“Dümew” bu ýokançly wirus keseli bolup adamlaryň ýaşyna we jynsyna seretmezden keselläp bilýärler. Birnäçe ýewropa dillerinde dümew “inflýunseý” (italýan dilinde inflýueza – “täsir etmek”) diýip atlandyrylýar. XVIII asyryň ortalarynda Rim döwletinde wirusyň potensial wirulentliliginiň ýokançlary döredi, bu bolsa sagdyn ilatyň birnäçesine öz ýaramaz täsirlerini ýetirdi. Dümew keseli her ýyl pasylyň sowuk aýlarynda ýüze çykyp, adamlaryň arasynda epidemiki görnüşinde ýaýrap, ýer ýüzüniň ilatynyň 15%-ni dümew keseli bilen kesellemeklige getirýär. Dümew keseli aýratyn çagalarda we gartaşan adamlarda köp duş gelip, heläkçilikli gaýryüzülmeli görkezijileriň ýokary bolmagyna getirýär. Dümew we ýiti resperator (dem alyş ýollary) keseli bilen (dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklamasy) ýürek gan-damar ulgamynyň näsazlykly gaýraüzülmelerine getirip, adamlaryň ortaça ýaşaýyş ömrüniň dowamlylygynyn birnäçe ýyla çenli gysgalmagyna getirip bilýär.

Biziň eramyzdan ozal 412-nji ýylda Gippokrat tarapyndan dümewe meňzeş keselleriň bardygyny belläp geçipdir. Birinji resmileşdirilen dümewiň birnäçe döwletlerde ýaýrama (pandemiýa) 1580-nji ýylda ýüze çykypdyr we birnäçe adamlaryň ýogalmagyna getiripdir. 1889 – 1891-nji ýyllarda dümewiň orta agyrlyk görnüşiniň pandemiýasy bolup geçipdir. Bu dümewi H3N2 görnüşli wirus ýüze çykarypdyr. 1918 – 1920-nji ýyllarda H1N1 ady bilen belli bolan “ispanka” dümewini belläp geçmek bolar. Bu dümewiň ýer ýüzüniň ilatyna ýaýramak bilen 20 million adamyň ýogalmagyny getirdi. “Ispanka” dümewi bilen ýer şarynyň 20-40 % halky ejir çekdiler. Dümewiň ýokuşmasy netijesinde adam ir bilen sagdyn, günortan dümew bilen keselleýär, agşamlaryna bolsa ölüm howpuny çalt ýüze çykarýar. Heläk bolmadyk adamlar dümewiň pnewmaniýa gaýryüzülmelerinden ejir çekdiler. Dümewiň bu görnüşi bolsa diňe ýaş adamlarda ýüze çykdy.

Dümewiň wirusyny ilkinji gezek 1931-nji ýylda alym Riçard Şope tarapyndan öwrenildi we ylmy taýdan esaslandyryldy. Dümewiň “A” wirusyny ilkinji gezek angliçan wirusology Smit, Andrews we Leýdlan tarapyndan 1933-nji ýylda açyşlary etdiler. Ondan 3 ýyl geçenden soňra alym Fransis dümewiň “B” görnüşiniň wirusyny ýüze çykardy. 1940-njy ýylda dümew wirusyny towuk embriýonynda kultiwirlendi. Bu açyşlara baglylykda, dümew wirusyny öwrenmekde täze mümkinçilikler döredi. 1647-nji ýylda alym Teýlor tarapyndan “S” dümew wirusyny ilkinji gezek ýüze çykardy.

1997-nji ýylda Gong-Kongda, guş dümewiniň ýaýramagy, guşlardan adamlara wirusyň ýokuşmaklygy bellenilip geçildi. “Suwda ýüzýän guşlar, wiruslaryň rezerwuary rollary bilen çykyş edýärler” diýen garaýyşlara salgylanýarys, sebäbi guşlarda belli bolan neýraminidaza we gemogglýutininň stereotipleri ýüze çykaryldy.

Dümewiň wirusy howanyň pes temperaturalarynda özlerini has durnukly alyp barýarlar, +4° selside 2-3 hepde dowamynda saklanýarlar. Gyzgynlygyň 50-60° temperaturalarynda birnäçe minutlaryň dowamynda dümew wirusy öz işjeňligini ýitirýärler, dezinfissirleýji erginleriň täsiri astynda wiruslar ýaşamaýarlar.

Dümewiň wirusy örän ýeňil görnüşde, sagdyn adama geçip bilýär. Howa – damja üsti bilen infeksiýanyň ýokuşmasy bir ýaýran ýoly hasap edilýär.

Adam bir gije gündiziň dowamynda kadaly ýagdaýda 15 000 litrlik howany dem alyş ýollarynyň üsti bilen geçirip bilýär. Howanyň mikrobly bölejegi burun boşlugynda filtrlenýär. Ýagny süzülýärler, wiruslar ýa-da bakteriýalar burun boşlugynyň epitelial öýjüklerine çökýärler, netijede bedeniň dümew wirusy bilen ýokuşmak howpuny döredýärler. Öýken dem alyş ýollarynyň dowamly keseli bilen ejir çekýän adamlara, esasan hem çilim çekýänlere dümew wirusy has çalt ýokuşyp bilýärler. Dümewleýän adama wirusgöteriji diýip at berýärler, eger-de ol asgyranda, üsgürende ýa-da gürleşende, onuň burun, bokurdak ýollaryndan tüýkülik, sülekeý we gakylygyň kesel dörediji mikroflorasy bilen dümew wiruslaryny daşyna çykarýarlar. Gysga wagt aralyk içinde, dümewli näsagyň daş-töwereginde howaly gatlakda, maksimal konsentrasiýaly aerozol bölejikleriniň wirusly, zäherlenen zonany emele getirýär. Wirusly aerozol bölejigiň ölçegi 100 mkm (uly damjaly döwri) deň bolup, olar çalt çökýärler. Wirusly aerozol bölejikleri howa giňişliginde seçelenen görnüşinde 2-3 metr aralyga çenli ýaýrap bilýärler. Howaly gatlakda wirusyň ýaşaýjylyk dowamlylygy, onuň aerozol bölejikleriniň ululygyna baglylygy bilen, dümew wirusynyň konsentrasiýa derejesini anyklap bolýar. Galyberse-de asgyrmagyň, üsgürmegiň we gürleýişiň güýji we ýygylygy bilen, dümew wirusynyň konsentrasiýa derejesi hem anyklanylýar. Dümewiň öňüni almakda bu maglumatlar sanitar we gigiýeniki çärelerini berjaý etmek üçin ýönekeý düzgünlerini agitasiýa we propaganda (wagyz-nesihat) çäreleriniň geçirilmeginiň zerurdygyny ýüze çykarýar. Bu bolsa dümew keseliniň ýaýramagynyň, 40-50 % öňüni almaga ýardam berer. Agzyňy ýapyp asgyrylanda, howa gatlagyna aeorozol bölejikleriniň sanynyň 7-10 esse az düşýändigini, dümew wirusynyň daşky gurşawda, howaly gatlagynyň konsentrasiýasynyň peselmegine getirýändigini, dümewleýän näsaga düşündirmeli, hat-da dümewli näsag bilen elleşip salamlaşmak hem dümewiň ýokuşmak howpuny döredip biler.

Dümew wirusy burun, bokurdak we dem alyş ýollarynyň, nemli gatlaklarynyň öýjükleriniň respirator gyjynyjylyk häsiýetini ýüze çykarýarlar, oňa jogap edip asgyrmak we üsgürmek ýaly häsiýetleri emele getirip, wiruslaryň yzyna serpikmek we daşary çykarmaklyk işjekliklerini döredýärler. Köp halatlarda, esasan hem çilim çekýän adamlarda, dümew wirusynyň bölejikleri, bedeniň 1-nji goranyş mehanizmlerinden sowulyp geçip, dem alyş ýollarynyň alweolýar gatlagyna hem düşüp bilýärler. Gemoglýutininiň kömegi bilen wirus, dem alyşyň öýjüklerine ýapyşýarlar, netije-de neýraminidaza fermentiniň bölünip çykmagyna getirýärler. Bu ferment nemli gatlagynyň öýjük membranasyny dargadýar. Dümew wirusy öýjügiň içki agzalaryna öz ýaramaz täsirlerini ýetirýär, soňlugy bilen wirusly, ribonuklein kislotasy, öýjük ýadrosyna akyp barýar. Netije-de öýjügiň ýaşaýyş işjeňlik döwri bozulýar we öýjük öz serişdelerini ulanyp, wirusly beloklary işläp çykarýar, RNK wirusynyň bölejikleriniň ýygnanmagyna we toplanmagyna getirýär. Emele gelýän wirusly belok maddalary, öýjügi zäherläp, öýjük membranasyndan çykýarlar we başga sagdyn öýjükleri hem zaýalap başlaýarlar, şonuň bilen birlikde öýjügiň eremek we ýok bolmak hadysasyny ýüze çykarýarlar. Wiruslaryň köpelmekleri aýratyn akymly, ýokary tizlikli amala aşyp, wirusyň dem alyş ýollaryna düşenden 8 sagat soňra, dümew wiruslarynyň sanynyň 103 çenli, 1-nji günüň dowamynyň ahyrynda 1023-e ýetýändigi bilen düşündirilýär. Wirusyň bu tizlikli wagty 1-2 gije-gündiziň inkubasiýon döwrüne deňdir. Soňlugy bilen wiruslar gan aýlanyş ulgamyna aňsatlyk bilen düşýärler, bedeniň hemme ýerlerine ýaýraýarlar, bu bolsa öýjük kapillýarlarynyň endoteliýasynyň zeperlenmegi we damar diwarlarynyň geçirijilik ukybynyň ýokarlanmalaryna getirýär.

Wirus gana düşüp, gan dörediji öýjükleri we bedeniň goranyş immunitet ulgamyna öz täsirini ýetirip, gandaky leýkositleriň derejesiniň peselmegine getirýär.

Dümewiň geçiş aralygy, köp hadysalara bagly bolup durýar: bedeniň umumy saglyk ýagdaýy, zyýanly endikler bilen meşgullygy, ýaşy we näsag öňem şu wirusly dümew bilen keselläpmidi ýa-da ýok, bu maglumatlar näsagy bejermeklige has uly kömek berýär.

    Dümew keseli bilen ejir çekýän adamlarda bolup geçýän alamatlar:
  • Bedeniň intoksikasiýasy – bedeniň dümew wirusy bilen zäherlenme derejesi.
  • Bedeniň aşa derlemegi.
  • Beden gowşaklygy.
  • Süňkleriň we myşsalaryň agyrylary.
  • Ýagtylykdan gorkmak.
  • Kelle agyrylary.
  • Kataral alamatlary.
  • Bokurdak – damak ýollarynyň yzky diwarlarynyň gyzarmalary.
  • Dem alyş, respirator alamatlary.
  • Dem alyş, kekirdek we traheýalaryň sowuklamalary.
  • Gurak kähalatlarda, çygly agyryly üsgülewikleriň bolmagy.
  • Ses ýollarynyň ýagny, fonasiýanyň näsazlyklary.
  • Kükrek, arkalaryndaky agyrylar.
  • Rinit alamatlary.
  • Giperemiýa alamatlary.
  • Sianotiki alamatlary.
  • Burun we bokurdak ýollarynyň nemli bardalarynyň guraklygy.
  • Konýuktiwit häsiýetleri.
  • Dinamiki ösüş akymly, öýkeniň segmentar sowuklama alamatlar toplumy ýa-da sindromy, birnäçe sagadyň dowamynda ýürek-öýken ýetmezçiliginiň alamatlarynyň ýüze çykmalary.
  • Rentgen barlaglarynda, keseliň kliniki gowy akymly netijeliliginde öýken sowuklama alamatlary yz galdyrmasyz ýitýärler.
  • Dümewiň 2-3-nji güninde, pnewmaniýanyň alamatlary ýüze çykýandyr.


Dümewiň beden gyzdyrma döwri 2-4 güne çenli dowam edip, ol 5-10 günüň dowamynda tamamlanýar, kä halatlarda bedeniň gaýtadan gyzdyrma ýagdaýlary bolup geçýär. Bu alamatlar bedende bakteriýal floranyň gatyşmaklary, ýa-da başga bir wirusly respirator infeksiýalary bolanda bolup geçýär. Beden dümew keselinden sagalandan soňra, 2-3 hepdäniň akymyna çenli infeksiýadan soňky asteniýa ýa-da bedeniň horlanma döwri bolup geçýär. Ony bedeniň ýadawlyk, gowşaklyk, kelle agyrylar, gyjynyjylyk, ukysyzlyk alamatlary biynjalyk edýär. Beden sowuklamasyndan tapawutlylykda, dümew ýokary beden temperaturasy (38° -dan ýokarylygy bilen) häsiýetlendirilýär.

Dümewiň öňüni alyş çäreleri:

  • Dümewiň öňüni almakda esasy usullaryň biri işjeň immun waksinasydyr. Haçanda bedene ýokançly afentiň bölejigini göýberlilende, bedende antitelany işläp çykarmaklygy kadalaşdyrýar we ýokançly öýjükde wiruslaryň köpelmekleriniň öňüni alýar.
  • Dümewiň, ýylyň noýabr we mart aýlary aralygynda ýüze çykýanlygyny göz öňünde tutup dümewe garşy waksina sanjymlary güýzüň oktýabr aýlarynda geçirmekligi maslahat berilýär. Sanjymdan soňky döreýän antitelanyň ýokary titri, bedende birnäçe aýlap saklanýar, alty aýdan soň emeli antitelaň derejesi aşaklap başlaýar.
  • Dümewiň öňüni almakda iň bir amatly we elýeterli serişde pagta - -hasa (watuo – marlewaýa) daňylary ulanmak bolar.
  • Bedeniň kesele garşylygyny ýokarlandyrmak üçin goşmaça gerekli mukdarda askorbin kislotasyny we poliwitaminleri kabul etmeklik maslahat berilýär. Askorbin kislotasy kelemde, itburunda (şipownikde), limonda, klýukuada, kiwide, mandarinde, greýpfrutda we apelsinde köpdürler.
  • Dümewiň öňüni almakda her gün 2-3 sany sarymsak bölejiklerini iýmeklik ýa-da çeýnäp agyz boşlugynda saklamaklyk, bu bolsa bakteriýalaryň zyýanly täsirinden goraýarlar.
  • Burun boşluklaryny günüň dowamynda azyndan 2 gezek suw bilen arassalamak, bu bolsa dem alyşş ýollaryndaky bakteriýalaryň azalmagyna getirýär. Burun boşlugyna sogan, ary baly agrylan erginiň 5-10 damjasyny damdyryp saklamaklyk maslahat berilýär. (3 nahar çemçesi ownuk dogralan sogany, 50 ml ýyly suwa garmaly, 1,5 çaý çemçesi arassa ary balyny garym 30 minut goýmaly).
  • Agyz, burun, bokurdak ýollarynyň boşluklaryny furasillin ýa-da çopantelpek erginleri bilen çaýkamaklyk maslahat berilýär. (300 ml suwy gaýnadyp 30-40 damja ewkalipt erginini goşmaly ýa-da 2-3 çemçe ýer alma gabygyny goşmaly.
  • Agşamlaryna ýyly suwly ajyja goşulan aýak wannalary ulanmaklyk maslahat berilýär.
  • Dümewde ýa-da dem alyş ýollarynyň sowuklamalarynda pihta ýaglaryny bedene çalmak, owkalamak ýa-da ingolýasiýa geçirmeklik biz bolan lukmanlar tarapyndan rugsat berilýär.

Pihta ýaglaryny bejergi hökmünde bedeniň “worotnik” zonalaryna arkada, döş kapasalarynda, aýaklarda, reflektor zonalaryna günüň dowamynda 4-5 gezek owkalama geçirmekligi peýdaly hasaplaýarys. Ýokarda görkezilen emlerden soň, bedeni kompres kagyzlary bilen örtmek, ýüň joraplary geýmek, ýyly odeýalo bilen ýapmak we der çykaryjy derman otlary ulanmaklyk maslahat berilýär.

Ingolýasiýa geçirmeklik üçin emal gabyň içine, gaýnag suwy guýmaly, pihta ýagynyň 3-4 damjasyny gaýnag suwa damdyrmaly, soň kelläňi polotense bilen örtüp, bejergi bugdan dem almaly. Pihta ýagynyň bir damjasyny burnuň her tarapky boşluklaryna damdyrmaly. Arassalanan pihta ýagyna dil aşagyna 3-5 damjadan günüň irki we agşamky wagtlarynda damdyrmaly. Dümew döwründe ýokarda görkezilen bejergi çäreleri geçirmeklik maslahat berilýär.

  • Turp şugundyryny gysyjyda gysyp suwuny almaly we oňa arassa ary balyny garmaly. Bu melhemi 2 nahar çemçeden günüň dowamynda 4-5 gezek içmeklige rugsat berilýär.

Adaty möwsümleýin dümewden özboluşly derman serişdeleri ulanmazdan, sagalmaklygy göz öňüne getirip bolmaýar. Özboluşly derman serişdeleri dümewiň alamatlyk bejergilerinde we bedendäki otrisatel (zyýanly) täsirli, wirus toksinleriniň has ýokary derejede peselmegine gönükdirilendir. Sagdyn bedende, hiç bir derman serişdesini ulanmazdan, dümew wirusyna garşy göreşýän biologiki güýçleriň ýeterlik derejede bardygyny edebiýatlardan bilýäris we hiç bir gaýryüzülmeli ýagdaýlary ýüze çykarmaýandygyny hem alymlar maglumatlarda ýazýarlar.

Adaty däl dümew wirusy bilen keselleýän adam, haçan lukmana ýüz tutmaly:

  • Bedeniň 1-nji gününde öýken dem alyş ýollarynyň sowuklamalarynda, maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolmaly.
  • Keseliň III güni öz saglyk ýagdaýy gowulaşmasa, ýagny beden gzygynlygy kadalaşmasa, kesel alamatlary aýrylmasa.
  • Gurak üsgülewiginiň güýçlenen ýagdaýynda.
  • Näsagyň umumy ýagdaýlary birbada gowulaşan ýaly bolup, birden erbetleşse.
  • Bedeniň gyzgynlygy gyzgyn gaýtaryjy derman serişdelerine täsirsiz bolan ýagdaýynda (parasetamol, ibu-fen-profen).

Dümew wirusy bilen keselleýän adam galagoply, aljyraňly ýagdaýa düşmezden indiki görkezmeleri ýerine ýetirmelidir:

  • Düşek gündeligini berjaý etmeli; sebäbi dümewiň geçiş döwründe gaýraüzülmeler ýüze çykmaz ýaly.
  • Ýaşaýan otaglaryňyzy yzygider ýelejiretmeli, otagda çygly arassalaýayş işlerini geçirmeli, bularyň hemmesi dümew wirusynyň işjeňligini peseldýärler.
  • Bedende ýeterlik derejede suw gündeligini geçirmeli. Uly adamlar 2-3 litre çenli suwuklyklary bedene kabul etmelidirler. Içki eşikleri yzygider çalşyp durmaly. Içgilerden dürli miweli – limonly çaýlary, kişde suwlary – kompotlary, morzlary ulanmaly. Bedende derler bilen zyýanly duzlaryň ýitmekleriniň öňüni alar ýaly, dermanlar, regidron ýa-da duzlandyrylan suwlary peýdalanmaly.
  • Beden gyzgynyny kadalaşdyrmak maksatly: parasetamol ýa-da ibuprofen derman serişderlerini ulanyp biler.


Aspirin derman serişdelerini ulanmak düýbünden gadagan edilýär. Sebäbi gan damar diwarlarynyň geçirijiligini ýokarlandyryp, öýkeniň çişme howpuny döredýär. Çagalarda bolsa dümewiň netijesinde Reýno keselli gaýryüzülmelere getirýär. Şonuň üçin lukmanlar beden gyzgynynyň ýokarlanmalarynda parasetamol ýa-da ibuprofen derman serişdesini ulanmaklyk maslahat berýärler. Bedeniň ýokary gyzgynlygyny gaýtarmak üçin niýetlenen her hili derman serişdeleri bar, olardan Koldreks ýa-da Teraflýu we ýene-de ş.m. ulanmaklyk lukmançylyk tarapyndan maslahat berilmeýär, sebäbi bu derman serişdelerinde ys, tagam berijileri we özüne ünsi çekýän reýkleri ulanýarlar, bu hem näsag bedene siňdirmek we ony dargatmak üçin çagalarda artykmaç ýüklemelere getirýär.

  • Iýmit serişdeleri, dümew bilen keselleýän näsagy siňmesi kyn bolýan iýmitleri bermeli däl, diňe ekerançylykda ýetişdirilen gök önümlerden taýýarlanan iýmitleri Rasionyna goşmaly. Bular dürli witaminlere we minerallara has baý bolýarlar we bedeniň immunitetiniň özboluşly häsiýetde berkemegine getirýär.
  • Gakylyk gopduryjy derman serişdeleri. Dümew bilen keselleýän näsagda, gurak üsgülewükler bolan ýagdaýlarda gakylyk gopduryjy derman serişdelerini ulanmaklyk maslahat berilmeýär, sebäbi bu ýagdaýda dem alyş ýollaryna, öýken agzalaryna öz aýyrmak täsirlerini ýetirýärler. Eger-de üsgülewügiň yzygider gaýtalanýan halatlarynda onda bromgeksin, lazolwan, mukostin ýaly derman serişdeleri we birnäçe derman otlarynyň görnüşlerini ulanmaklyga ýol berilýär, ýöne üsgülewügiň bakteriýal infeksiýalarynyň goşulmalarynda hökmany ýagdaýda lukmanyň kömegine ýüz tutmaly.


Islendik ýagdaýlarda dümewli näsag özüniň bejergilerinde haýsydyr bir derman serişdesi bilen özüniň saglygyna zyýan ýeetirmeli däldirler. Bejergiler näsagyň özüne, daşyndaky raýatlaryň saglygyna goşmak gurşawyny döretmeklige gönükdirilen bolmaly, dümewe garşy göreşmekde, bedeniň immunitet güýjüni güýçlendirmeklige jemlenen mobilizirlenen bolmaly.

Ýene-de dümewiň geçiş döwründe üsgülewüge garşy, gakylyk gopmagy kadalaşdyrmak üçin buýanyň köki ulanylýar, bu bolsa öýken bronhlarynyň drenaž funksiýalaryny gowulandyrýar, gakylygyň dykyzlygyny peseldýär we mukosilýar klirensiniň kemelmegine getirýär. Gakylygy kadalaşdyryjy derman serişdesi, bronhlaryň nemli sekresiýasyny, reflektorly güýçlendirýär. Fitobejergiler gadymyýetden bäri, dem alyş agzalarynyň kesellerinde giňden ulanylýar. Derman ösümlikleri ýumşak bejergi täsirleri bilen, geçirilýän bejeriş çäreleriniň netijeligini güýçlendirýär. Fitobejergileriň bedene gowy täsirleri etmekleri üçin derman ösümlikleriniň çig maly, onuň gaýtadan işleniş we taýýarlanyş tehnolgiýasyna baglydyr.

Haçan dümew wirusly näsagy gyssagly hassahana ýerleşdirmeli.

  • Dümew wirusynyň alamatlary bilen bedende, dem gysma alamaty ýüze çykanda (adam kadaly ýagdaýda minutda 16-18 gezek dem alýar). Bular ýaly ýagdaýda maşgala lukmana garaşmazdan “tiz kömek” lukmanyna ýüz tutmaly.
  • Bedende titreme (tutgaý) alamatlary ýüze çykanda.
  • Näsag kynlyk bilen dem alanda.
  • Yzygiderli kelle agyrylary we onuň agyrylyk derejesiniň artmalarynda.
  • Ýüzüniň ýellenmeleri ýa-da çişmeli alamatlary bolanda.
  • Bedeniň deri örtüklerinde örgünler bolup, barmaklar bilen basylanda aýrylmaýan görnüşlerinde.
  • Beden gyzgynlygynň ýokarlanyp, dümewiň alamatlary bilen birlikde gaýtarmak, gusmaklyk ýüze çykanda.
  • Gyzgyn gaýtaryjy derman serişdelerine seretmezden, bedende gyzgynlygyň ýokarlanan halatlarynda, bularyň hemmesi dümew wirusynyň agyr geçýänligi bilen düşündirilýär.


Sagdyn durmuş ýörelgesiniň doly we dogry berjaý edilişinde, berk bedenli, belent ruhda, geljege ynamly, gujurly we gaýratly, Watana, Hormatly mähriban we gahryman Arkadaga wepaly ýaşlaryň we täze bir sagdyn nesliň emele gelmeginde uly ähmiýetiň bardygyny, türkmen jemgiýetiniň doly göz ýetirýändigine biz ynanýarys we göz ýetirýäris.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, sportuň medisina we biologiki taýdan üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy Garaýew Gadam Saparowiç. Mähriban we gahryman Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk türkmen halkynyň geljeginiň dabaralanýan ýoluna öz ýagty şöhlesini, gün nury kimin çoýsun.