Dograma —türkmenleriň gadymdan gelýän milli naharlarynyň biri bolup,ol biziň günlerimizde hem halkymyzyň arasynda lezzetli tagamlaryň biri hökmünde söýülýär. Dogramany türkmenler sadakalarda, toý-tomaşalarda in bir sarpa goýulyp iýilýän nahar hökmünde taýýarlaýarlar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde dogramanyň taýýarlanyşyny we lezzetli tagamyny bilmeýän türkmen ýokdur.

Biz şu makalamyzda dogramanyň haýsy döwürde ýüze çykanlygy baradaky sowala jogap bermekçi bolýarys. Elbetde, bu goýulan sowala anyk jogap bermek çetin. Ýöne her niçigem bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galan ýazuw çeşmelerindäki maglumatlara salgylanyp, dogramanyň ýüze çykan döwri hakyndaky sowala azda-kände jogap bermäge mümkinçilik bar.

Türkmen taryhynyň Gorkut ata döwrüniň görnükli taryhçysy Amul(häzirki Türkmenabat) şäherinde doglan, ildeşimiz Abu-Jafar Muhammed ibn Jerir-at Tabari (839-923ýý.) özüniň “ Tarih ar – rusul wa-l-muluk ”(Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy) diýen işinde VIII asyryň ortalarynda(747-750ýý.) Günorta Türkmenistanyň çäklerinde bolan, Abu-Muslimiň gozgalaňy bilen baglanyşykly wakalary beýan edýär. Bu işde Nasyr atly adamyň ýolbaşçylygyndaky toparyň Abu-Muslimden gaçyp, Merwden Sarahsyň obalarynyň birine gelende, şol tarapdan Ylýas diýen adamyň öz dostynyňka gije myhmançylyga barandygyny we olary gije naharlaman, irden sarida bilen naharlandygyny ýazypdyr. At-Tabariniň ýokarda agzalan işini terjime edenler W.I.Belýaýew we Ý.A.Razumowskaýa sarida sözüne düşündiriş berenlerinde “dogralan çörek bilen maýdalanan etiň üstüne çorba guýulan nahar” diýip ýazypdyrlar.

Terjimeçileriň bu düşündirişleri, esasan dograma nahary üçin häsiýetlidir. Eger-de, şeýle bolýan bolsa,onda dogramanyň 1250 ýyl mundan öň hem Günorta Türkmenistanyň ilaty tarapyndan taýarlanýan tagamly naharlaryň biri hökmünde belli bolandygy öz-özünden düşnüklidir. At-Tabarynyň getirýän maglumatlaryndan görnüş ýaly,dograma(sarida)uzakdan gelen ýat myhmanlara hödür etmek üçin öý eýesi tarapyndan taýýarlanypdyr. Şu ýerde ,öý eýesiniň uzakdan aryp gelen myhmanlara sylag – hormat edip, gijeläp daňdana çenli dograma ýaly taýýarlamasy hysyrdyly zähmeti talap edýän nahary taýýarlap, öz myhmanlaryna hödürlemegi türkmen myhmansöýerliginiň aýdyň ýüze çykmasydyr. Dograma Gorkut ata zamanynda-da myhmana hödürlemek üçin taýýarlanylýan lezzetli, tagamly naharlaryň biri hökmünde belli bolupdyr.

Dograma hamyrmaýasyz çörekden taýýarlanylýar. XIX asyryň 30-njy ýyllarynyň başlaryna Günorta Türkmenistana syýahat eden iňlis syýahatçysy A.Borns şol döwürde Sarahsda ýaşan türkmenleriňkide myhmançylykda bolup,dograma nahar bilen baglanyşykly şu aşakdaky maglumatlary geň galmak bilen ýazgy galdyrypdyr: “Myhmanlar ýygnanan wagty saçak ýazylýar we gürrüňdeşleriň her biri öňlerinde duran çöregi döwüp alyp dograýarlar, soňra tutuş bir goýunyň uly rus gazanynda bişirilen etini getirýärler. Dogralan çöregiň möçberine gorä süňkden aýrylan eti bölekläp, ony çörek bilen garýarlar. Soňra on ikä golaý sogan dograp,olaryň hemmesini gaýtadan et gaýnan gazana salyp garýarlar. Taýýar bolan nahary agaçdan ýasalan çanaklara salyp her iki adamyň arasynda birini goýýarlar.”. A.Bornsyň getiren bu maglumatlary,diňe bir XIX asyryň başlarynda-da dograma naharynyň türkmenleriň arasynda lezzetli tagam hökmünde uly meşhurlyga eýe bolandygyna güwä geçmän,eýsem şol döwürde türkmenlerde myhmansöýerligiň nähili derejede bolandygyna düşünmeklige hem ýardam edýär.