Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty 2016

Durnukly ulag ulgamy boýunça ähliumumy maslahaty (iňlisçe: Global Sustainable Transport Conference) 2016-njy ýyl26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Ýokary derejeli forumyň açylyş dabarasyna hem-de umumy mejlise TürkmenistanPrezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu Maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilip, şol guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň we Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirildi. Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun; birnäçe ýurduň döwlet we hökümet baştutanlary (Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Awstriýa Pespublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy), parlamentleriniň ýolbaşçylary, dünýäniň onlarça döwletinden resmi wekiliýetler türkmen paýtagtyna geldiler.

Forum Aşgabatda abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň — Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň esasy komissiýalarynyň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Ýewropa Komissiýasynyň ulag boýunça komissarynyň edarasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU), Halkara Raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO), Demir ýollaryň halkara birleşiginiň (UIC), Halkara Ýol federasiýasynyň (IRF), Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA), Halkara deňiz guramasynyň (IMO), Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara toparynyň (TRASEKA), Bütindünýä Söwda guramasynyň (WTO), Halkara energetika agentliginiň (IEA), Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa bankynyň, Ýewraziýa patent guramasynyň (EАPO) we beýlekileriň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini jemledi. Türkmen tarapyndan maslahatyň işine hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem, bu forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, onuň wakalaryny beýan etmek üçin bolsa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň — iri habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlaryň, metbugat neşirleriniň köp sanly wekilleri çagyryldy. Irden, forumyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň günorta böleginde gurlan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra hemmeler Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugradylar.

Foruma gatnaşyjylaryň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, maslahatlar zalynda maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi. Umumy mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç, Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimow, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Muhammetkalyý Abulgaziýew, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Azim Ibrohim, Halkara Raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Baş sekretary hanym Fan Lýu, Bütindünýä bankynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda gün tertibiniň meseleleri boýunça toparyň uly wise-prezidenti jenap Mahmud Mohieldi, şeýle hem Namibiýanyň, Swazilendiň, Zambiýanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri çykyş etdiler. Forumyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça geňeşmeleriň usulyny ýola goýmak babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Çili Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Konwensiýanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda olaryň degişli çäklerinde we ondan daşarda howa gatnawlary hakyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, üpjünçilik ulgamlary we ulag ministrliginiň arasynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulag babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meýilleri barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň howa edaralarynyň wekiliýetleriniň arasyndaky duşuşygyň Teswirnamasyna; Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde tassyklanan, 2016—2020-nji ýyllarda BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky Şertnama; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky 2016-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky 2017-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Ulag boýunça işewürler maslahaty

Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata bagyşlanyp geçirilen çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ulag boýunça işewürler maslahaty geçirildi. Bu duşuşyk ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirildi. Şol taslamalar bolsa dünýäniň ýurtlaryny we halklaryny ýakynlaşdyrmagy, tutuş sebitleriň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýär.

Işewürler maslahaty ulag ulgamynda giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga, şeýle hem ulag ulgamyny ösdürmegiň ählumumy düzgünlerini işläp taýýarlamaga gatnaşýan BMG-niň degişli edaralarynyň we düzümleriniň, iri halkara guramalaryň we banklaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemledi. Duşuşyga belli halkara logistik, gurluşyk we tehnologik kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Gýan Çandra Açarýa işewürler maslahatyny açyp, ýurtlary ösdürmek hem-de ilatyň durmuş derejesini, ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak üçin dünýäniň ulag ýollarynyň ähmiýetini bellemek bilen, türkmen paýtagtynda geçirilýän ýokary derejeli işewür duşuşyklaryň degişli ugurda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmekde ähmiýetli ädim boljakdygyny belledi. Şeýle hem umumy mejlisde ulag, logistika we iri maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy berkitmegi ugur edinýän esasy halkara guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olaryň arasynda 2030-njy ýyla çenli Ösüş maksatnamasy hem-de BMG bilen gatnaşyklar boýunça Bütindünýä bankynyň toparynyň uly wise-prezidenti Mahmud Moheldin, Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) Prezidenti Žan Todt, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Prezidenti Umberto de Pretto, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (IKAO) baş sekretary d-r Fan Lýu bolup, olar netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, iri logistik taslamalary işe taýýarlamak üçin forumyň aýratyn möhümdigini bellediler. Çykyş edenler Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň dünýä ýurtlarynyň nukdaýnazarlaryny hem-de Durnukly ulag ulgamynda halkara düzümleri ýakynlaşdyrmakda ähmiýetini, Türkmenistanyň netijeli halkara başlangyçlarda eýeleýän oňyn ornuny bellediler.

Işewürler maslahaty BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň çäklerinde dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, ýük we ýolagçy awtoulaglaryny ösdürmek boýunça başlangyçlaryny amala aşyrmak, ykdysadyýeti ösdürmek hem-de söwda, ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýeti ýaly meselelere bagyşlanyldy.

Forumda durnukly ulagyň konsepsiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň maliýe netijeliligi, hereket howpsuzlygyny we pudagyň energiýa netijeliligini üpjün etmekde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählumumy ulag we logistik ulgamlarynyň ösmegine ýol açýan global mümkinçiliklere garaldy.

Şeýle hem maslahatyň barşynda howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglarynyň ýagdaýy, dünýä ykdysadyýetiniň bu bölegini ösdürmegiň mümkinçilikleri, pudagyň düzümine maýalary çekmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen bagly meselelere garaldy.

Bu ugurda Türkmenistanyň netijeli tagallalaryna, ýurdumyzyň başyny başlan, yklymyň ulag ulgamlaryny ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bolan giň gerimli taslamalara aýratyn üns berildi. Olaryň hatarynda Demirgazyk — Günorta ugry boýunça Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, Aşgabatda täze Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanynyň hem-de Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň gurluşygy bar.