Daşoguz welaýatynyň tebigaty

Daşoguz welaýatynyñ tebigaty

Demirgazygyny Horezm pesligi, Günortasyny Üňüz aňyrsy Garagum tutýar. Welaýaty, gündogardan günbatardan Amyderýanyň gadymy hanalary bolan Döwdan we Derýalyk kesip geçýär. Bu hanalaryň ugrunda Orungum, Öwezaly, Urpakgum, Ataçagan, Sekizatly, Bäşoý, Garaporsaň, Lawak, Eşegarbat ýaly çägelikler, Garadaşly, Gökçäge ýaly birnäçe uly bolmadyk köller ýerleşýär.

Pesligiň demirgazygynda palezoý we mezozoý döwürleriniň jynslaryndan düzülen uly bolmadyk Gubadag, Misginata, Ýylangyr belentlikleri ýer tutýar.

Gubadagda mermer we granit, käbir ýerlerde oňat hilli kerpiç we keramiki önümleri taýýarlamakda ulanylýan toýun, Düzgyrda nahar duzunyň çykýan ýerleri bar.

Beýleki welaýatlara garanda has demirgazykda ýerleşensoň Daşoguzda gyş sowugrakdyr. Ýanwar aýy ortaça temperatura -4 we -7 gradusdyr. Käwagtlar -36 derejä ýetýän aýazlar we +44 derejeden geçýän yssy hem bolýar. Tomus yssy hem-de gurak bolýar. Iýul aýynda ortaça temperatura +27-29 gradus, käwagtlar +43-44 gradus hem bolýar. Bu welaýatyň territoriýasy Türkmenistanda ygalyň iň az ýagýan ýeridir, bir ýylda ýagýan ygal mukdary 100 millimetre ýetmeýär. 86-98 millimetr bolýar. Welaýatyň klimaty bu ýerde şaly, orta süýümli gowaça we beýleki oba hojalyk önümlerini ýetişdirmäge amatlydyr. Welaýatyň esasy suw çeşmesi Amyderýadyr.