Eýran irki orta asyrlarda

Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp ensiklopedik makala däl

MOWZUK: Eýran irki orta asyrlarda

M E Ý I L N A M A:

1. Eýran III – V asyrlarda.

2. Eýran VI – VII asyrlarda.

3. Mazdakitler hereketi.

Biziň eýamymyzyň III asyrynda Parfiýa döwleti gowşaýar. Ol Eýranda dörän Sasanitler döwletiniň zarbasyndan b.e. 224-nji ýylynda 471 ýaşap ýykylýar. Sasanit döwletini Ardaşir patyşa esaslandyrýar. Ol 226-241-nji ýyllar aralygynda döwleti dolandyrýar. Döwletiň ady şu nebereligiň aksakaly Sasaniniň ady bilen baglydyr. Sasanitleriň ilkinji patyşasy Ardaşir bolýar. Ol tagta geçip öz döwletini esaslandyrandan soň aktiw daşary syýasaty alyp barýar. Bu döwürde gul eýeçilik jemgyýetinden iri ýer gatnaşygyna geçilýän zamana bolupdyr. Ardaşir öz döwletiniň serhedini giňeldip başlapdyr. Ol Kawkaz ýurtlaryna ýöriş edipdir. Ol söweşlerde ýeňiş gazanypdyr. Ol türkmen ýerlerinde ýaşaýan çarwa taýpalara hem garşy söweş alyp barypdyr. Döwlet dini diýip, otparazçylyk dini ýagny zorastrizm dinine uýlupdyr. Döwletde täze gurluşyklar alnyp barlypdyr. Sasani döwletiniň esasy duşmany şalygyň demirgazyk tarapynda ýaşaýan çarwa eftalit taýpalary bolupdyr. Ardaşir ölenden soňra döwlet tagtyna Şapur I (242-276) geçipdir. Bu döwürde täze galalar gurlupdyr. Suwaryş sistemasy ösüpdir. Şonuň bilen birlikde söwda, deňiz ýollary we pul gatnaşyklary ösüpdir. Sasanit manatlarynyň ýüzünde pehlewi haty bilen ýazylan we Eýran şasynyň ady görkezilen ýazgylardan başga-da goşmaça eftalit ýazgylary hem bolupdyr. Şapur I dolandyran ýyllarynda Sasani döwletinde gul eýeçilik jemgyýeti pese düşüp söwdanyň peselmegine getiripdir. Sasani döwletinde gul eýeçilik jemgyýetiniň batmagy (krizisi) barha beterleşipdir. Gullaryň öz eýelerine garşy aktiw çykyş edendikleri barada maglumatlar bar. Synpy göreşiň ýitileşmegi biziň eramyzyň III we V asyrlarynda ýaýbaňlanan güýçli halk hereketlerinde ýüze çykypdyr. Şol wagtlar döwlete we döwlet dinine garşy bildirilýän her bir hereketiň özi hem dini reforma salnypdyr.Ine şol hereketler hem ol zamanyň şertleri bilen kesgitlenen özboluşly häsiýete eýe bolupdyr. Biziň eramazyň III asyrynyň ortalaryna Eýranda Mäni atly bir dini ündewçi peýda bolýar. Onuň taglymaty şäher ilatynyň, ylaýta-da salgytlaryň artmagy we senetçiligiň hem-de söwdanyň pese düşmegi zerarly ýagdaýlary ýaramazlaşan gatlaklaryň arasynda ýaýrapdyr. Täze taglymatyň maniheýler diýlip atlandyrylýan tarapdarlary hem, edil zorastrizmiň ýoluny tutujylaryň aýdyşlary ýoly, dünýäde bolup geçýän zatlaryň hemmesiniň esasynda iki başlangyjyň-garaňkylygyň we ýagtylygyň, haýryň we şeriň göreşi bardyr diýip aýdýar. Maniheýler haýryň güýçleriniň ýeňjekdiklerine we adamlaryň bagtly boljakdyklaryna ynanypdyrlar. Olar döwleti we agalyk ediji synpy rehimsiz ýazgarypdyrlar, bulara şeriň jemlenen ýeri hökmünde garapdyrlar. Şeýle garaýyşlary wagyz edýändikleri üçin, agalyk ediji synp Maniheýleri gazaply suratda yzarlap başlapdyrlar. 276-njy ýylda Maniniň özi we onuň ýakyn egindeşleri jezalandyrylyp öldüripdir. Ýöne munuň bilen maniheýçilik hereketi ýatmandyr. Olaryň garaýyşlary Eýranda däl, eýsem onuň çäklerinden daşaryk hem ýaýrapdyr. Sasani şalary öz döwletleriniň demirgazygynda eftalitler bilen bir wagtda huanitlere garşy hem göreşmeli bolýarlar. Hionitler we eftalitleriň Eýran bilen gatnaşygy IV asyrda başlanypdyr. Sasanitler olary basyp almakdan el üzmändirler. Bu taýpalar bolsa olara garşylyk görkezipdirler. Ýezdigerd II ogly Peroz (457-484) döwründe eftalit we hionit taýpalarynyň çozuşyndan goranmak maksady bilen Gürgen derýasynyň demirgazygyndan uzynlygy 300 km. ýakyn diwar gurulýar. Ol taryha “Gyzyl seňňir” ady bilen giripdir. VI-VII asyrlarda Sasani döwletinde el degirmenlerinden, ýel degirmenlerinden peýdalanylyp başlanypdyr. Sasani döwletiniň gadymdan gelýän şa saýlamak däbi bu wagt hem dowam etdirilipdir. Ýagny her şa özünden soňky bolmaly şalaň sanawyny ýazyp galdyrypdyrlar. Bu döwürde ekerançylyk ýene-de ösdürilip başlanypdyr. Nusaý galasy dikeldilip, ýene-de ýaşalyp başlanypdyr.

Maniheýleriň taglymaty Mazdagyň çykyş etmegi üçin esas taýýarlady. Mazdagyň özi ruhany bolsa-da ol V asyryň ahyrynda sasanitler Eýranynda han-begleriň we ruhanylaryň garşysyna halkyň göreşine baş bolupdyr. Mazdaklaryň özleri tarapyndan ýazylan edebi eserler olaryň duşmanlary bolan barly synplar tarapyndan ýykylyp ýok edilipdir. Mazdak hemmeleri şeriň ähli görnüşine garşy göreşe çagyrýan eken. Mazdagyň wagzy sasanitler döwletiniň ezilýän giň halk köpçüligini, esasan hem, ýagdaýlary juda agyr bolan daýhanlary özüne çekipdir. Hemme ýerlerde iri ýer eýelerine garşy gozgalaň möwç urupdyr. Han-begleriň köp-köp wekilleriniň emläkleri dargadylyp, olaryň emlägi herekete gatnaşýan daýhanlaryň arasynda paýlanypdyr. Mazdagitleriň gozgalaňy şeýle bir giň möçberlere ýetipdir, hat-da Eýran patyşasy Kawad I (488-498 we 499-531) oňa garşy çykmaga milt edip bilmändir. Han-begleriň wekillerine giňden ýaýran hereketiň öňüni almak we 496-njy ýylda Kawady tagtdan düşürmek başardypdyr. Emma ýurtda Mazdagyň abraýynyň uludygyna we ony halkyň sylaýanlygy üçin ilkibada oňa milt edip bilmändirler. Kawat eftalitleriň ýurduna gaçyp gidip, şol ýerde birnäçe ýyl bolandan soň şolaryň kömegi bilen tagty eýeläpdir.

Kawadyň patyşalyk eden soňky ýyllarynyň içinde agalyk ediji ýer eýeler synpynyň wekilleri mazdak hereketini abanyp duran örän güýçli howp hasap edip ol hereketi doly suratda ýok etmek barada üzül-kesil çäre görüpdirler. Mazdak we onuň ýakyn egindeşleri 529-njy ýylda tutulyp öldürilýär. Bu taglymaty wagyz edijiler gazaply yzarlanypdyr. Yzarlanmalardan gaçyp mazdakitler demirgazyk Azerbeýjana, Orta Aziýa gidip, ol ýerde Mazdagyň taglymatyny ýaýradyp birnäçe asyr ýaşapdyrlar. Sasaniler döwleti arap basyp alyşy sebäpli Ýezdigert III (632-651) dolandyran wagty synýar. Ýezdigert araplardan gaçyp Merwe barýar we şol ýerde aradan çykýar. Şondan soň sasani döwleti dargady.