Robert Jeýms "Bobi" Fişer (9-njy Mart, 1943 – 17-nji ýanwar, 2008), Amerikaly küşt ussady we küşt boýunça dünýäniň 11-nji çempiony. Köpleriň pikirine görä ol adamzat taryhyndaky iň beýik küştçi.[1][2]

Fischer 1960-nji ýylda

13 ýaşynda wagty asyryň oýuny diýip ykrar edilen oýunda ýeňiş gazandy. Ilkinjisi 14 ýaşynda bolmak bilen jemi 8 gezek ABŞ çempionatynda oýnady we ählisinde iň az 1 bal öňde bolmak bilen ýeňiji boldy. 15 ýaş wagty şo wagta çenli aralykdaky iň ýaş grosmeýster we dünýä çempionlygyna dalaşgär bolan iň ýaş küştçi boldy.. 20 ýaş wagty ABŞ çempionadynda mümkin bolan 11 baldan 11 bal toplamak bilen çempion boldy, çempionat taryhyndaky ýeke-täk kämil netije..

1970 we 1971-nji ýyllarda ozal we soňra görlüp eşidilmedik derejede beýleki küştçilerden öňe saýlandy/. 1970-nji ýylda sebitleýin çempionatlar taryhyndaky 3.5 bal aratapawut bilen ýeňiji boldy we dalaşgärler çempionatynda çärýek final we ýarym final oýunlarynyň hersinde 6-0 hasaby bilen ýeňiji boldy. Grosmasterlere garşy yzly yzyna 20 oýunda ýeňiji boldy. BUlar ählisi ozal we soňra gaýtalanmadyk görkezijiler 1972-nji ýylda Islandiýanyň reýkýawik şäherinde SSSRli Boris Spaskä garşy oýunda dünýä çempionlygy sepdiginde ýetdi. Bu taryhdaky iň köp gyzyklanma bildirilen dünýä çempionatydyr. 

I1975-nji ýylda ol öz titulyny goramakdan boýun towlady FIDE onuň talaplaryndan birini kabul etmändigi üçin. Ondan soňra ol gözlerden ýitirim boldy we 1992-nji ýylda Ýugoslawiýada Boris Spaski bilen bolan duşuşygynda ýeňiş gazandy.Bu duşuyk BMG sanksiýalary astynda bolan Ýugoslawiýada bolup geçipdi. Bu oýuna gatnaşmagy ABŞ hökümedi tarapyndan jenaýat hökmünde kabul edildi we tussag ediljekdigi yglan edildi.

1990-njy ýylda küşt wagt hasaplaýjy ulgamyny oýlap tapdy we şuwagt ol ýaryşlarda ulanylýar. Mundanam başga,  küşt960 diýip bilinýän Fişerrandom küşt görnüşini döretdi.

1990-njy we 2000-nji ýyllarda ol Wengriýa, Germaniýa, Filippinler, Ýaponiya we ISlandiýada ýaşady we jynsparazlygy goldaýan birnäçe beýanatlar berdi. Onuň pasportynyň güýçsiz yglan edilmeginiň sebäbi diýip çak edilýär bu beýanatlar. Pasportynyň güýjüni ýitirendiginden bihabar bolan Fişer ýaponiýa syýahata gitdi we şo taýda Ýapon hökümedi tarapyndan tussag edildi  we 8 aý gözastynda saklandy deport edilmek ähtimallygy bilen.. 20005-nji ýylyň Mart aýynda Islandiýa hökümedi oňa raýatlyk bermek bilen, Ýapon hökümedini ony azat etmäge borçly etid. Fişer ömrüniň ahyryna çenli Islandiýada ýaşady.

Küşte başlamagy

düzet

6 ýaş wagty uýasy bilen küşt oýnamagy öwrendi.Uýasy Ýoan küşte gyzyklanmagyny bes etmeginden soňra Bobi öz özi bilen oýnaýardy. 

Körpe çempion

düzet

1956-njy ýylda Bobi meteor tizligindäki ösüşe ýetdi. Maý aýynda onuň reýtingdäki görkeziji 1726-a deňdi we bu san ilkinji orundaky Samuel Reşewskiden 900 bal aşakdady(2663).

1956-njy ýylda Log Cabin Chess Club ony Kuba şol bir wagtda 12 adama garşy oýnan küşt sergisine alyp gitdi. Bobi o taýda 10 ýeňiş we 2 deňlik gazandy.

Salgylanmalar

düzet
  1. Taryhdaky iň beýik küştçi diýenler:
    • Böhm & Jongkind 2003, pp. 47 (Ree interview), 91 (Timman interview), 113 (Short interview).
    • Hartston 1985, p. 157.
    • Levy 1975, p. 9.
    • Lombardy 2011, p. 220.
    • Müller 2009, p. 23.
    • Schonberg 1973, pp. 271, 302.
    • Waitzkin 1993, p. 275 (Kasparowdan sitata).
    • Wilson 1981, p. 171.
  2. "Megerem taryhdakyiň güýçli küştçi bolsa gerek" diýenler:
    • Böhm & Jongkind 2003, pp. 133–34.
    • Divinsky 1990. p. 67.
    • Eade 2011, p. 308.
    • Euwe 1979, p. ix.
    • Golombek 1977. p. 117.
    • Kasparov 2004, p. 490.
    • Mednis 1997, p. xiii.
    • Soltis 2003, p. 9.
    • Wolff 2001, p. 273.