Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarlylygy belli däl. Bu mowzuga degişli ygtybarly çeşme bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly salgylanma üpjün etmek bilen okyjylara ýardam berip bilersiňiz. Degişli ýörgünli salgylanmalar görkezilenden soňra bu duýduryşy öçürmegi unutmaň. |
Berdimyrat Döwletjanow - Beýik Watançylyk Urşunyñ Weterany, Sowet Soýuzynyñ Gahrymany. B.Döwletjanow 1921-nji ýylda Türkmenistanyñ Mary welaýatynyñ Mary etrabynyñ Çkalow adyndaky obasynda doguldy. Beýik Watançylyk urşundan öñ kolhozda işläp, ýaşlar guramasyna baştutanlyk etdi.1941-nji ýylyñ dekabrynda Sowet Goşunyñ hataryna çagyryldy we Tambowyñ ikinji atly goşun uçilişesine ugradyldy. Uçilişäni uly seržant çini bilen tamamlap, fronta iberilen B.Döwletjanow Merkezi frontuñ goşunlarynyñ düzüminde Ukraina ugrundaky, Dnepri zabt etmek ugrundaky söweşleşde görkezen edermenligi we gahrymançylygy üçin SSSR Ýokary Sowetiniñ Prezidiumynyñ 1944-nji ýylyñ 15-nji ýanwaryndaky Permany bilen Sowet Soýuzynyñ Gahrymany diýen at dakyldy.Uruşdan soñ watanyna dolanan B.Döwletjanow Aşgabatdaky partiýa mekdebini tamamlap, uzak wagtlap partiýa-sowet organlaryna işledi[1]. B.Döwletjanow uruşdan soñky hyzmatlary Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniñ Prezidiumynyñ Hormat hatlarynyñ üçüsi, Zähmet Gyzyl Baýdak we Oktýabr rewolýusiýasy ordenleri bilen sylaglandy.B.Döwletjanow 1996-njy ýylyñ iýun aýynda aradan çykdy.
- ↑ Указ Президиума Верховного Совета СССР «О присвоении звания Героя Советского Союза генералам, офицерскому, сержантскому и рядовому составу Красной Армии» от 15 января 1944 года // Ведомости Верховного Совета Союза Советских Социалистических Республик : газета. — 1944. — 23 января (№ 4 (264)). — С. 1.