Durdymyradow Kerim Hajyýewiç
Durdymyradow Kerim Hajyýewiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Durdymyradow Kerim Hajyýewiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1964 Aşgabat şäheri |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary |
Milleti | Türkmen |
Doglan senesi we ýeri
düzet1964-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
düzetÝokary bilimli. 1986-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady.
Zähmet ýoly
düzetZähmet ýoluna 1986-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýanyndaky Respublikan ýokary okuw mekdepleriniň hasaplaşyk merkezinde başlady. Bu ýerde 1992-nji ýyla çenii matematik, inzener-programmaçy, awtomatizasiýa ulgamyny işläp taýýarlamak bölüminiň başlygy wezipelerinde işledi.
1992-nji ýylda «Türkmenbaşy» döwlet paýdarlar täjirçilik bankynyň Abadan şäherindäki şahamçasynyň hasaplaşyk merkeziniň hünärmeni.
1992-2001-nji ýyllarda Merkezi bankda dürli inženerçilik wezipelerinde işledi.
2001-2003-nji ýyllarda «Garaşsyzlyk» paýdarlar täjirçilik bankynyň awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň başlygy.
2003-2005-nji ýyllarda Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň awtomatizasiýalaşdyryş we programmalaşdyryş müdirliginiň başlygy wezipesinde işledi.
2005-2007-nji ýyllarda Saparmyrat Türkmenbaşy Halkara gaznasynyň «Aköýli» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary we gaznanyň wekili, hojalyk jemgyýetiniň direktory.
2007-nji ýylda «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasynyň «Aköýli» önümçilik kärhanasynyň direktory.
2008-nji ýylda Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň kompýuter tehnologiýalary we maglumatlar müdirliginiň başlygy.
2008-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gurluşyk we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak bölüminiň öň debaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak bölümçesiniň müdiri.
2013-nji ýylda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenilýär.
2016-08.12.2017-nji ýyllarda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy.
08.12.2017-08.12.2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň senagat ministri.
26.01.2018-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi. Döwlet sylaglary we atlary
14.12.2018-nji ýylda işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly[1]
Döwlet sylaglary we atlary
düzet- «Magtymguly Pyragy» medaly
- «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan»,
- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly.
Çeşmeler
düzet- Türkmenistanyň Prezidenti ministrleri we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi Archived 2021-01-17 at the Wayback Machine //www.tdh.gov.tm
Edebiýat
düzet- "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.2.