Damdamçeşme
Damdamçeşme mezolit döwrüne degişli gadymy adamlaryň gonalgasydyr. Damdamçeşme gowagyndan mezolit döwrüne degişli birnäçe zähmet gurallary hem tapyldy. Başga-da Uly balkan dagyndaky Damdamçeşme gowagyndan, gadymy gatlagyň içinde, gyralary ýonulan ýasy çakmak daşlary tapyldy. Olaryň içinde saplanan gazawlar we gapdallary oýuk ýasy daşlar hem bar. Şol gowagyň ýakynyndaky bir gowakdan (Damdamçeşme II -den) hem çakmak daşyndan ýasalan gazawlaryň, ýasy daşlaryň üsti açyldy.
Türkmenistanyň dag gowaklaryndan tapylan tapyndylar gadymy adamlaryň ýaşaýyş durmuşlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şol gowaklardan tapylan ýabany haýwanlaryň süňklerinden çen tutulanda, şol gowaklarda ýaşan adamlaryň kärleri awçylyk we balykçylyk bolupdyr.