Daşoguz welaýatynyň taryhy
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Daşoguz welaýaty barada umumy maglumat.
Daşoguz (öňki: Daşhowuz, iňlis: Dashoguz, rus: Дашогуз öňki rus: Дашховуз, Ташауз). Türkmenistanyň demirgazyk bölegindäki Daşoguz welaýatynyň merkezi şäheriniň adydyr. Demirgazyk ykdysady raýonyn iň uly senagat, ulag, medeniýet we durmuş, administratiw merkezidir. Ilat sany – 227 184 adam. (2009).
Ýerleşik:
Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda, Şabat kanalynyň iki ýakasynda ýerleşýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada daşlygy – 546 km, Garagalpagystanyň paýtagty Nöküse çenli 76,6 km, Özbegistanyň Horezm welaýatynyň merkezi şäheri Ürgenje bolsa 80 km daşlykda. Şäherde demir ýol wokzaly we aeroport ýerleşýär. Aeroport şäherden 10 km daşlykda.
Adynyň çykyşy:
Şäheriň resmi adynyň gelip çykyşy “Dädem Gorkut” eposynda ady geçen Daş Oguzlardan gelýänligi bellenilýär. Irki döwür Oguz taýpalary Iç Oguz we Daş Oguzlar diýilýän iki şahamça aýrylýardylar.
Taryhy:
Şäher 1681-nji ýylda Hiwa hanlygynyň çäklerinde süýji suw guýuly kerwensaraý we gala hökmünde gurulýar.
Daşkent begliginiň merkezi.
1920-nji ýylda Horezm halk respublikasynyň düzüminde Türkmen oblastynyň (welaýat) merkezi.
Oktýabr 1924-nji ýylda Türkmenitan SSR-nyň düzümine girýär.
1992-nji ýylda “Ташауз” bolan rus dilindäki ady “Дашховуз” diýip üýtgedildi.
1999-njy ýylda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Niýazowyň teklibi netijesinde şäher “Daşoguz” diýip täzeden atlandyryldy.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |