Berdinazar Hudaýnazarow
Berdinazar Hudaýnazarow — Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylda öňki Ýerbent etrabynyň Düwünli guýusynda (obasynda) dünýä inýär. Başlangyç bilimi şol ýerde alýar. Beýik Watançylyk urşunyň öňüsyrasy Ýerbent çarwaçylyk etraby Amyderýa boýlaryna göçürilende, Berdinazaryň maşgalasy hem şol ýere göçýär. Geljekki ýazyjynyň ýetginjekligi gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Çekip-çydardan kyn durmuş ýaş Berdinazary tiz taplaýar, ol agyr zähmetde bişişýär.
Ömür beýany
düzetBerdinazar 1946–1948-nji ýyllarda öňki Kerki welaýatynyň «Täze ýol» gazetinde, soňra Kerki etrabynyň «Pagtaçynyň sesi» gazetinde edebi işgär bolup işleýär. 1946-njy ýylda bu gazetlerde onuň goşgulary peýda bolup ugraýar. Ýaş şahyryň goşgulary okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Her ýazyjy-şahyr bir ýol bilen edebiýata gelýär. Berdinazar Hudaýnazarow merkezden alysda, obada – zähmetiň gaýnaýan ýerinde kyn şertlerde ýaşap, özüniň hakyky şahyrdygyny ykrar etdirýär. Ol 1956-njy ýylda Garagum derýasynyň gurluşygynyň köp tiražly gazetinde gezme habarçy bolup işleýär. Eýýäm şol ýylda onuň «Ýaş kommunist» gazetinde Gyzgyn sähra» poemasy çap edilýär. Hut şu poema hem edebiýatymyza uly bir zehiniň gelendiginiň buşlukçysy bolýar. Poema şygryýet muşdaklarynyň arasynda uly seslenme döredýär.
Berdinazar Hudaýnazarow 1957-nji ýylda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyndaky Ýokary edebiýat kursuna okuwa iberilýär. Moskwada Edebiýat institutynda ol Mihail Swetlow, Ýaroslaw Smelýakow ýaly meşhur rus şahyrlaryndan tälim alýar. Edebiýat institutynda okaýan döwründe şahyryň «Gyzgyn sähra» poemasy Moskwada rus dilinde neşir edilýär. Berdinazar Hudaýnazarow köp ýyllaryň dowamynda çeper döredijilik işi bilen meşgullandy we okyjylaryň göwnünden turýan çeper eserleri döretdi. Berdinazar Hudaýnazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna saýlanyldy, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň başlygy wezipesinde işledi.
Berdinazar Hudaýnazarowyň publisistikasy hakda-da, drama eserleri hakda-da, eserleri boýunça döredilen kinofilmler hakda-da giňişleýin gürrüň etmek mümkin. Ol rus şahyry Aleksandr Twardowskiniň, awar şahyry Resul Gamzatowyň we beýleki şahyrlaryň ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime etdi. Berdinazar Hudaýnazarowyň terjimesinde ol eserler terjime däl-de, ussat türkmen şahyrynyň hut özi tarapyndan ýazylan poeziýa eserleri ýaly ýaňlanýar. Berdinazar Hudaýnazarow tutuş ömrüniň dowamynda türkmen edebiýatyny ösdürmek aladalary bilen ýaşady, onuň ody bilen girip, küli bilen çykdy. Türkmen edebiýatynyň aýry-aýry meseleleri, ýaşlaryň döredijiligi barada makalalar bilen metbugat sahypalarynda yzy giderli çykyş etdi. BerdinazarHudaýnazarow 2001-nji ýylda aradan çykdy.
Berdinazar Hudaýnazarow şygryýeti mukaddes hasaplap, onuň mertebesini hemişe belent tutan şahyr. Ol şahyryň borjuna, şygryýetiň wezipesine düýpli düşünmek bilen şeýle diýýär:
Goşgy ýürekden çykýar,
Meňzeşdir ol perzende.
Aklym siňsin her bende,
Şeklim siňsin her bende.
Mährim siňsin her bende,
Gahrym siňsin her bende.
Her bir söz ussady çeper döredijilikde özüniň gowy bilýän, ýürekden söýýän, özüni tolgundyrýan, galama ýapyşmasa, öz erkine goýmaýan temasyna, meselesine ýüzlenýär. Ýerbentde dünýä inen Berdinazar üçin dogduk mekany, Garagumuň giň sährasy, depeleri, gollary, gum obasy, adamlary örän eziz hem mähriban. Geljekki şahyrda Wa tana bolan uly söýgi hut şu ýerden başlanýar. Şahyryň çagalygy çölüň jümmüşinde geçýär:
Ýerbent çöli uzap ýatyr
Garagumuň ýüreginde,
Çagalygmyň yzy bardyr,
Her golunda, her eginde.
Şahyr üçin Garagumuň jana şypa beriji howasy-da, akylyňy haýran edýän gözel görnüşi-de, gazaply ýakyp–ýandyryp barýan jöwzasy-da biçak gymmatly. Hut şeýle çöl durmuşy-da onuň ýaşlygyny taplaýar:
Ýumurtgany otsuz-zatsyz
Gyzgyn gumda bişirdim men.
Suwsuzlykda güni dogrup,
Suwsuz güni ýaşyrdym men.
Düňle sähra bolan söýgüsinden, oňa bäş barmagy ýaly beletliginden başga-da Berdinazar Hudaýnazarow gumlularyň häsiýetini, edim-gylymlaryny, endiklerini, däp-dessurlaryny, ruhy dünýäsini örän çuňdan bilýär, olaryň içki dünýäsine inçeden aralaşýar. Bu hakykaty şahyryň «Gumlular» goşgusy-da tassyklaýar:
Göwünleri çäge ýaly arassa,
Bedenleri gurşun ýaly berkdir.
Sadalygy, sagdynlygy olara,
Meger, tebigatyň özi beripdir.
Gadymlardan gelýän gymmatly däpler,
Gum içinde namys kimin goralar.
Tanyşmakçy bolsaň, öz adyň däl-de,
Ilki ataň-babaň ady soralar.
Şahyr öz eserlerinde ajaýyp ynsan häsiýetlerini wasp edýär. Gözel häsiýetler her döwürde-de ynsan bezegi. Şonuň üçin döwrüň üýtgemegi, durmuşyň täzelenmegi şahyryň eserlerini köneldip, many-mazmun taýdan gymmatyny pese gaçyryp bilmeýär. Şahyryň döredijiliginiň irki döwürlerinde ýazan we «Adam hakynda aýdym» atly goşgular ýygyndysynda (1964) ýerleşdirilen «Täze ýyl arzuwlary» goşgusyny okanymyzda-da, muňa göz ýetirmek mümkin:
Adamzat eşretiň eýesi bolsun,
Dynçlyk dünýämiziň söýesi bolsun.
Adamyň adamda öji bolmasyn,
Bar kişiniň güni ajy bolmasyn.
Hatarlarmyz bolsun mydama jebis,
Namysyň öňüne düşmesin nebis.
Şu setirlerde ündelýän pikirler häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirenok. Şahyr ynsany bezeýän sypatlar hakynda oýlanýar. Ol türkmeni hakyky türkmen edýän, onuň milli merte besini, milli buýsanjyny belende göterýän häsiýetleri öz döwürdeşleriniň her birinde görmek isleýär. Şahyryň soňky döwürde neşir edilen «Meniň dünýäm» atly kitabynyň başynda ýerleşdirilen «Goşgular başy» diýen şygyrda şeýle setirler bar:
Agzy aşa ýetse aýnaman bilýän,
Synaga salynsa ownaman bilýän,
Özüni oýnatman, oýnaman bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Öz aslyny bilýän, pederin bilýän,
Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,
Umuman, özüniň ederin bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Berdinazar Hudaýnazarow öz eserlerinde möwsümleýin, geldi-geçer wakalara däl-de, durmuşdaky durnukly ahlak hem ruhy gymmatlyklara ýüzlenýär. Şahyryň liriki gahrymany ynsany hakyky ynsan edýän, onuň mertebesini ýokary göterýän sypatlaryň goragçysy hökmünde çykyş edýär. Hakykata gol ýapmak, dogruçyllyk şahyryň döredijilikde baş ýörelgesi. Ol iňňän kyn şertlerde-de şol haky katy aýtmagyň ebeteýini tapýar. Şahyr ynsan mertebesini ýokary götermäge aýratyn üns berýär. Bu pikir onuň köp eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ynsap, päklik, halallyk, ynsan mertebesi, ar-namys ýaly adamy bezeýän häsiýetler şahyryň eserlerinde gozgalýan baş meselelerdir. Şahyr eserlerinde adamlary özlerinde şeýle hä siýetleri terbiýelemäge, saklamaga, hiç bolmanda, ol ajaýyp häsiýetleriň ýok bolup gitmegine ýol bermezlige çagyrýar. Berdinazar Hudaýnazarow ululy-kiçili poemalaryň birnäçesini döretdi. Şahyra ilkinji meşhurlyk getiren iri göwrümli eseri «Gyzgyn sähra» poemasydyr. Şahyr Garagum derýasynyň gurluşygynyň köp tiražly gazetiniň gezme habarçysy bolup işlän döwründe çölde kanal gurujylaryň arasynda ýaşaýar we olaryň durmuşyndan bu eseri ýazýar. Öz gahrymanlary bilen bilelikde duz-çörek iýip, bir howadan dem alyp ýaşamagy, olaryň durmuşyna ýakyndan belet bolmagy, galyberse-de, tebigy zehin şahyra uly üstünlik getirýär. «Gyzgyn sähra» poemasynda täsirli wakalar poeziýanyň şirin-şerbedine, gahrymanlaryň çuňňur duýgusyna ýugrulyp çeper suratlandyrylýar. Eserde şygyr setirleri owazly, akgynly. Bu eser barada Tükmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow şeýle ýazýar: «Ellinji ýyllaryň or tasynda Berdinazar Hudaýnazarowyň biziň edebiýatymyza gelmegi bilen poeziýamyz täze öwüşgin aldy. Poeziýamyzyň «Gyzgyn sähra» diýen liro-epiki, soňra «Seniň ýaşlygyň bolupdy» diýen liriki poemalar bilen baýlaşmagy uly hadysa bolupdy. Sebäbi şundan ozalky türkmen sowet poeziýamyzda gahrymanyň pynhan içki dünýäsine, çylşyrymly ykbalyna, şeýle çuňňur, özboluşly aralaşylmandy. «Gyzgyn sähradaky» gahrymanlaryň döwrebaplygy, söweşjeňligi, baý ruhy, «Seniň ýaşlygyň bolupdydaky» liriki gahrymanyň uly şahsyýeti, kämil oýlanmalary biziň poeziýamyz üçin täzelikdi». Şahyryň her bir ýygyndysy, hatda her bir goşgusy çeper hadysa, çeper açyş hökmünde okyjylaryň aňyna siňdi. Onuň täsin, dürli reňklere, öwüşginlere baý şahyrana dünýäsi bar. Kerim Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly, Berdinazar Hudaýnazarowyň poeziýa dünýäsi örän lezzetli. Ol dünýäniň içi giň. Howasy arassa. Ondan dem aldygyňça, dem alasyň gelýär. Şonuň bilen birlikde bolsa, ol dünýäniň howsalasy-da, aladasy–da özüne ýetik. Ol dünýäde gögem gürleýär, ýyldyrymam çakýar, tupanam turýar. Emma durmuş hemme bela-beteri ýeňýär. Durmuşy ykrar edijilik, ruhubelentlik şahyryň poeziýasyny tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr.