Derýa leňňeji
Derýa leňňeji Leňňeçşekilliler klasyna degişli bolup olar süýji, arassa, dury suwly derýalarda, derýajyklarda, köllerde ýaşaýar. Derýa leňňejiniň başga bir görnüşi bolsa Wolga derýasyndan Hazar deňzine geçip, onda ýaşamaklyga uýgublaşypdyr. Derýa leňňeçleri gije işjeň bolany üçin, gündizlerine daşlaryň aşagynda, suwuň düýbünde we kenar ýakalarynda ösýän ösümlikleriň kökleriň aralarynda, garaňkyrak we bukurak ýerlerde gizlenýärler.
Derýa leňňeji | |
Taxon name | Astacoidea |
---|---|
Taxon rank | superfamily |
Parent taxon | Astacidea |
Taxon common name | Crayfishes |
Commons category | Astacoidea |
Topic's main category | Category:Crayfish |
Astacoidea |
Gurluşy
düzetDerýa leňňejiniň bedeni gaty örtük bilen gabalyp alnandyr. Örtük organiki maddadan ybarat. Leňňejiň örtügi bedene daşky skelet bolup, ony daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden gorap saklaýar. Derýa leňňejiniň örtügi ýaşylymtyl-goňur reňkli bolýar. Bu reňk suw astynda ýaşaýan leňňeç üçin goraýjy häsiýetli reňkdir. Leňňejiň bedeni iki bölüme: uly kellekükrege we bogunlardan durýan ýasy, kiçiräk garna bölünýär. Kellekükrek hereketsiz birleşen kelleden we kükrekden durýar. Olaryň arasynda çyzyk bar. Kelle bölüminiň öň ýokary tarapynda iki sany oýtumjyk bolup, olaryň içindäki baldajygyň ujunda göz ýerleşýär. Kelläniň öňki ujunda iki jübüt murt (biri uzyn biri gysga) bar. Bu uzynly-gysgaly murtlar syzyş we ys alyş synalar hasaplanylýar. Leňňejiň agyz töwereginde görnüşlerini üýtgeden ujaklar bolup, olar ýokarky we aşaky äňleri emele getirýärler. Olar iýmitleri tutmak we owratmak işini ýerine ýetirýärler. Leňňejiň kükregi 8 bogundan bolup, her bogunda bir jübüt ujak bolýar. Öňki jübüti aýak äňler,ortakylary gysaçly aýaklar, 4 jübüti bolsa, ýöreýji aýaklar hasaplanýar.
Muskulturasy
düzetÝagyş gurçugynda hemme içki synalaryň daşynda deri-muskul haltasy bar. Ol gurçugy herekete getirýär. Leňňeçşekillilerde bolsa muskultura bolýar. Muskultura aýry-aýry myşsa dessejiklerini emele getirip, bedeniň diňe kesgitli bölümlerini, synalaryny herekete getirýär.
Beden boşlugy
düzetLeňňejiň beden boşlugynda içki synalaryň dürli ulgamlary ýerleşýär.
Iýmitlenişi
düzetIýmitleniş ulgamy çylşyrymlydyr. Derýa leňňejiniň Iýmitleniş ulgamy: agyzdan, damakdan, gyzylödekden, iki bölümden ybarat bolan garyndan, içegeden we artbujak deşiginden ybarat. Garnyň birinji bölüminde iýmitleriň garyn diwaryndaky örtükden bolan dişjagazlar tarapyndan owradylýandygyny, onuň ikinji bölüminde iýmitleriň süzgüçleriň kömegi bilen süzülýändigini, artbujak deşiginiň bolsa ,guýruk ýüzgüjiniň aralygynda ýerleşýändigini bellemek gerek.
Gan aýlanyş
düzetDerýa leňňejinde gan aýlanyş merkezi bolup ýürek hyzmat edýär. Ol ýygrylyp we ýazylyp, gany herekete getirýär. Gan aýlanyşygy açyk bolýar. Gan beden boşlugyna barýar we içki synalaryň üstüne, aralaryna dökülýär, olara ergin kislorody we ýokumly iýmitlik maddalary berýär. SoňrA kislorodsyz we iýmitsiz gan akdyryjylara ýygnalýar hem-de olar arkaly ýürege barýar. Gan ýürekden žabralara baryp, kömürturşy gazy berýär we kislorody kabul edýär.
Nerw ulgamy
düzetDerýa leňňejiniň nerw ulgamy damakýany nerw düwünlerinden we garyn nerw zynjyryndan, şeýle-de olardan aýrylyp gidýän nerw ösüntgilerinden durýar. Leňňejiň nerw ulgamy oňat ösen. Damagüsti nerw düwnünden nerw ösüntgileri murtlara we gözlere, damagasty nerw düwnünden bolsa, olar agyz synalaryna barýarlar. Garyn nerw zynjyrynyň nerw ösüntgileri içki synalara we ujaklara, garna we guýruk ýüzgüçleriniň esasynda barýarlar.