Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynyň binagärçiligi we heýkeltaraşlygy

Mowzuk : Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynyň binagärçiligi we heýkeltaraşlygy.

M E Ý I L N A M A :

1. Beýik Serdar, akyldar we ajaýyp binagär.

2. Garaşsyzlyk zamanasynyň binalary.

3.Heýkeltaraşlyk sungaty.


Halklaryň ählisinde şanly seneler bolýar. Şol günlerde durmuşdaky wajyp ähmiýetli wakalar baýram hökmünde bellenilýär. Halkyň durmuşyndaky ykbal çözüji özgerişlikleriň hem-de şol özgertmeleriň başyny başlaýjynyň bitewiligini alamatlandyrýan baýramlar hem bar. Halk öz durmuşynyň düýpgöter özgerendigi üçin şol baştutanyna borçludygyny duýýar.

Halkymyzy Garşsyzlyga we rowaçlyga ýetiren Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady hem her bir türkmeniň kalbynda çuňňur minnetdarlyk duýgusy oýardy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady milli we dünýä taryhyna ebedilik girmek bilen, türkmen halkynyň durmuşynda düýpgöter täze eýýamyň – milli döwletliligiň täzeden dikeldilýän eýýamynyň başlanandygyny, dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan dölwetiniň dörändigini görkezdi. Garşsyzlyk ýyllary sarpaly Serdarymyzyň öňden görüjilik ukybyna, egsilmez joşguna eýedigini, halka baş bolmak sungatyndan birkemsiz baş çykarýandygyny, ýiti syýasatçy, akyldar we ynsanperwer adamdygyny görkezdi.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ýurdumyz gülläp ösdi, şäherleri we obalary ak mermer bilen örtülen binagärçilik toplumlary, lukmançylyk we ylmy merkezler, köşkler, teatrlar, mirashanalar, ajaýyp seýilgäh toplumlary, ähli amatlyklar döreden belent ýaşaýyş jaýlary bezeýär. Ýurdumyzyň çäginde ulaglar üçin birinji derejeli ýollar ulgamy guruldy.

SSSR – döwründe sanlyja binasy bolan Türkmenistan döwletimiziň paýtagty bu gün – Garaşsyzlyk zamanamyzda ak mermerli jennet mekana öwrüldi. Sanlyja ýylyň içinde Beýik Serdarymyzyň tagallasy bilen bina edilen ymaratlaryň sany sanasaň sogaby bar diýleni. Garaşsyzlyk binasy, Bitaraplyk binasy, Altyn Asyr söwda merkezi, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň saglyk ýoly, saglygy anyklaýyş merkezleri, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky olimpiada stadiony, Gökdepe metjidi, Ärtogrul Gazy metjidi, Gypjak metjidi … Emma ýurdumyzda ajaýyp binalaryň gurluşygy häli dowam edip dur. 2003-nji ýýlyň Baýdak aýynyň 17-sindäki 25-gatly jaý ulanmaga berildi. Jaýyň tutýan umumy meýdany 32320 inedördül metre barabar bolan bu jaýy Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy gurdy. Türkmen ýurdunyň ýüregi bolan Aşgabat şäherindäki bu belent jaý Arçabil şaýolunyň ugrunda gurlup, bu ýerde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna degişli ministrlik we şol pudagyň edaralary ýurt tutundy. Bu kaşaň ymaratda pudagyň ýolbaşçylary we hünärmenleri üçin otaglar, mejlis geçirmek üçin 260 orunlyk ýer, gorbanyşhanalar, maglumatlar merkezi we nebit-gaz toplumynyň umumy gözegçilik merkezi, kitaphana, dükan, saglyk otagy ýerleşýär. Dünýä derejesinde gurlan bu binada arhiw üçin otaglar, ýangyn howpsuzlyk merkezi, hojalyk otaglary, gapdalynda bolsa ulaglar üçin duralgalar gurlupdyr.Beýik, berk, owadan amatly … Elbetde, bir tarapdan şu dört söz bu binanyň iç-daşynyň häsiýetini doly berýär diýsek, ýalňyşmasak gerek. Bu bina – şu ugurdaky ýetiljek belent sepgitleriň buşlukçysydyr. Dünýäniň gurluşyk ulgamlarynda ulanylýan iň soňky tehnologiýalar, iň täze materiallar ulanyp gurlan ulanyp gurlan binadyr. Türkmenistanyň ýerinde gadymy Jeýtun medeniýetiniň üstüni açan arheologlar ol ýerde otuza golaý biri-birine örän meňzeş jaýyň tapylandygy barada ýazylýar. Bu gadymy jaýlar palçygyna saman garylan çig kerpiçlerden gurlupdyr.

Bu gün türkmeniň ýurdy bürgütleriň ganat kakýan ýerine diňe bir hyýalda däl, özüniň amaly işleri bilen çykýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kararyna laýyklykda Aşgabadyň günorta böleginde 17 gatly “Prezident myhmanhanasy” guruldy. Onyň daşy Italiýadan getirlen ak mermer bilen bezelen. Içi bolsa owadan bezegler bilen bezelen. “Prezident myhmanhanasynyň” ähli gulluklary häzirki zaman ýokary tehnika bilen üpjün edilen. 147 sany bir, iki orunluk otaglaryň Ýewropada öndürilen mebeller we iň täze tehnikadyr aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün edilmegi bu myhmanhanany dünýä derejesine çykarýar. Dünýä derejesindäi bu myhmanhananyň ýokarky gatlarynda uly mertebeli myhmanlary kabul etmek, maslahatlar geçirmek üçin niýetlenen otaglar ýerleşdirilen. Gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşýan bu binanyň birinji gatynda 250 orunlyk dabaralar zaly, her biri 120 orunlyk maslahatlar we mejlisler zaly ýerleşer. Şeýle hem şu gatda duşuşyklary geçirmek üçin uly bolmadyk jaýlaryň ikisi, 96 orunlyk naharhana, edara we beýleki jaýlar guruldy.

Uly suw çüwdürimleriniň ikisi bu myhmanhanasy bu myhmanhananyň täsinligine täsinlik goşýar. Onuň töweregi bolsa bagy – bossanlyk bolup dur. Alty ýyldyzly bu myhmanhananyň meýdany 3 gektara barabardyr. Onuň umumy meýdany bolsa 20 müň inedördül metrdir. “Prezident myhmanhanasy” 2004-nji ýylyň Baýdak aýyna doly taýýar bolup, şol aýda hem bu myhmanhana mertebeli myhmanhana gapysyny açdy.

Ýurdumyzda gurlan ajaýýp binalaryň ýene biri “Gypjak” metjididir. Uzakdan göreňde özüniň owadanlygy bilen özüne maýyl edýän bu bina 2000-nji ýylda guruldy. Binanyň gümmeziniň diametri 50 inedördül metr bolup, olAziýa ýurtlaryndaky metjitleriň gümmezleriniň ulylarynyň hataryna girýär.

Metjidiň sütüniniň beýikligi 91 metr bolup, bu ýurdumyzyň 1991-nji ýýlda Garaşsyzlyk binýadymyza eýe bolandygyny aňladýar. Metjidiň daşyny owadan suw çüwdürimleri we bagy bossanlyk tutýar.

Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, Beýik Serdarymyzyň tagallasy bilen heýkeltaraşlyk sungatyna giň ýol açyldy. SSSR ýurdunyň düzümindekäk ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde bary ýogy 5-10 sany heýkel bardy. Ol hem “Leniniň heýkeli”, “Kitap okaýan zenan” bilen “Kitap okaýan erkek adamyň ” heýkelidi. Garaşsyzlyk ýyllarynda şekillendiriş sungatynyň esasy görnüşiniň biri bolan heýkeltaraşlyk täzeden janlanyp ugrady. Atamyrat Nyýazow seýilgähinde milletiň gahrymany Atamyrat aganyň heýkel ýadygärligi döredildi. Türkmeniň käbäsi Gurbansoltan ejäniň adyna bina edilen ýadygärlik toplumy, şeýle hem Bitaraplyk derwezesi, ýer şaryny göterip duran öküziň heýkeli ýagny Ene mähri heýkeli, şeýle hem Garşsyzlyk seýilgähindäki milletimiziň buýsanjy bolan şahsyýetlerimiz Oguz han türkmen, Gorkut ata, Görogly beg türkmen, Baýram han, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Mämmetweli Kemine, Mollanepes, Uzyn Hasan beg, Ärtogrul Gazy, Muhammet Togrul beg, Dawud Çagry beg ýaly gerçekleriň heýkelleri oturdylan.

Bulardan başga-da Artyk Muhammedow, Nurmuhammet Ataýew, Welmyrat Jumaýew, Öwez Muradow dagylar suw çüwdürimleri bilen gurşalan “on atyň” heýkelleri bina etdiler.

Bitaraplyk binasynyň gapdalynda bina edilen “Ene mähri” heýkeline syn edeniňde Beýik Serdarymyzyň “Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar” diýip, ýüreginden syzdyran setirleriniň näderejede mamladygyna ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. “Ene mähri” heýkeline syn edeniňde türkmeniň ykbalyny oýarjak, onuň maňlaýyndan ak gün bolup dogjak eziz ogluny gujagyna gysyp Ýer togalagyny göterip duran sary öküziň beýikligi 14 metre barabar. Onuň agramy 10 tonna barabar. Şeýle äpet heýkeli guran heýkeltaraşa, onuň sakasynda duran sarpaly Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa çäksiz minnetdarlygyny bildiresiň gelýär.

Garaşsyzlyk seýilgähindäki şahsyýetlerimiziň heýkelleri göreniňde olara buýsanç duýgusyny döredýär. Seýilgähde bu şahsyýetleriň heýkelleriniň arasynda aýlanyp ýörkäň olaryň ruhy öz Ata Watanlarynyň şeýle sepgitlere ýetendigine buýsanýan ýaly duýulýar. Biz bu beýik şahsyýetlerimize hem, olaryň şahslaryny dikeltmekde ýolbaşçylyk eden Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa buýsanmaga haklydyrys. Guwan, türkmen aslyňa !