Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti
(Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç sahypasyndan gönükdirildi)

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmen syýasatçysy we Turkmenistanyň Prezidenti.

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow

Serdar Berdimuhamedow (2018)
Daşary işler ministriniň orunbasary
Wagt aralygy
2 Aprel 2018 - 2 Ýanwar 2019
PrezidentGurbanguly Berdimuhamedow
MinistrRaşit Meredow
Ahal welaýatyň adyndan Türkmenistanyň mejlisiniň agzasy
Wagt aralygy
23 Noýabr 2016
Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary
Wagt aralygy
2 Ýanwar 2019 [1]
Şahsy maglumatlar
Doglan wagtySentýabr 22, 1981
Aşgabat, TSSR, SSSR
MilletiTürkmen
Çaga(lary)4
KakasyGurbanguly Berdimuhamedow
Alma materS.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy
KäriSyýasatçy
Harby hyzmatlary
Dostlyk Turkmenistan
Hyzmat/ugurTürkmenistanyň Ýaragly Güýçleri
Hyzmat eden ýyllary2001-2003
DerejeLeýtenant polkownik

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly. 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy.

2022-nji ýylyň 19-njy martyndan bäri Türkmenistanyň Prezidenti.

Bilimi we hünäri

Ýokary bilimli 2001-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Hünäri boyunça inžener-tehnolog. 2008-2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. 2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we Ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Tehniki ylymlarynyň kandidaty (awgust 2014 ýyl).

Zähmet ýoly

2001-nji ýylyň iýul-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni bolup işledi.
2001-2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2003-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň miwe-gök ekin senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni, alkogolsyz piwo we çakyrçylyk senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi.
2008-2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol ýyllarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.
2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol yyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.
2013-nji ýylyň awgust-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygy wezipesinde işledi.
2013-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary;
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara habarlar departamentiniň başlygy wezipesinde işledi.
2017-nji ýylyň mart aýynyň 20-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetinin başlygy wezipesinde işleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty.
2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary Işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi.
2019-njy ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýär.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi.

Döwlet sylaglary we atlary

Edebiýat

  • "Türkmenistan" gazeti, №60 (28996) 2018-nji ýylyň mart aýynyň 9-y, S.3.

Salgylanmalar