Begiň galasy (Zem galasy)
Bu makala Türkmen dili ýazuw kadalaryna görä düzeldilmeli. Makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa okyjylaryna ýardam edip bilersiňiz. |
Taryhy
düzetBegiň galasy (Zem galasy) taryhy-medeni ýadygärligi Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikdir. Ol Atamyrat şäheriniň çägindäki ajaýyp ýadygärlikleriň biridir. Galanyň esasy medeni gatlagy bolan Erk köşgi ýadygärligiň 2 gektara golaý meýdanyny tutup, ol adaty medeni gatlaklaryna garanyňda 20 metr çemesi belentlikde esaslandyrylypdyr. Öz zamanynda bu ýadygärlik derýadan geçmek üçin örän amatly ýerleriň ýa-da şäherleriň biri hökmünde tanalypdyr. Şonuň üçin hem şäher ýuwaş-ýuwaş ulalyp, ykdysady taýdan hem güýçli şäherleriň birine öwrülipdir. Çünki ol Horasan-Mawerenahr aralygynda hereket eden kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşipdir. Bu ýadygärlikden tapylan köp sanly gymmatly tapyndylardan, baryp, ahimeniler döwrüne degişli altyn teňňeleri, beýik Parfiýa döwletinde biziň eýýamymyzdan ozalky 77-70-nji ýyllarda hökümdarlyk eden patyşa Sinatruguň zikgeleden kümüş pullaryny, biziň eýýamymyzyň 240-271-nji ýyllaryna degişli bolan kümüş pullary we başga-da köp sanly tapyndylary görkezmek bolar. Bu tapyndylar Begiň galasynyň ýa-da Zem şäheriniň baryp has irki döwurlerde esaslandyrylandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýadygarlik barada taryhy çeşmelerde diňe araplaryň Aziýa eden syýahatçylygynda galdyran maglumatlarynda duş gelmek bolýar. X asyryň ahyrynda şaher has hem ulalyp, ilat sany boýunça-da Amuldan soňky esasy şäherleriň birine öwrülipdir. Şol döwürde şäheriň içi abadanlaşdyrylypdyr, köçeler çekilip, tertipleşdirilipdir. Galanyň içinde özüniň binagärlik aýratynlygy boýunça tapawutlanýan owadan ymaratlaryň birnäçesi salnypdyr. Bulardan başga-da Zemiň ýa-da Begiň galasynyň uly we baý bazarlarynyň bolandygy orta asyr çeşmelerinde nygtalýar.
Edebiyat
düzet- "Medeniyet" žurnaly. Aşgabat şäheri. 2014. №6. S.62