Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1000 gün Maksatnamasy

Mowzuk : Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1000 gün Maksatnamasy

1. “1000 gün” Maksatnamanyň esasy ugurlary we wezipeleri.

2. “1000 gün” Maksatnama Türkmenistany XXI asyra güýçli ösen ýurt hökmünde gadam basmagyna esas goýujy ykdysady taglymatdyr.

Edebiýatlar :

1. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. A., 2001 ý.

2. Türkmenistan 1997 ý. Gurbansoltan 7, 15.


1997-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 7-sinde uly ykdysady geňeşiň maslahatyny geçirdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy maslahaty açmak bilen bazar özgertmelerini çaltlandyrmagyň, “On ýyl abadançylyk” maksatnamasynyň durmuşa geçirilmginiň aýgytlaýjy, öwrülişik döwründäki ykdysady özgertmelere täze itergi berjekdigi babatda önüm ähmiýetini nygtap belledi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bu wezipelerden ugur alyp, 2000-nji ýyla çenli hereket etmedik maksatnamasyny öňe sürdi, ol milli ykdysadyýetiň gutarnykly nusgasy bolmalydyr.

1000 gün maksatnama iki ýüzýyllygyň sepgidinde külli türkmeni XXI asyr – türkmeniň altyn asyry bilen baglanyşdyrjak beýik işleriň maksatnamasydyr. 1000 günüň içinde ýaşaljak her bir günde, her bir sagatda bitirilmeli işler XXI asyra şöhle saçýan şamçyrag bolar.

“On ýyl abadançylyk” maksatnamasynyň maksady we wezipeleri 1994-1996 ýyllary öz içine alýan 3 ýýl maksatnamasynyň maksady we wezipeleri . Öňki maksatnamalary amala aşyrmak bilen türkmen ykdysadyýetiniň düýbi tutuldy. Ykdysadyýet babatda täze oba syýasaty esasda belent mertebeli Prezidentimiziň hut özüniň işläp düzen we durmuşa geçiren reformalary öz ajaýyp miwelerini berdi.

Tutuş Türkmenistan ägirt uly gurluşyk meýdanyna öwrüldi. 100-lerçe zawod-fabrikleriň gurulmagy netijesinde Türkmenistan öz çig mal baýlyklaryny özünde işläp önüm çykaryp başlady. Mähriban Serdarymyzyň aladalary bilen dünýäniň ösen tehnologiýasyna esaslanýan täze türkmen tekstil senagaty döredi. Bu bolsa ýokary hilli önüm öndürmäge we olary eksport etmäge mümkinçilik berdi. Beýik Serdarymyzyň öňden görüjilikli pähim-oaýhasy bilen özüniň başda dumagy netijesinde Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň gurulmagygadymy taryhy ýüpek ýoluna täzeden jan berdi. Bu ýoluň gurulmagy we ulanmaga berlmegi bilen dünýäniň köp ýurtlary (döwletleri) Pars aýlagyna we Yewropa iň ýakyn we arzan transport geçelgesiniň hyzmatyndan peýdalanyp başladylar.

Mundan başgada demir, gara ýollar gurmak işi boýunça täze uly tutumlar meýilleşdirildi. Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen ykdysadyýetiniň düýbüni tutmak, ony dünýäniň ösen ýurtlaryň derejesine ýetirmek üçin öňki GDA-ň döwletleriniň içinde iň kö pul – 5 mlrd $ gowrak maýa goýberen ýeke-täk döwletdir.

Beýik Serdarymyz 2000-nji ýyla çenli galan 1000 günde ykdysadyýetiniň ösüşini ilik-dügme hasaplap, ykdysady galkynyş nygtady.

Ýurduň geljegi nebit-gaz kompleksiniň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. 1000 güň maksatnama esasynda türkmen nebitini, gazyny dünýä bazaryna çykarmak üçin taşlamalaryň birnäçesi taýýar edildi. Asyryň taslamasy diýlip ykrar edilen Türkemnistan – Pakistan gaz geçirijisiniň üsti bilen proýekti işlenip düzuldi. 1997 ýylda goňşy Eýrana türkmen gazy akyp başlady. Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň durkuny täzelemek boýunça rekonstruksiýa işleri ýola goýuldy. Bu zawodyň durkunyň täzelenmegi we dünýä derejesinde ýokary tehnologiki enjamlaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ýangyç bilen üpjünçiligini has-da gowulaşdyrdy.

Munuň özi eksportyň hasabyna uly girdeji almagada täze mümkinçilik döreder. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň 1000 gün maksatnamasynda ýurduň transportyny, senagatyny ösdürmäge, beýik-beýik ymaratlary gurmaga aýratyn üns berýär Maksatnama esasynda Türkmenabat, Atamyrat, Gazanjyk – Gyzyletrek demir ýollarynyň gurluşygy tamamlanyp, ülkämiziň, ykdysadyýetiniň ösmegi, ilatymyzyň durmuşynyň has ýokarlanmagy üçin işläp başlar.

Aşgabat, Mary ýoly durky täzelenip dünýä standartynyň dogurlanmaly. Änew-Gökdepe demir ýoly elektrikleşdirilip uly ykdysady peýda getirer. 1000 gün maksatnamada paýtagtymyz gözel Aşgabatda we welaýat merkezlerinde gündogar ýurtlarynyň arhitekturasyna (binägärçiligine) laýyklykda dünýä derejesinde beýik-beýik binalarynyň hasabyna has gözelleşer.

Aşgabatda Adalat köşgi, Kongressler sungat köşgi bina edilmeli.

“1000 gün Maksatnama” energetika, maşyn gurluşygy we himiýa sungatynda täzeönümler öndürilip başlar. 1000 günüň içinde ýurdumyzyň himiýa senagaty hem aýtayn ösüşe eýe bolan ugra öwrüldi. Mineral dökünleriň, mineral duzlaryň, ýoduň bromuň we beýleki himiýa maddalarynyň öndürilişi has-da artdy.

“1000 gün Maksatnamada” ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň hem eksport edilmäge mümkinçilik barlagy nygtalýar onuň aýdyň ýollary görkezilýär.

Oba-hojalygy babatda :

“1000 gün Maksatnamada” ýurdumyzyň oba-hojalyk reformasynda entek peýdalanylmadyk täze-täze mümkinçilikleriň barlygyna göz ýetirildi. Maksatnamada ýurduň kärendeçileriniň we mülkdarlarynyň Prezidentimiziň göniden-göni öz howandarlygyna geçýänligi barasynda we goşmaça ýeňilliklere, kömeklere eýe bolýandyklary nygtaýar. Munuň özi 2000 ýyla çenli Türkmenistanda azyk bolçulygynyň dörejekdiginiň ikiuçsydygyny we gutulsyzdygyny aňladýar.

1000 günüň içinde bereketli türkmen topragynda ýerleriň kärendesine we mülkdaryna doly paýlanyp gutarylmagy daýhany hakyky ýeriň eýesi etmekde bolup geçýän taryhy öwrülişikdir. Maksatnama esasynda anyk hasaplamalar : 2000 ýyla çenli pagta – 1mln 500 t. däne ýlda 1 mln 200 müň 2001 çenli pagtany 2 mln, dänäni 1 mln 700 müň.

Suw hojalygy : Garagum derýasy Gyzyletrek, Esenguly ýetirerler.

100 gün Maksatnamada : döwlet eýeçiligindäki dürli obýektler hususylaşdyrmak meselesi. 500 gün içinde – döwlet söwdasy, jemgyýetçiler iýmiti we ilata hyzmat ediş ulgamyz ählisi hususylaşdyryldy. Şeýle hem 100-lerçe zawod-fabrikler hususyýetçiler berler. Olaryň önüm öndürip başlamagyna döwlet ýardam berer. Umuman hususy sektora maksatmada uly üns berilýär. Milli girdeji 1,5 esse artmaly. Bilim, ylym babatda maksatnamada dünýä derejesinde ýokary bilimli, ylymly hünärmenleri taýýarlamaklyk işi. Halkymyzyň taryhy, medeni mirasymy dikeltmeklik, dini we milli baýramçylyklarymyzy dikelmek, Ruhy we milli galkynyş : Ýazyjy we şahyrlar.

Göroglynyň nesilleri – arslan ýürekli esgerleriň Hukuk goraýjy organlar – halka, Watana, Türkmenbaşa wepaly päk ýürekli halal, arassa sowatly işgärler. Watanyň howpsuzlygyny üpjün etjekdigine ynanýarys. 1000 gün Maksatnamasyny, amala aşyrmakda “Türkmene haram ýokmaz” diýen paýhasdan ugur alynmalydyr. Russiýanyň Nezawisimaýa (Независимая) gazeti 1997 ý. Gurbansoltan aýynyň 11-i. Wladimir Mihaýlow 1000 gün Maksatnamany – Resmi Aşgabat ykdysadyýetdäki ýagdaýa sagdyn baha berýär diýip aýtdy.