Ewolyusiyanyň kritikalary. Darwinizm bilim dünyäsinde giňden kabul görsede, esasan hem soňky ýyllar da genetika, molekulyar biologiya, biohimiya we antr opologiya ýaly ylym pudaklar y esasynda Darwinizmiň kritikalary yöredilyär. Meselem: 1) Janlylaryň arasynda hromosoma taýdan ýakynlyk gurulmagy kyndyr. Meselem şempanze bilen gorillalarda 48 hromosoma bar wagty, ýer almanyň hromosoma sany hem 48-dir. Ýöne ählimiziň bilşimiz ýaly, şempanze bilen ýer almanyň meňzeş tarapy ýokdur.

2) Geçiş formalary hakykatdan hem barmy? Ýa çylşyrymly janlylar, özlerinden ozalky döwürlerde ýaşan pes gurluşlylardan kem-kemden hasyl bolandyr ýa-da kem-kemden gowlaşan ýerýüzünde öz ýaşaýyşyny we neslini dowam etdirjek belli bir potensialda ýaradylandyr.

Eger janlylar birbirinden emele gelen bolsa buda kem-kemden bolup geçendir. Meselem balykdan gurbaga emele gelen bolsa birinji tapgyrda gurbaga meňzeşligiň 100-de 10%, soňra 100-de 20%, soňra bolsa 100-de 30% şeklinde dowam etmegi gerekdir. Şeýlelikde meselem balyk bilen gurbaga arasynda birnäçe geçiş formasynyň tapylmagyna garaşylar. Her görnüş üçin iň azyndan birnäçe geçiş formasynyň bolmalydygy dykgata alynsa, Ýeryüzündäki ösümlik we haywan görnüşiniň birnäçe essesi, ýagny müňlerçe geçiş formasy tapylmalydyr. Yöne welin millionlarça, hatda milliardlarça galyndy tapylmagyna garamazdan, geçiş formasy hökmünde öňe sürülen materiallar ýok diyjek ýaly azdyr we bularyň hem geçiş formasydygy jedellidir. (Geljekki bölümlerde giňişleýin durup geçeris)

Ewolyusionistleriň geçiş formasy diýip öňe süren käbir materiallarynyň ýalan çykandygynam bellemek gerek. Bilim taryhynyň iň uly skandaly Piltduanly adam (Пилтдуанский человек) munuň aýdyň subutnamasydyr.

Teoriýanyň gurujusy bolmagyna garamazdan Darwin, öz ýaşan döwründe geçiş formalarynyň tapylmadygynyň habaryndady. Munuň teoriyasy üçin uly bir meselediginem görüp, "Görnüşleriň gelip çykyşy" atly kitabynyň Difficulties on Theory atly bölüminde şu sözleri ýazdy: "Eger ýuwaş ösüşler (sistemasy bilen görnüşler) emele gelen bolsa, sanawsyz geçiş formasyna duş gelmelidiris... (Emma) Geologiya gowy derejelendirilen bir (ewolyusion) döwür orta çykaranok we belkide bu, meniň teoriyama garşy öňe sürüljek iň uly garşylyk boljakdyr". Charles Darwin, The Origin of Species, s. 172, 280

Darwiniň bu uly problema garşysynda öňe süren ýeke täk düşündirişi bolsa öz döwründäki galyndy ýazgylarynyň ýetersizligidi. Şeýlelikde Darwin, galyndy ýazgylary giňişleyin öwrenilende geçiş formalarynyň tapyljagyny öňe sürdi. Darwinistler Darwiniň bu sözlerine ynanyp 19-njy asyryň ortalaryndan bäri dünyäniň dört tarapyny agdaryp, bu galyndylary gözlediler. Uly bir höwes bilen gözlenen geçiş formalaryna welin, dünýäniň hiçbir ýerinde duş gelinmedi.

Tebigat we janlylarda ähli wagt üytgeyjilik bardyr. Yöne çäksiz bir üytgeyjilikden söz edip bolmaz. Görnüş içi üytgeyjilik bardyr we janly görnüşleriniň ýaşamagy üçin gereklidirem. Ewolyusion manysynda ullanylan üytgeyjilikde, Ýaradyjynyň ýokdugy bellenilip, bütin janlylaryň yzygider halda we birbirinden meydana gelendigi öňe sürüler. Munýaly bir pikiriň hiçbir ylmy gymmaty ýokdur we dolulygyna ateist ideologiya bagly pozitiwist filosofiyanyň bir önümidir.

3) Erkek bilen urkaçy meselesi.

Mälim bolşy ýaly her bir janly erkek we urkaçy bolmak bilen ikä bölünýär.

Nature dergisiniň redaktory John Maddoksyň hem bellemegine görä: "Iň möhüm sorag jynsy köpelişiň nädip emele gelendigi barada. Ýyllap orta goýulan bütin pikirlere garamazdan muny heniz çözüp bilmedik"[1]

Esasan hem erkek bilen urkaçy jynsyň arasynda birbirini özüne çekmek ýaly hadysalaryň nädip emele gelendigi ýaly yüzlerçe sorag bar. Adam barlygynyň orta çykyşyna hem ewolyusion üytgeyjilikler netijesinde diylip baha berilsede, adamyň haçan we nädip "Erkek" we "Ayal" hökmünde tapawutlanandygyny, has dogrusy "Erkek" bilen "Aýalyň" gerek emosional, gerek biologik taydan birbirine zerurlygynyň, şol sanda sazlaşygynyň haçan, nädip we haýsy gurşawlarda emele gelendigini ewolyusion logika bilen düşündirip bolmaz.

[1] Antony Flew, There Is a God, s. 111.


Embriologik meňzeşlik skandaly

düzet

Ilkinji gezek Fon Beriň orta atan, has soňra Ernst Gekkel tarapyndan 1886-njy ýylda Biogenetik kanun diylip atlandyrylan teoriya görä ontogenez filogeneziň gaytalanmagydyr. Gekkel tarapyndan öňe sürlen bu teoriya janly düwünçekleriniň ösüş döwründe atalarynyň geçiren ewolyusion döwürleri gaytalayandygyny öňe süryärdi.

Oňurgalylaryň embrional ösüşleri wagtyndaky meňzeşlikler muňa mysal hökmünde görkeziler. Balyk, salamandra, gurbakga, towuk, towşan we adam düwünçekleriniň ilki başda birbirlerine örän meňzeşdigi öňe sürüler.

Ewolyusionistler ählisinde birbirine meňzeş žabra ýarçyklarynyň bardygyny aýdarlar. Süydemdirijileriň böwrekleri emele gelyän mahaly geçiren döwürlerinde ilki pronefros görnüşde, soňra mezonefros, has soňky döwürlerinde bolsa metanefros görnüşdäki böwregiň görülendigi, bütin süydemdiriji görnüşleriniň böwrek ösüşinde birmeňzeş embrologik döwürleri geçirendigi öňe sürüler.

Kritikalary: Darwinizmiň üstünde köp ýyllar sarp eden, şol sanda köp sanda kitap ýazan Biohimiya Professory Dueyn Giş düwünçekde oyuk we hasa meňzeş gurluşlaryň balyklarda žabra öwrülyändigini, yöne adam, süydemdiriji, guş we süyrenjide bu gurluşlar bogaza açylmayandygyny we dem alyş bilen bagly dokumalara hem öwrülmeyändigini, şeylelikde bularyň žabra ýarçyklary hökmünde dykgata alynmajagyny belleyär.[1] Britanýaly embriolog Lewis Wolpert bolsa žabra ýarçyklary barada şu setirleri dile getiryär: "Oňurgaly düwünçeklerindäki farinks torbalaryny žabra meňzeş diyip atlandyrmak üçin embriologik bir sebäp ýokdur. Bu adalganyň yeke täk sebäbi süydemdirijileriň balyga meňzeş atalardan gelendikleri şeklindäki teoretiki garaýyşdyr"[2]

Gekkeliň eden hilegärligi. (Giňişleyin maglumat almak üçin "Эмбриолог Майкл Ричардсон" diyip gözleg geçirip bilersiňiz.)

Temanyň has-da täsin galdyryjy bir başga tarapy bolsa Ernst Gekkeliň öz "Rekapitulyasiya teoriyasyny" öňe sürmek üçin çyzgylarynda eden hilegärligidir. Embriolog Michael Riçardsonyň ýolbaşçylygynda Gekkeliň çyzgylary hakyky suratlar bilen deňeşdirilip, onuň hakykaty nä derejede üytgedendigi orta goyuldy. Gekkeliň düwünçekleri meňzeş görkezip bilmek üçin çyzgylarynda hilegärlik edendigini bildirýän meşhur "Science" dergisi makalanyň dowamynda şu setirleri dile getirdi: "Riçardson bilen toparynyň bildirmegine görä Gekkel diňe bir organlar goşmak ýada çykarmak bilen galman, şol sanda dürli görnüşleri birbirine meňzeş görkezip bilmek üçin ululyklary bilenem oynapdyr. Has dogrusy Gekkel tapawutlary gizläp bilmek üçin görnüşleri atlandyrmakdan gaça durup, ýeke bir görnüşi edil bütin bir haýwan toparyny aňlatjak şekilde görkezipdir. Riçardsonyň bellemegine görä birbirlerine örän ýakyn bolan balyk görnüşleriniň düwünçeklerinde hem, şekil we gelip çykyş döwürleri taydan örän uly tapawutlara duş gelinyär. Riçardson "Gekkeliň çyzgylary biologiýadaky iň uly hilegärliklerden biri halyna gelyär" diyip belleyär."

Oňurgaly düwünçekleriniň ululyk taydan 1mm-den 10mm-e çenli dürli ululyklara eýe bolandyklary halda, Gekkeliň olary birmeňzeş ululykda çyzandygyny bildiren Embriolog Riçardson, hem gury ýerde hem-de suwda ýaşayan haýwanlar arasynda embriologik morfologiya taydan uly tapawutlaryň bardygyny, yöne Gekkeliň bu barada teoriyasyna uysun diyip salamandrany seçendiginem dile getiryär: "Gekkeliň hilegärlik, ýagny bilgeşleyin aldatma bilen, günäkär bolsun ýada bolmasyn, çyzgylarynyň oňurgaly düwünçeklerini yalňyş görkezendigine şüphe ýokdur. Ilki bilenä ol, diňe bir teoremasyna gabat gelyän düwünçekleri seçipdi. Her niçigem 7 klas oňurgaly, ýagny äňsiz balyklar, kitirdewükli balyklar, amfibiyalar, süýrenjiler, guşlar we süydemdirijiler bolsa-da, Gekkel diňe altysyny görkezip, äňsiz balyklar bilen kitirdewükli balyklary dolulygyna görmezden geldi. Has dogrusy amfibiyalary aňlatjak şekilde örän dürli şekle eýe bolan gurbagany dälde salamandrany seçdi..." [9]

Garward uniwersitedinden ewolyusionist poleontolog Stiwen Jey Gould 1977-nji ýylda "Ontogeny and Filogeny" atly yazan kitabynda Gekkeliň eden hilegärligini tankyt etmek ýerine muny öwüp, munýaly hilegärligiň hyýal güyjüni herekete geçiryändigi üçin peydaly bolandygyny aýdypdyr. Gould ýyllar soňra galama alan bir başga makalasynda bolsa şu setirleri dile getirýär: "Pikirimçe häzirki zaman ders kitaplarynyň köpüsinde bolmasada, uly bir bölüminde bu çyzgylaryň entegem ýer almagyna rugsat beren akylsyz bir hereket sebäpli hemmämiziň geň galmagy hem-de utanmagy gerek diyip pikir edyärin. Gekkeliň hilegärligi örän açykdy welin, ol bäş aýry professor tarapyndan hilegärlik etmegi bilen aýyplanyp, Ýenadaky uniwersitet kazyýeti tarapyndan günäkärlenipdi".

Goulduň hem belleyşi ýaly, aslynda Gekkeliň eden hilegärligi ol heniz durmuşda mahaly yüze çykypdy. Gekkeliň özi hem eden hilegärligini kabul edipdi. "The Neck of the Gir affe: Wher e Darwin Went Wrong" kitabynyň awtory Frensis Hitçing hem, Ernst Gekkeliň hut özüniň eden hilegärligini boyun alandygyny bildirip, onuň şu sözlerine ýer beryär: "Bu eden hilegärligimi boyun alanymdan soňra özümi aýyplanan we ýazgarylan hökmünde görmegim gerekdir. Yöne meniň tesellim birgiden meşhur biolog bardyr welin, olaryň çykaran iň gowy biologiya kitaplarynda, tezislerinde hemde dergilerinde meniň derejämde edilen hilegärlikler, anyk bolmayan maglumatlar, az-köp ýoýulan şekiller ýer alýandyr".[3-4]

Meşhur bir bilim žurnaly "Science" dergisindäki makalada şeyle diyyär: "Gekkeliň boyun alan sözleri çyzgylarynyň 1901-nji ýylda "Darwin and After Darwin" atly bir kitapda ullanylandan soňra yitirim boldy. We çyzgylar, iňlisçe biologiya ders kitaplarynda giňden köpeldildi"[5].

Gysgaça aydylanda Gekkeliň çyzgylarynyň bir hilegärlikdigi heniz 1901-nji ýylda orta çyksada, bütin bilim dünyäsi bu çyzgylar bilen bir asyr boyunça aldanylmaga dowam etdi.

Köp sanawdaky embriolog tarapyndan ewolyusionistleriň öňe sürüşiniň tersine, adam düwünçeginde hiçbir wagt žabra ýarçyklarynyň görülmedigi, adamyň süyrenjiler ýada maýmyna meňzeş hallardan geçmeýändigi orta goýuldy. Žabra ýarçyklarynyň galyndysy hökmünde görkeziljek bolunan gurluşlar aşaky we üstki eňek, hyoid (dil süňki), galkan şekilli mäz we timus mäzlerini emele getiryän embrionik gurluşlardygy yüze çykdy.

Düwünçegiň "yumurtga sarysy haltasyna" meňzedilen bölegi bolsa hakykatda çaga üçin gan öndüryän bir haltadygy, Gekkel bilen yzyny ýöredyänleriň "guyruk" diyip atlandyran bölekleriniň bolsa adamyň oňurga süňki bolup, diňe bir aýaklardan ozal emele gelyändigi sebäpli guyruga meňzeş şekildedigi bilindi. Bular häzirki wagtda bilim dünyäsinde bilinen hakykatlar bolup, hatda Sintetik Darwinizmiň gurujylaryndan Jorj Gaylor d Simpson we W. Beck hem "Gekkel ewolyusion ösüşi yalňyş şekilde orta goydy. Bugün janlylaryň embriologik gelip çykyşlarynyň geçmişleri barada habar bermeyändigi indi anyk bilinyär" diyip belleyär.[6]

Mundan başga-da Gekkel, esasan hem düwünçekleriň irki döwürleriniň bir birine has menzeşdigini öňe sürüpdi. Yöne Gekkeliň çyzgylary iň irki döwürlerden dälde, gelip çykyşyň ortasyndan başlar. Has irki döwürler arasynda bolsa örän uly tapawutlar bar. Oňurgaly böwreginiň gelip çykyşynyň balyk we gurbagalar bilen hiçbir baglanyşygynyň ýokdugyny hem bellemek gerek.

Molekulýar biolog Micheal Denton bu barada şeyle diyyär: "Balyk bilen gurbagalarda böwrek gönimen mezonefros diylip bilinen embrionik organdan emele gelyän bolsa, süyrenji we süydemdirijilerde mezonefros ösüşiň soňuna tarap alamatyny yitirip, ulularyň böwreginiň emele gelmeginde hiçbir rol oynamaz. Munuň ýerine böwrek mezonefrosdan baglanyşyksyz bir şekilde ösen mezodarmal dokumadan hasyl ediler".[7]

Soňky sözi hem Jonathan Uollesa bereliň: "Her niçigem biologlar Gekkeliň çyzgylarynyň hilegärlikdigini we oňurgalylaryň ösüşinde iň irki döwürleriň iň köp meňzeyän döwürler bolmadygyny bilseler hem ders kitaplary sada okuwçylary Darwin Teoremasynyň embriologik delile daýanyandygyna ynandyrmak üçin bu çyzgylar we şol bir ölçegde diyen ýaly aldawjy suratlary ullanýandyrlar."[10]

Bibliografiýa [1] Gish, D.T. Evolution: The Fossils Say N98o! [2] Wolpert, L.The Triumph of The Embryo. Oxford: Oxford University Press, s. 185, 1991 [3-4] Francis Hitching, The Neck of the Giraffe: Where Darwin Went Wrong, New York: Ticknor and Fields 1982, s. 204. [5] Elizabeth Pennisi, "Haeckel's Embryos: Fraud Rediscovered", Science, 5 September 1997. [6] G. G. Simpson, W. Beck, An Introduction to Biology, New York, Harcourt Brace and World, 1965, s. 241. [7] Denton, M. Evolution. A Theory in Crisis. Burnett Books, London, 1985. [8] Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth? [9] Rickardson, M.K. Heteronchrony and The Phylotypic Period. Developmental Biology 172, s.412-421, 1995. [10] Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth?