Durdy Haldurdy
Durdy Haldurdy - türkmen ýazyjysy, şahyr, terjimeçi.
Haldurdy Durdyýew (hakyky ady) 1909-njy ýylda Marynyň etegindäki Goňur obasynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. Ol ilki Magtymguly internatynda, soň Türkmenabadyň mugallymçylyk tehnikumynda okaýar. Tehnikumy tamamlanyndan soň gazetde işleýär. Goşun hatarynda gulluk edýär. Uruş başlanmazynyň öň ýanlarynda «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetinde jogapkär kätip, edebiýat bölüminiň müdiri wezipelerinde işleýär, urşa-da şol ýerden gidýär. 1941-nji ýylda Haldurdy Durdyýew hereket edýän goşuna çagyrylýar. Pulemýotçylar mekdebinde okan leýtenant H. Durdyýew öz serkerdelik edýän wzwody bilen aldym-berdimli söweşleriň ençemesine gatnaşýar. Onuň Noworossiýsk şäherinden başlanan söweş ýoly 1942-nji ýylyň baharynda Krasnodaryň eteginde tamamlanýar. Injikden degen mina bölegi zerarly sag aýagy dyzynyň aşak ýanyndan kesilen esger söweş meýdanyndan gaýtmaly bolýar.
Durdy Haldurdynyň XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň ortalarynda gazet-žurnallarda, ýygyndylarda çap edilen goşgulary onuň adyny özboluşly şahyrlaryň biri hökmünde okyjylara tanadýar. Şahyryň 1947-nji ýylda «Meniň ýaragym» ady bilen neşir edilen ilkinji goşgular ýygyndysynyň özeni Beýik Watançylyk urşy baradaky eserlerden ybaratdyr. Şahyryň döredijiliginde häzire çenli iň gowy eserler hasaplanýan «Garry saýlawça», «Gaçgak», «Maşat gijesi», «Dnepr», «Dostumyň ýadygärligine» ýaly belli goşgulary şol kitapda jemlenipdir. Şahyr döredijiliginiň esasy ugry bolan harby-watançylyk mowzugyna ömürboýy wepalylygyna galdy. Muny onuň «Goja soldat», «Edermenlik ýoly», «Ömür ýoly», «Dorja ýaby» atly kitaplaryndaky goşgularydyr poemalary hem subut edýär.
Şahyr türkmen edebiýatynda diňe bir döredijiligi bilen däl, eýsem çeper terjimeleri bilen hem uly yz goýdy. Uzak ýyllaryň dowamynda terjime bilen iş salyşmagy, saýlap terjime eden nusgawy eserleri, ýokary talapkärçilik duýgusy D. Haldurdynyň ýurdumyzyň iň ussat terjimeçileriniň biri hökmünde ykrar edilmegine getirdi. 1962-nji ýylda onuň "Terjimeler" kitaby çap edildi. Bu kitabyň sahypalarynda D.Haldurdynyň rus ýazyjylary Aleksandr Puşkinden, Nikolaý Nekrasowdan, Iwan Krylowdan, ermeni ýazyjylary Ýegişe Çarensden, Awetik Isaakýandan, ukrain ýazyjylary Agata Turçinskaýadan, Maksim Rylskden, Hamyt Alymjandan, azerbaýjan Samat Wurgundan, belorus Ýanka Kupaladan, gazak şahyry Jambyldan hem gyrgyz şahyry Togtoguldan eden terjimeleri ýerleşdirildi. Onuň şu hili dürli halklaryň şahyrlarynyň goşgularydyr poemalaryny terjime etmekden başlanan ýoly kem-kemden has uly göwrümli eserlere tarap uzaýar.
D.Haldurdy beýik rus şahyry Wladimir Maýakowskiýniň goşgularynyň iň ökde terjimeçileriniň biri hasaplanylýar.
Aleksandr Puşkiniň «Poltawa» poemasynyň terjimesi D. Haldurdynyň bu ugurda bitiren işleriniň esasylarynyň biridir.
Şahyr segsen ýedi ýaşynyň içinde, 1996-njy ýylda (?) aradan çykdy.