Chess.com internet küşt serweri, Internet küşt forumy we sosial web saýtydyr. Şol bir sanda Chess.com saýtyna eýeçilik edýän kompaniýanyň ady.[1] Alexa Internet rankings-e görä bu saýt öňdebaryjy küşt saýtydyr.[2]

Chess.com saýtynyň baş sahypasynyň skrinşoty - 19/09/2018

Taryhy düzet

Chess.com domeini ilki bilen Kaliforniýanyň Berkeli sebitinde Afisionado tarapyndan hyzmata açylypdy we bu saýt küşt barada gollanma berýän "Chess mentor" atly gural satýardy.[3]2005-nji ýylda telekeçi Erik Allebest we hyzmatdaşy Jarom ("Jeý") Sewerson bu domeini satyn aldy we saýty gaýtadan düzmek üçin deweloperler ýygnady. Bu saýt 2007-nji ýylda gaýtadan ulanyşa goýberildi.[4] 2009-njy ýylda bu saýt ugurdaş küşt sosial ulgamy bolan chesspark.com saýtyny satyn alandygyny jar etdi.[5][6]

2013-nji ýylyň oktýabr aýynda chess.com Niderland asylly küşt täzelikleri saýty chessvibes.com saýtyny hem öz düzümine goşdy[7]. 2014-nji ýylda bu saýt öz üstünde milliarddan agdyk janly oýun oýnalandygyny jar etdi, bu möçbere 100 million gaýybana oýunlar hem dahyldyr.[8]

Saýt içi bäsleşikler düzet

Chess.com saýty 2012-nji ýylyň Ýanwaryndan bäri titully oýunçylara tölemek arkaly olary 3 sagatlyk arakesmesiz blitz "Duel duşuşygynda" göreşdirýär. (5 minutlyk, 3 minutlyk we 1 minutlyk oýunlar. Hersinde göçüm üçin 1 sekunt gatanç).[9] Bu güne çenli 38 sany beýle "Duel duşuşygy" bolup geçdi, gatnaşyjylar Hikaru Nakamura, Dmitry Andreýkin, Maksim Waşier Lagraw, Simen Agdeştaýn, Wesli Söw, Georg Maýer, Fabiano Karuana, Judit Polgar, Naýjl Şort we Ruslan Ponomariow ýaly dünýäniň naýbaşy küştçileridi.[10]

Kompýuter küşti bäsleşikleri düzet

2017-nji ýylyň Noýabr aýynda chess.com saýty şol wagtky iň güýçli 10 küşt programmasy arasynda bäsleşik gurnady, baýrak 2500 Amerikan dollary. Naýbaşy 2 programma, Stokfiş we Hudini "Superfinalda" göreşdi. 20 oýundan ybarat Superfinalda Stokfiş Houdiniden 10.5 - 9.5 hasaby bilen üstün çykdy. 5 oýun aýgytly netije bilen tamamlandy, 15 oýun deňlikde tamamlandy. Aýgytly 5 oýundan 3-sinde Stokfiş ýeňiş gazandy we beýleki 2-sinde Houdini ýeňiş gazandy.[11][12]

Aýratynlyklar düzet

Chess.com freemium biznes modeli bilen iş alyp barýar, saýtyň esasy aýratynlyklary tölegsiz[13] emma goşmaça aýratynlyklar üçin küştçiler töleg tölemeli.[14]

Saýt zyýaratçylar küşt serwerinde janly oýun oýnap bilerler we nobat-aýlawly diýilýän gaýybana görnüşde oýun oýnap bilerler. Küştçiler küşt programmalaryna garşy hem oýnap bilerler, saýlawly oýunlarda orun alyp bilerler we toparlarynyň haýsy göçümi göçjekdigine ses berip bilerler. Bulardanam daşary, taktiki tapmaçalar, küşt forumlary, makalalar, küşt täzelikleri, indirimler, açylyşlar ambary, toparlar, göni ýaýlymlar, günlük tapmaçalar, onlaýn tälim we 2 milliondan agdyk oýunly databaza ýaly goşmaça aýratynlyklar bar.

Saýtda küştçiler islendik derejede hem tälim alyp bilerler, oýnamagy öwrenip bilerler, çekeleşiklere gatnaşyp bilerler we küşt wakalaryna tomaşa edip bilerler.[15] Beýleki bir meşhur aýratynlygy bolsa klublardyr, klublar özarasynda duşuşyk gurnap bilýärler.

Bu kompaniýa küşt baradaky dürli temalarda makalar çap edýärler. Bu temalardan käbirleri: küşt strategiýasy, açylyş teoriýasy we taryhy. Natalia Pagonina, Gregory Serper ýaly meşhur ýazyjylar bu saýtda makala ýazýarlar.

Chesskid.com düzet

13 ýaş we ondan aşagy üçin Chess.com Chesskid.com saýtyny işledýär. Chesskid.com ABŞ küşt federasiýasy tarapyndan ykrar edilen onlaýn çempionat gurnaýar.[16][17]

Salgylanmalar düzet

  1. "Chess.com: A Social Networking Site For...Well You Can Probably Guess". TechCrunch. 2007-07-08. Retrieved 2013-11-30.
  2. "Top Sites in:All Categories > Games > Board Games > Abstract > Battle Games > Chess Archived 2018-06-20 at the Wayback Machine". Alexa.com. 28/02/2014 senesinde ulaşyldy
  3. "Chess Mentor by Aficionado". Web.archive.org. 1997-07-10. Archived from the original on July 10, 1997. Retrieved 2013-11-30. 
  4. "Chess.com: A Social Networking Site For...Well You Can Probably Guess". TechCrunch. 2007-07-08. Retrieved 2013-11-30.
  5. "Chesspark And Chess.com Put Their Pawns Together". TechCrunch. 2009-12-22. Retrieved 2013-11-30. 
  6. "Chess.com Makes Its Move, Acquires Name Chesspark.com". Private Equity and Venture Capital. Dow Jones. 23 December 2009. Archived from the original on 13 December 2013. Retrieved 10 December 2013. (subscription required (help)). 
  7. "BREAKING: Chess.com to acquire". ChessVibes. 2006-02-06. Archived from the original on 2013-11-21. Retrieved 2013-11-30. 
  8. Pete Cilento. "Chess.com: 1 Billion Games Served". Chess.com. Retrieved 6 January 2015. 
  9. "Deathmatch historical archive". Chess.com. May 17, 2012. Retrieved 1 January 2014. 
  10. Klein, Mike (30 May 2013). "Death Match 15: Caruana vs. Aveskulov". USchess.org. Retrieved 1 January 2014. 
  11. https://www.chess.com Chess.com announces computer chess championship.
  12. https://www.chess.com Stockfish wins chess.com computer championship.
  13. McClain, Dylan Loeb (13 March 2010). "Wherever You Are, a Game Is Just a Point and Click Away". The New York Times. Retrieved 15 December 2013. 
  14. Premium Membership & Subscriptions – Chess.com
  15. "Chess.com, red social para los jugadores de ajedrez". GenBeta.com. 8 July 2007. http://www.genbeta.com/web/chesscom-red-social-para-los-jugadores-de-ajedrez. İstifadə tarixi: 11 November 2012.
  16. "The United States Chess Federation – Nation's Top Chess Kids to Battle in Online Invitational". Uschess.org. 2012-05-31. Retrieved 2013-11-30. 
  17. "Bay Area kids look to checkmate opponents from a computer screen". Contra Costa Times. 2013-06-15. Retrieved 2013-11-30.