Dargan gala—Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň çäginde ýerleşýän, ylmy esasda öwrenilmäge mynasyp taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri. Ata-babalarymyzyň döreden bu ajaýyp şäheriniň esasy galasy onat saklanypdyr. Galanyň diwarynda goranmak üçin edilen ululy-kiçili atyşhanalar baranlaryň ünsüni özüne çekýär. Öz döwründe bu şäheriň iki sany derwezesi bolup, olar galanyň gündogar we günbatar taraplarynda çylşyrymly ýagdaýda ýerine ýetirilipdir. Şäher merkezi böleginden, demirgazykdan günorta tarapa uzaýan diwar arkaly iki bölege bölünipdir. Şol diwaryň hem iki ýerinde halk köpçüliginiň gatnamagy üçin ýörite niýetlenen geçelgeler bar. Bu barada gündogaryň orta asyr şäher galyndylaryny öwreniji, belli alym G.A.Pugaçenkowanyň häsiýetlendirmegine görä, käbir şäherleriň rabady bolman, diňe erk we şähristany bolupdyr diýip görkezýär. Hakykatdan-da diwaryň gürtbatar tarapynda hünärmenleriň we senetçileriň peçlerinde işlenilen küýze döwukleri we demir erginleriniň galyndylary diýseň köp mukdarda açyk meýdanda häli-häzirlere çenli saklanyp galypdyr. Emma şäheriň gündogar tarapynda şolar ýaly tapyndylara we haýsydyr bir zadyň galyndylaryna açyk meýdanda duşmak asla mumkin dal. Şeýle hem ol ýerde orta asyr binagärlik sungatyna mahsus bolan, bişen kerpiçlerden bina edilen jaýlaryň yzlaryna we ýüzüne mawy syrça çalnan uly bolmadyk kerpiçleriň böleklerine gabat gelmek bolýar. Diýmek, G. A. Pugaçenkowanyň belleýşi ýaly, şäheriň günbatar tarapy hünärmenleriň we senetçileriň şäherçesi, gündogar tarapy bolsa, iri ýer eýeleriniň, täjirleri, şäher häkiminiň iş dolandyryş merkezi we onuň maşgala agzalarynyň ýaşan ýeri bolmaly. Dargan galada geçirilen arheologik barlaglaryň dowamynda tapylan keramika we beýleki tapyndylar galanyň düýbüniň I-III asyrda tutulandygyny tassyklaýar. Orta asyr taryhçylarynyň galdyran ýazgylaryna salgylansaň, onda bu ýadygärlik IX asyrda, Horezm (Köneürgenç döwleti), şäherinden soňky uly şäherleriň biri bolupdyr. Dargan gala ýadygärligi orta asyrlarda kuwwatly Horezm döwletiniň düzümine girip, XII asyryň ikinji ýarymlarynda, şäheriň tebigy taýdan örän amatly ýerde ýerleşendigi onuň uly şäherleriň birine öwrülmegine we tutýan meýdanynyň hem has giňelmegine getiripdir. Emma XIII asyryň başlaryndaky wakalar Dargan galanyň durmuşyna hem öz täsirini ýetiripdir.

Edebiyat

düzet
  • "Medeniyet" žurnaly. Aşgabat şäheri. 2014. №6. S.60-61