Disertasion işleriň goralyş aýratynlyklary

Dissertasion işleri goramaga taýýarlamak we goramagyň tertibi diplom işleriniňkiden tapawutlanýar. Goramaga taýýarlyk görülýän döwürde dissertasion işiň gysgaça beýanyny (awtoreferatyny) taýýarlamak talap edilýär. Awtoreferat tipografik usulda ýa-da kompýuterde azyndan 100-200 nusgalykda çykarylyp, degişli ylmy edaralara, merkezi kitaphanalara ýollanylýar. Dissertasion işiň esasy mazmunynyň gysgaça beýanynda temanyň derwaýyslygy, derňewiň usuly, işiň ylmy-amaly gymmaty hakda örän gysgajyk, emma ýeterlik maglumat berilýär. Awtoreferatyň wezipesi ylmyň şol ugry boýunça işleýänleri derňew obýekti, usulyýeti, gelnen netijeler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Şoňa görä awtoreferat türkmen dilinde ýazylanam bolsa, onda halkara gatnaşyk serişdesi diýlip ykrar edilen rus, iňlis dillerinde gysgajyk annotasiýa hem berilýär. Tema boýunça her näçe köp makala çykardylan hem bolsa, olar dissertasion işi bitewiligine göz öňüne getirmäge mümkinçilik bermeýär. Hut şonuň üçinem awtoreferat ýazylýar. Ol dissertantyň geçiren derňewlerini bitewiligine göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Dissertasiýa ýazylýarka neşir etdirilen makalalar, köplenç, tema boýunça ilkinji ylmy habarlar häsiýetinde bolýar. Awtoreferat bolsa derňew gutarnykly tamam lanandan soňra ýazylýar, diýmek, onda öňki pikirler, garaýyşlar anyklanylýar, goşmaça maglumatlar girizilýär. Dissertasiýa boýunça neşir edilen makalalarda, adatça, birki sany netije çykarylýan bolsa, awtoreferatda tutuş dissertasiýa boýunça umumy netijelere gelinýär.

Awtoreferat şol temanyň başgalar tarapyndan gaýtalanmazlygyndan (dublirlenmeginden) hem saklaýar. Dissertasiýa goralmazyndan öňürti şol ugur boýunça işleýän alymlaryň dissertasiýanyň üstünlikli we kemçilikli taraplary hakdaky garaýyşlaryny bilmäge-de mümkinçilik berýär. Kandidatlyk dissertasiýalarynyň awtoreferatlary 1 çap listi töweregi möçberde bolýar. Ol dissertasiýanyň hemme bölümlerini öz içine alýar, onda bölümleriň mazmuny, derňew usullary, gelnen netijeler hakda gysgaça maglumatlar berilýär. Işiň awtoreferatyny okan adam dissertasiýany bitewiligine göz öňüne getirip biler ýaly edip ýazmak üçin, ýazmaga girişmezden öňürti dissertasiýanyň her bölüminden iň esasy maglumatlar saýlanyp alynmalydyr. Awtoreferatyň Giriş bölüminde temanyň derwaýyslygy, gaýragoýulmazdan öwrenmegiň zerurlygy, ähmiýeti, maksady, wezipeleri esaslandyrylýar, dissertasiýanyň obýektine we dernewiň usulyýetine häsiýetnama berilýär. Ylmy derňewiň mazmunynyň beýany bölüminde dissertantyň öz geçiren derňewlerinden gelip çykan esasy netijeler beýan edilýär, ylma näme täzelik getirilendigi, gelnen netijeleriň ylmy hem amaly gymmaty nygtalýar.

Awtoreferatyň Netije we Tema boýunça neşir edilen işler bölümleriniň her biri aýratyn sözbaşy edilip berilýär. Netije bölüminde dissertasiýada gelnen netijeler jemlenilip, işden umumy netije çykarylýar. Awtoreferatyň ahyrynda işiň gysgaça jemlemesi türkmen, rus we iňlis dillerinde berilmelidir.

Dissertantyň tema boýunça neşir edilen işleriniň sanawynyň berlişi-de ylmy işlerde berilýän bibliografiýalardan azda-kände tapawutlanýar, işler elipbiý tertibi boýunça däl-de, hronologik tertipde ýerleşdirilýär, awtoryň ady görkezilmeýär. Eger bir ýylda awtoryň birnäçe işi neşir edilen bolsa, onda işler öz ady boýunça elipbiý tertibine salynýar. Başga bir awtor bilen bilelikde ýazylan işler dissertantyň ýeke özüniň şol ýylda neşir edilen işlerinden soňra berilýär. Bir aýyň dowamynda dissertasiýa hakda alymlaryň öz pikirlerini ibermekleri üçin dissertasiýanyň goraljak wagty we goraljak ylmy edarasy awtoreferatda anyk görkezilýär. Dissertasiýalar Ýöriteleşdirilen Alymlar geňeşinde goralýar. Goramak üçin dissertanta söz berilmezden öňürti geňeşiň alym kätibi geňesiň agzalaryny awtoryň terjimehaly we onuň dissertasiýasyna, awtoreferata gelip gowşan synlar(ressenziýalar) we beýleki maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Soňra dissertantyň özüne söz berilýär. Dissertantyň çykyşy gutarandan soň, işiň ylmy ýolbaşçysyna (doktorlyk dissertasiýasynda ylmy konsultanta) söz berilýär. Ylmy ýolbaşçydan soňra dissertasiýa hakda çykyp geplemeler başlanýar.


  • IUHD. Hemidow Arslan