Durdy Gylyç
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Durdy Gylyç (1886-1950 ýý.)
Türkmenistanyň ilkinji halk şahyrlarynyň (1938) biri, ökde dessançy, ertekiçi şahyr Durdy Gylyç 1886-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Hojakümmet obasynda eneden dogulýar. Ol ýaşlykda iki gözünden mahrum batyl bolýar. Durdy Gylyç ýaşlyk zehini, yhlasy, ýatkeşligi bilen beýleki çagalardan tapawutlanypdyr. Ol eşiden, diňlän gürrüňlerini, rowaýatlaryny, ertekidir dessanlaryny ýat tutupdyr. Soňra bolsa olary halka ýatdan aýdyp beripdir. Şonuň üçin özi-de goşgy düzmäge başlapdyr. Durdy Gylyç halkyň içinden ýetişen zehinli şahyrlaryň biri. Şagyryň „Ömrüň ýanan, zaýa gelin“, „Jykyr“, „Emekli“, „Çatma“, „Zalymlar“, „Zamanaň geldi“, „Ylym okalyň“, „Biziň Türkmenistanda“, „Ýöriň“, „Iberiň urşa“, „Gurban Durdy“, „Ataýew“ we ş.m. goşgulary bardyr. Onuň eserleri zamanasynyň şahyrana ýazgylary bolup, edebiýat taryhynda yz galdyrdy.
1927-nji ýylda Durdy Gylyç Türkmenistan Sowetleriniň ikinji gurultaýyna Daşoguz welaýatyndan delegat bolup gatnaşýar.Ol gurultaýda çykyş edip, halkyň arzuw-isleglerini şygyr bile beýan edýär. Şahyryň bu çykyşy «Sýezdden» ady bilen şol ýylyň 7-nji aprelinde «Türkmenistan» gazetinde çap edilýär.Munuň özi onuň metbugatda çykan ilkinji şygyry bolýar.Durdy Gylyç 30-njy ýyllaryň başynda Türkmenistan radiosynda bagşyçylyk edýär.Şol döwürden başlap "Zamanyň geldi","Ylym okalyň","Şat boluň,aýal gyzlar","Halkym","Biziň Türkmenistanda","Ýaranlar" ýaly wagyz- nesihat häsiýetli şygyrlary döredýär.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |