Deňhaýallanýan hereket

Deñhaýallanýan hereketde tizlik islendik deñ wagt aralyklarynda şol bir ululyga kiçelýär. Şunlukda
a = υ-υo/t
formula bilen hasaplanylýan tizlenme otrisatel ululyk bolup çykýar. Sebäbi:
υ<υo
deñhaýallanýan hereket hemişelik otrisatel tizlenmeli hereketdir. Tizlenme wektory hereketiñ garşysyna urukdyrlandyr. Deñhaýallanýan hereket
a-surat
Deñhaýallanýan hereketde jisimiñ islendik wagt pursaty üçin tizligi aşakdaky formula bilen añladylýar.
υ = υo-a/t
Deñtizlenýän we deñhaýallanýan hereketlere deñüýtgeýän hereketler diýilýärler. Sebäbi iki hereketde hem tizlik deñölçegli üýtgeýär.