Birleşen Milletler guramasynyň döredilmegi
Öçür! | |
Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň. | |
Sebäp | ensiklopedik makala däl |
Mowzuk: Birleşen Milletler guramasynyň döredilmegi
M E Ý I L N A M A
1. XX asyryň 40-50-nji ýyllarynda halkara gatnaşyklary
2. Birleşen Milletler guramasynyň döredilmegi. Onuň düzümi we edaralary.
3. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan BMG-nyň deňhukukly agzasydyr.
1946-njy ýylyň Gorkut aýynyň 29-dan Garaşsyzlyk aýynyň 15-ne çenli Parižde ýaraşyk maslahaty bolup geçdi. Maslahatda faşizme garşy bileleşige girýän döwletler bilen faşistik Germaniýanyň Ýewropadaky ozalky arkadaşlary bolan Italiýanyň, Bolgariýanyň,Wengriýanyň, Rumyniýanyň we Finlýandiýanyň parahatçylyk şertnamalarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň işine agzalan döwletleriň ýolbaşçylary gatnaşmady. Maslahatyň gidişinde diňe bir ýeňijileriň däl-de, Italiýanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň we Finlýandiýanyň wekilçileriniňde pikirleri diňlenildi.
Maslahatda SSSR-iň, ABŞ-yň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň daşary işler ministrleriniň Maslahatynyň (ol maslahat Potsdam konferensiýasynda döredilipdi) taýýarlan we ozal ylalaşylan şertleriniň aglabasy makullanyldy. Konferensiýada SSSR-i Günbatar döwletleriniň wekilleri, Wengriýanyň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň içki işlerine gatnaşmakda aýypladylar.
Maslahatda Dunaý meselesi, Italiýanyň tölemeli öwez tölegi grek-bolgar döwlet araçägi ýaly birnäçe dawaly meseleler babatda doly ylalaşyk gazanylmady.
Maslahatdaky doly ylalaşylmadyk meseleleri çözmek üçin 1946-njy ýylyň Sanjar-Bitaraplyk aýlarynda daşary işler ministrleriniň halkara Maslahatynyň ýygnanyşygy boldy. Onda Italiýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Wengriýa we Finlýandiýa döwletleri bilen parahatçylyk şertnamalarynyň taslamasyny taýýarlamak tamamlandy.
1946-njy ýyldaky Pariž ýaraşyk Maslahatynda ylalaşylan ýaraşygyň taslamasyny tassyklamak we gutarnykly parahatçylyk şertnamalaryny baglaşmak meselesi-de Parižde (1947-nji ýylda) amala aşyryldy. Pariž parahatçylyk şertnamalary ikinji jahan urşunda ýeňen döwletler bilen faşistik Germaniýanyň ozalky arkadaşlary bolan Italiýanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň we Finlýandiýanyň arasynda 1947-nji ýylyň Baýdak aýynyň 10-da baglaşyldy. Indi şertnamalara laýyklykda dünýäniň syýasy kartasyna girizilen üýtgetmelere seredip geçeliň.
Italiýa bilen ýeňijileriň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda italýan-ýugoslaw serhedi Ýugoslawiýanyň peýdasyna üýtgedildi. Italiýanyň ençeme adasy Gresiýa berildi. Fransuz-italýan döwlet serhedi Fransiýanyň haýryna üýtgedildi. Italiýa Afrikadaky eýeçiliklerinden (Somali, Fritreýa, Liwiýa) el çekmeli boldy. Ol Albaniýa bilen Efiopiiýanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. Şertnamada Italiýada faşizmiň galyndylaryny ýok etmek barada ylalaşyldy.
Bolgariýa, Wengriýa, Rumyniýa bilen baglaşylan parahatçylyk şertnamalarynda syýasy meselelere üns berildi. Ol ýurtlarda faşistik guramalary dargatmak, demokratik azatlyklary gaýtadan dikeltmek ylalaşygyň esasy şertlerini düzýärdi. Şertnamalara laýyklykda Bolgariýa we Wengriýa 1919-njy ýylda tassyklanan öňki serhetlerini saklamagy başardylar. Rumyniýa Bessarabiýa we Demirgazyk Bukowinany SSSR-e bermeli boldy. Finlýandiýanyň Peçengo (Petsamo) welaýaty SSSR-e berildi. Uruşda ýeňilen döwletlere bellenilen öwez tölegleriniň möçberi tassyklanyldy. Awstriýa bilen ýaraşyk şertnamasy, uzak dawalardan soňra, 1955-nji ýylda baglaşyldy.
Germaniýa meselesinde SSSR-iň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-yň döwlet ýolbaşçylarynyň Krym konferensiýasyndan ylalaşan düzgünleri durmuşa geçirilmedi. Germaniýa bütewi demokratik döwlet bolmalydy. Emma 1949-njy ýylda onuň territoriýasynda iki döwlet günbatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasy (GFR), gündogarynda Germaniýa Demokratik Respublikasy (GDR) döredildi.
Ýaponiýa bilen ýaraşyk şertnamasy meselesi. Ýaponiýa ýaraşyk şertnamasy meselesinde ABŞ bilen SSSR-iň arasynda gapma-garşylyklar ýitileşdi. Ýaponiýa uruşda ýeňilenden soňra, amerikan goşunlary tarapyndan eýelenilipdi. Ýapon hökümeti dargadylyp, ýurdy amerikan harbylary dolandyrýardy. 1945-nji ýylyň ahyrynda ABŞ-yň, SSSR-iň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň wekillerinden ybarat Arkadaşlar maslahaty we 11 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda Uzak Gündogar komissiýasy döredilipdi. Emma halkara guramalarynyň Ýaponiýa täsiri gowşakdy. Ýaponiýada ýeke-täk hojaýyn Amerikanyň Birleşen Ştatlarydy.
Ýaponiýa 1945-1951-nji ýyllarda gös-göni ABŞ tarapyndan dolandyryldy. 1951-nji ýylda Ýaponiýa bilen urşa gatnaşanlaryň esasy bölegi San-Fransiskoda ýaraşyk şertnamasy baglaşdy. Emma HHR, SSSR we beýleki käbir ýurtlar şertnama goşulmadylar. SSSR bilen Ýaponiýanyň arasynda ýaraşyk şertnamasy tä Sowet Soýuzy dargaýança-da baglaşylmady. SSSR-iň hukuk mirasdüşeri Russiýa bilen-de Ýaponiýanyň arasynda häli-häzire çenli şeýle şertnama baglaşylanok.
Nýurnbergde (Germaniýa) harby jenaýatçylaryň üstünden 1945-nji ýylyň Sanjar aýynyň 21-nden 1946-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 1-ne çenli halkara sud seljerişligi guraldy. Urşuň başlanmagynda baş harby günäkärlere parahatçylygyň we adamzadyň garşysyna harby dildöwşügi guramakda we uruş alyp barmakda aýplamalar bildirildi. Halkara harby sud tas bir ýylyň dowamynda harby jenaýatçylary anyklamakda ägirt uly iş etdi. Sud mejlisleriniň 403-si geçirilip 116 müň şaýatdan sorag edildi. Köp sanly ýazmaça görkezişlere we resmi subutnamalara seredildi. Sud seljerişliginiň netijesinde baş harby jenaýatçylar hökmünde 12 adama ölüm jezasy berildi. Galan günäkärler dürli möhletli bendilige höküm edildi.
Nýurnberg halkara harby sud seljerişligi Ýewropany we dünýäni faşistik jenaýatçylaryndan arassalamak işiniň başyny başlady. Dünýäniň ähli ýerinde faşistleriň üstünden sud seljerişligi guralyp başlandy. Germaniyada 2 mln sud seljerişligi gurlyp, döwlet we syýasy guramalar faşistleriň galyndylaryndan arassalanyldy. Ýewropa ýurtlarynda faşistler bilen harby hyzmatdaşlykda bolup, olara ýardam beren adamlara temmi berildi.
Belgiýada, Fransiýada, Gollandiýada, SSSR-de faşistleriň ýaranlarynyň ýüzleriniň perdesi syprylyp jezalandyryldy. Dönüklere Fransiýada aýratyn ýowuz daradylar. Fransiýada faşistlere gulluk edenleriň 120 müňüsi jezalandyryldy. Şolardan müňe golaýy ölüm jezasyna höküm edildi.
1946-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 3-de Tokioda-da halkara harby sud seljerişligi başlandy. Ýapon harby jenaýatkärleri-de etmişlerine görä jezasyny çekmeli boldular. Sud seljerişliginde 28 sany harby jenaýatça günä bildirildi. Halkara harby sudy 1948-nji ýylyň Sanjar aýynda Ýaponiýaly harby jenaýatçylaryň 7-sini ölüm jezasyna, galanlaryny dürli möhletli tussaglyga hökümet etdi.
BMG-y döretmek meselesi 1942-nji ýyldan başlap halkara möçberinde maslahatlaşylýardy. Bu guramany döretmeklik üç beýik döwletiň ýolbaşçylarynyň Krym konferensiýasynda karar edilipdi.
1945-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 25-den Oguz aýynyň 26-na çenli aralykda San-Fransiskoda (ABŞ) bolan maslahatda faşizme garşy bileleşige goşulan 51 döwletiň gatnaşmagynda BMG döredildi. BMG-nyň işiniň düzgünnamasy (ustaw) kabul edildi. Düzgünnama laýyklykda BMG-nyň iň ýokary organy onuň Baş Assambleýasydyr. Ol ýylda bir gezek çagyrylýar. BMG-nyň hemişelik hereket edýän organy Howpsuzlyk Maslahatydyr. Onuň hemişelik 5 agzasy (SSSR, ABŞ,Beýik Britaniýa, Hytaý, Fransiýa) bolup, galan altysy Baş Assambleýa tarapyndan iki ýyllyk möhleti bilen saýlanýar.
BMG halkara möçberinde parahatçylygy gorap saklamak, halklaryň arasynda dostlugy ýola goýmak, ykdysady, durmuş, medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, adam hukuklaryny goramak maksady bilen döredildi.
BMG-nyň merkezi jaýy Nýu-Ýorkda ýerleşýär. Ýewropadaky merkezi bolsa Ženewadadyr.
Garaşsyz Türkmenistanyň Baky Bitaraplyk gazanmagy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň parasatly daşary syýasatynyň dabaralanmagydyr.
Türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhy ýoly bar. Ol türkmen ýoly ýeňişli-ýeňişli ýoldyr. Türkmen ýoly taryhda gahrymançylykly ýoldyr. Biz ata-babalarymyzdan miras galan şanly türkmen ýolumyza guwanmaga, buýsanmaga doly haklydyrys. Bu ýol Garaşsyzlygymyzy we Baky Bitaraplygymyzy almagymyz bilen tükeniksizlige öwrülen altyn ýoldur.
1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-de Türkmenistanyň halkynyň özüni Garaşsyz döwlet diýip yglan etmegi Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň gijesini gündiz edip çeken zähmetiniň, onuň baryp 1985-nji ýylda döwlet başyny geçeninden soňky alyp baran parasatly işleriniň netijesidi.
Käbir ýurtlar onlarça ýyllaryň dowamynda BMG-nyň agzalygyna girjek bolup jan edýärdiler. Türkmenistan bolsa Garaşsyzlyk alanyndan soň bary-ýogy 4 aý geçenden soň planetamyzyň iň ýokary guramasy bolan BMG-nyň doly ygtyýarly agzalaygyny kabul edildi. 1995-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 22-de bolsa BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 50 ýyllyk ýubileýinde, Nýu-Ýork şäherinde Biziň Serdarymyz şowhunly el çarpmalar bilen garşylan taryhy çykyş etdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň parasatly daşary syýasaty halkara arenasynda has-da üstünlikli hormat etmäge, Türkmenistanyň adynyň abraýynyň has-da artmagyna ýol açdy. 1992-nji ýylda Ýewropa Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky Maslahatyň döwlet baştutanlarynyň Helsinkdäki taryhy mejlisindäki Türkmenistanyň daşary syýasatda onuň bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýermekçidigi hakyndaky ilkinji beýannama bilen başlandy. Ondan soň 1995-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplyk statusy ilki Baýdak aýynda EKO-nyň agzalary bolan on döwletiň baştutanlarynyň Yslamabatdaky duşuşygynda, Gorkut aýynda goşulmazlyk hereketiniň ýüz on dört ýurdynyň Kolumbiýada geçen forumynda makullanyldy, dünýäniň iň görnükli syýasatçylary, iň uly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary oňa ak pata berdiler.
Netijede yigrimi bäş döwlet Türkmenistanyň hemişelik bitarap statusy boýunça rewolýusiýasynyň şärikli awtorlary bolup çykyş etdiler we “Birleşen Milletler Guramasyna” girýän bir ýüz segsen bäş döwlet biragyzdan Garaşsyz Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyny goldap ses berdiler.
BMG-nyň birnäçe guramalary bardyr. Olar: ykdysady we durmuş Maslahaty, hossarlyk boýunça Maslahat, halkara sud, ylym, medeniýet we magaryf işleri boýunça ýörite gurama (ÝUNESKO), bütindünýä Saglygy saklaýyş guramasy (BSSG) we ş.m.
Birleşen Milletler Guramasy XX asyryň ikinji ýarymynda halkara dawalarynyň ençemesiniň parahatçylykly çözülmegine ýardam etdi. Onuň abraýy barha artyp, oňa dünýäniň 200 çemesi garaşsyz döwletleriniň ählisi diýen ýaly agzalyga kabul edildi. Garaşsyz diýarymyzyň ömürlik prezidenti, mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşymyzyň tagallalary bilen indi Türkmenistanyň döwlet Tugy-da dünýä döwletleriniň arasynda BMG-nyň jaýynyň öňünde parlaýar.