Doganlarymy berdiň, Imanly doganlarymyz

<poem> Dünýä döreli bäri islediň bir maşgala, Ugrunda ýere gelip, çekdiň köp ahy-nala. Günäleri göterýän meňzäp gurbanlyk mala, Ganyň bilen döreden Öz maşgalaňy berdiň.

Sen üçin beýik boldy perişdelerden ynsan, Ony Senden aýyrdy günä diýlen nägehan, Oňa gazabyň dökmän, ýöne ah çekip pynhan, Jezalap Öz Ogluňy, doganlarymy berdiň.

Patyşalygyň taşlap Sen ýere geldiň Isa, Şahana durmuşyňy öwürdiň uly ýasa. Halas ediş ýolunda çekip Sen agyr gussa, Gözýaş bilen döreden doganlaryňy berdiň.

Meniň Size söýgimiň ýokdur hiç çaky-çeni, Bir-biriňizi söýüň – söýseňiz eger Meni, Söýgi diýmek bermekdir bütinleý jany – teni Diýip, tabşyryp maňa, çagalaryňy berdiň.

Söýgi diýmek bermekdir bütinleý jany – teni Sen hem şeýle söý diýip, doganlarymy berdiň. <poem>