Düýeçi obasy Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky (ozalky Ýylanly) etrabynyň çäginde ýerleşýär. Ol Daşoguz şäherinden 10-12 km uzaklykda ýerleşip, onuň gözel tebigaty bardyr. Obanyň çäginde Daşoguz welaýat şypahanasy ýerleşýär. Bu obanyň adynyň gelip çykyşy barada dürli rowaýatlar we il içinde aýdylýan aýtgylar bar. Bu obanyň ýaşaýjylarynyň aglaba bölegi Ýomutlaryň Düýeçi tiresindendirler. Obanyň çäklerinde takmynan 2000 töweregi adam ýaşaýar. Şeýle-de şu at bilen tanalýan ýer ýüzünde ýene-de 8 sany oba bar diýip aýdylar. Olar Türkmenistanyň Lebap we Balkan welaýatlarynda, Türkiýe Respublikasynda, Azerbaýjanda hem-de Siriýa Arap Respublikasynda ýerleşýär.