ykdysady durmuşyna düýpli täsir etdi. Jemgyýetçilik ösüşiniň depginleriniň ep-esli peselmegine getirdi. Şu we beýleki negatiw hadysalaryň dowam edendigine garamazdan 60-80-nji ýyllarda turkmen halky ýurduň ykdysady we medeni derejsini ösdümekde jan aýamazlykly zähmet çekdi. Beýleki doganlyk halklaryň goldamagy bilen Garagum kanaly, Çärjewdäki Himiýa kombinaty, Mary gresi ýaly uly gurluşyklary amala aşyrdy. Respublikada işçiler synpynyň milli uly toplumy kemala geldi. Oba hojalygynyň mehanizasiýalaşdyrylyş derejesiniň dyngysyz ýokarlanmagy bilen baglanyşykly Turkmenistan ösen industrial agrar ýurda öwrüldi. Köp sanly milli ýokary hünärli alymlar döredijilik işgärleri ösüp ýetişdi. Sisializm gurluşy ýyllaryndaky goýberilen säwlikler, ötegeçmeler, kommunistik Partiýanyň diýdimzorly syýasaty, sosializmiň güýçli deformirlenmegine getirdi. Munuň üstesinede ykdysadyýeti planlaşdyrmakda, milletara gatnaşyklarda goýberilen säwlikler SSR soýuzynyň dargamagyna getirdi. SSSR-iň dargamagy bilen 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan özbaşdak dünýewi demokratik döwlet diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow saýlandy. 1995-nji ýýlyň 12 dekabrynda Türkmenistan BMG –nyň Baş assambleýasynyň karary bilen Bitarap döwlet boldy.

Häzirki wagtda özygtyýarly Türkmenistan içerki syýasatda bazar ykdysadyýetine geçmek, eýeçiligiň ähli görnüşlerine giň ýol açyp, ahyrky maksady halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy wezipe edip goýsa, daşary syýasatda bolsa birek-biregiň içki işine gatyşmazlyk, özara dostlyk, ähli jedelli meseleleri gepleşikler geçirmek arkaly çözmek syýatyny alyp barýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň bu syýasaty ähli halklaryň arasynda gyzgyn goldaw tapýar.