Dandanakan söweşi Seljuklar bilen Gaznawy imperiýasynyň goşunynyň arasynda bolup geçdi. Söweş seljuklaryň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy we Horasandaky gaznawy agalygyny ýykdy.

Gaznaly we Seljuly esgerleri
Gaznaly we Seljukly esgerleri

Taýýarlyklar düzet

Seljuk serkerdesi Togrul beg bilen onuň dogany Çagry beg uly goşun ýygnap başlamak bilen, gaznawy territoriýalaryna howp salyp ugradylar. Seljuk atlylary gaznawylaryň serhetýaka şäherlerini çapawullap başlansoň, gaznawy soltany Mesut I (Mahmyt Gaznawynyň ogly) seljuklary öz territoriýasyndan çykyp gitmäge mejbur etmekligi ýüregine düwdi.

Söweş düzet

Soltan Mesudyň goşunynyň Sarahsa ýörişi mahalynda seljuk atlylary onuň otrýadlaryny degdi-gaçdy taktikasy arkaly surnukdurdylar. Üstesine seljuk atlylary gaznawy üpjünçilik liniýalaryna uly zeper ýetirip, olary golaý-goltumdaky guýulardan gyrakladypdyrlar. Gaznawy goşunynyň tertip-düzgüni we ruhy çynlakaý ýagdaýda pese gaçdy. Ahyrsoňy, 23 maý 1040-da 20,000 seljuk urşujysy Merw bilen Sarahsyň aralygyndaky Dandanakanda 50,000 adamlyk gaznawy goşuny bilen garpyşdy.

Netije düzet

Üç güne çeken söweş seljuklaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Mesut özüniň 100 sany atlysy bilen zordan başyny alyp gutardy. Bu ýeňiş seljuklaryň esasy güçý bolup döremgini gaznawylaryň bolsa pese gaçmagyny alamatlandyrýar. Seljuklar Horasany we töwerekdäki şäherleri eýeläp, soňra Beýik Seljuk Imperiýasy diýlip atlandyryljak imperiýany gurdular.

 
Beýik Seljuk Imperiýasynyň 1092-däki serhetleri, 1040 - Dandanakan söweşiniň bolan ýeri