Dodak üçin balzam – bu, dodagyň şemalladylan ýa-da ýarylan derisini ýumşatmak üçin, şeýle hem gerpesi bejermek üçin çalynýan serişde. Dodak üçin balzamyň düzüminde köplenç ary ýa-da karnaub mumy, kamfora, lanolin, parafin, wazelin we beýl. bolýar.[1]

2019-njy ýylda dodak üçin balzamyň dünýä bazarynyň göwrümi 660 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bazaryň geljekki bäş ýylyň dowamynda 7,3% depgini bilen ösjekdigi we 2024-nji ýylda 1010 million ABŞ dollaryna deň boljakdygy çaklanylýar.[2]

Görnüşler

düzet

Düzümine girýän düzüm böleklere baglylykda dodak üçin balzamyň dürli görnüşleri bolýar [3]:

  • UV-filtrli dodak üçin balzam. Ony tomusda ýa-da ýokary gün işjeňligi bolan ýerlerde (daglyža şypahanalary ýaly) ulanmak maslahat berilýär.
  • Dodak üçin ýokumly balzam. Ony gyş döwründe ulanmak maslahat berilýär.
  • Dodak üçin çyglandyryjy balzam. Ol gyşda ulanylan ýagdaýynda, dodaklaryň ýarylmagy mümkin, sebäbi balzam çalt siňip başlar.
  • Dodak üçin bejergi balzamy. Onuň ýumşadyjy we antiseptiki täsiri bar.
  • Düzüminde tebigy ýaglar bolan dodak üçin balzam. Munuň ýaly serişdänip düzüminde dodaklaryň guraklygynyň we ýarylmagynyň öňüni alýan künji ýagy, babassu ýagy, E we A witaminleri bolup bilýär.

Önümçilik tehnologiýasy

düzet

Dodak üçin balzamyň önümçilik tapgyrlary aşakdakylary öz içine alýar[4]:

  • Hil görkezijileri boýunça başlangyç çig malyny barlamak (kosmetiki serişdeleri üçin howpsuzlygyň berk ölçegleri berilýär)
  • Atymlara bölmek, eretmek, düzüm bölekleri garmak (ýörite enjamlar we şertler ulanylýar)
  • Agramy wakuumlaýyn gaýtadan işlemek (köpürjikleri aýyrmak)
  • Garyndyny kristallaşdyrmak (iki gije-gündiziň dowamynda bolup geçýär)
  • Eretmek
  • Görnüşe getirmek (balzamyň umumy agramyny bölejiklere bölmek, olara zerur görnüşi bermek)
  • Çekip gaplara bölmek (serişdeleri gaplara ýerleşdirmek)

Bellikler

düzet
  1. "Candelilla Wax vs Beeswax vs Carnauba". beerealhoney.com. Archived from the original on 2021-11-10. Retrieved 2021-11-10. 
  2. "Lip Balm Market Size 2021". ktvn.com. Archived from the original on 2021-11-10. Retrieved 2021-11-10. 
  3. "Types of lip balms. How to choose the right lip balm?". pleasingcare.com. Retrieved 2021-11-10. 
  4. "Cosmetic Process: Lipstick Synthesis". slideshare.net. Retrieved 2021-11-10. [permanent dead link]