Bekre balyk
Bekreşekilli balyklar otrýady
Bekrebalyklar maşgalasy
Ýagdaýy
düzetDerejesi I (CR) Düýbünden ýitip barýan görnüş.
Genefondy gorap saklamakda ähmiýeti
düzetUrugyň Aral-Amyderýa aýtymyndaky ýeke-täk görnüşi.
Gysgaça
düzetBekre balyklaryň beýleki görnüşlerinden aşaky dodagynyň tutuşlaýyndygy, murtlarynyň seçeklidigi bilen tapawutlanýar. Uzynlygy 220 sm, agramy 80 kg çenli. Arkasynda 11-17, gapdallarynda 49-74 we garyn tarapynda一11-17 sany şah çykgyntlarynyň hatarlary bolýar. Birinji arka çykyntgysy iň ulusydyr. Garyn tarapyndakylary ýaşynyň ulaldygyça sürtülip, sudury öçýär. Arkasynyň reňki çalymtyl - ýaşyl, gapdallary ýagty, garny-sarymtyl-ak, ýüzgüçleri-çalymtyl
Ýaşaýşy
düzetGündogar, Günorta-Gündogar Hazar deňzinde we Amyderýanyň hemme ýerinde duş gelýär; Garagum derýasyna, onuň ugrundaky suw howdanlara, Sarygamyş kölüne geçýär. Türkmenistandan daşarda Gara deňzi, Azow deňzi we Aral deňzinde ýaşaýar.
Ýaşaýan ýerleri
düzetDeňizde işbil taşlaýan derýalaryndan uzaklaşmaýar. Esasan süýji suwuň deňze guýýan ýerinde iýmitlenýär. Hazar deňziniň türkmen kenarynda çuňlugy 10 metrden çuň bolan ýerlerde ýaşaýar. Amyderýa köpelýän döwründe geçýär, çuň çukurlarda gyşlaýarlar.
Sany we ony üýtgetmek ýagdaýy
düzetHazar deňzinde sany hemişe azdy we umumy tutulýan bekreleriň (ýerini üýtgedýän) görnüşleriniň içinde 1% tutýardy. Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýek-tüki duşýar. 1971, 1972, 1974 we 1977-nji ýyllarda ýazda Garagum derýasyna ýaş balyklar aralaşdy. Geçirilen barlaglarda 1 liçinkasy 6 gezek hasaba alyndy. 1978-nji ýylda Hanhowuz suw howdanynda, 1997-nji ýylda Amyderýada, Atamyrat (Kerki) şäherine golaý ýerde, uly bekre balyk tutuldy.
Esasy çäklendiriji sebäpler
düzetIşbil taşlaýan derýalarynyň suwunyň azalmagy we kadalaşdyrylmagy.
Biologiýasynyň aýratynlyklary
düzetKöpelmek üçin derýalara geçýär. 32 ýyl ýaşaýar. Göçýän, jyns tarapdan giç ýetişýän görnüş. Ýaz-tomus döwründe suwuň derejesi 15一20°C ýetende köpelýär. Önümliligi 280一 574,7 müň işbil.
Köpeldilşi
düzetIş geçirilmedi
Gorag üçin görlen çäreler
düzetTGHB-niň Gyzyl sanawyna (2009), Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) we CITES-iň (2011) sanawyna girizildi. Hazar we Amyderýa döwlet goraghanalarynda goralýar. Tutmak gadagan edildi.
Gorag üçin zerur çäreler
düzetEmeli usullarda ösdürip ýetişdirmeli we ýaş balyjaklary suw aýtymlaryna goýbermeli.
Barlaglar boýunça teklipler
düzetEmeli usullarda ösdürip ýetişdirmegiň biotehnikasyny işläp düzmeli we howdan şertlerinde ösdürmeli.
Düzüji F. M. Şakirowa, A. I. Suwhanowa