Eýranda Gaznawylar döwleti
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Beýik Serdarymyz öziniň Mukaddes Ruhnama kitabynda Gaznaly türkmen döwleti barada şeýle belleýär:”Bu döwleti esaslandyranlar Oguz hanyň iň uly agtygy Gaýadan gaýdan nesillerden bolup, 952-nji ýylda Gazna şäherine gelip, Gazna döwletini esaslandyran, döwleti döwlet eden Soltan Mahmyt Gaznalydyr” sah 224.
Soltan Mahmyt gysga wagtyň içinde ýygynyny gaty güýçli düzar we goňşy ýurtlara yslam dinini ýaýmagyň aladasynda bolýar. Onuň döwletiniň ýeri gysga wagtda Horasana, Köneürgenje, Yraga, Balha, günorta-günbatar Eyrana demirgazyk Hindistana çenli giňelýär. Mahmyt Gaznaly Soltan (998-1030) şa bolandan soň has Eýran ýerleri Gazna soltany Mahmydyň döwründe has hem ösüpdir. Onuň belli şäherleri Hemedan, Töwriz, Reý we beýlekiler gülläp ösüpdir. Sebäbi bu şäherler goňşy döwletiň şäherleri bilen söwda gatnaşygyny edipdir. Soltan Mahmydyň döwrýnde bu döwletiň demirgazygyna seljuk türkmenleri aralasup başlapdyrlar. Olar diňe oturymly ýer sorapdyrlar. Soltan Mahmyt olara Türkmenistanyň günortasyndaky sarahs bilen Gyzylarbat agalygyny beripdir. Olarsalgyt ýygnaýan şa goşunyna garşy baöterip başlaýar. Şeýlelikde iki tarapyň arasynda ylalaşyk bozulýar.
Muňa gahary gelen soltan Mahmyt 1025-nji ýylda ýöriş edýär. Ol türkmenler bilen Paranlyň dolaýynda çaknyşýar we türkmenleri derbi dagyn edýär. Bu ýeňlişden soň türkmenler Balkan daglaryna, Dehistana, bir bölegi Eýranyň Yspyhan, Kerman şäherleriniň ýanyna göçüp gidipdirler. 1030-njy ýylda soltan Mahmyt ölüpdir. Onuň ýerine tagta ukypsyz ogly Mezut çykypgyr. Bu döwür Gazna döwleti gowşap başlapdyr. Bu ýagdaýdan peýdalanan seljuk türkmenleri ýene bu döwletiň demirgazygynda peýda bolup başlapdyr. Olar ýene özleri üçin oturar ýaly ýer sorapdyrlar we öňki ýerlerinde ornaşypdyrlar. Türkmenlere seljugyň agtyklary Togrul beg Muhammet bilen Çagry beg we olaryň kakalarynyň kiçi dogany Musa Ýabgu ýolbaçylyk edipdirler. Türkmenler gün-günden köpelipdirler. Olar Mesuda öňki ýerleri darlyk edýär, ýene özlerine ýeriň berilmegini sorapdyrlar. Bular öz ilçilerini iberip hat üsti bilen haýyş edipdirler. Hatyň soňunda bolsa özleriniň ýörişe taýyndyklaryny aýdypdyrlar. Mesudyň muňa gahary gelipdir. Ondan birneme soňrak Eýranyň Reý şäheriniň töwereginde türkmenleriň gyzyl, ýagmyr we balkan kuh atly tireleriniň döwlet syýasatyna goşulanlygy barada habar gelipdir. Bu bolsa durnaň üsüne urna bolup, soň has hem gaharyny getirýär. Şeýlelikde 1035-nji ýylda Gaznalylar bilen türkmenleriň arasynda uruş başlanýar. Bu uruş Nusaý galasynyň eteginde bolup geçipdir. Mezud soltan bu ýörişde öz Nişapurda galyp goşuna serkerde edip Bekdurdy hajyp atly serdary delläpdir. Bu uruşda türkmenler ýeňilipdirler. Soňra ýene 138-nji ýylda Balkan Oguzlarynyň serdary Ýagmyryň 50 golaý ýakyn adamlary bilen öldürilmegi sebäp bolup uruş bolup geçýär. Bu uruş Sarahsyň golaýynda bolýar we türkmenleriň ýeňmegi bilen tamamlanýar. Bu söweşlerde Mezud soltanyň goşunynyňýň ýenilmegi onuň goşunynda tertip düzgüniň bolmazlygydy. Onuň goşuny dargap barýardy. Şeýlelikde 1038-nji ýylda seljuklar Nişapury eýelediler. Bu ýagdaýlar Mezud bege agyr degipdir. Ol aýgytly urşa taýarlanmak üçin Hyrada çekilip gyşyny gyşlap 50000 goşun we 300 söweş pili bilen 1040-njy ýylda 3-nji gezek seljuklaň üstüne ýöriş edipdir. Bu ýörişe özi ýolbaşçylyk edipdir. Bu söweş Marynyň 10 km uzaklygynda ýerleşen Daňdanakan diýen ýerde bolýar. Bu uruşlar soň Gazna döwleti gutarnykly dargapdyr. Olaryň bar basyp alan teritoriýalary hem seljuklaň eline geçipdir. Şeýlelikde 1040-nji ýylda bolan soweşden soň Gazna döwleti ýykylypdyr. Bu döwleti has dünýä ýüzüne çykaran hem belli akyldar Mahmyt soltanyň döwründe ýaşan Ferdewsiň Mahmyda bagyşlap ýazan “Şanama” diýen taryhy işidir. 1206-njy ýylda Mongol çöllüginde Çingiz han adyny alan Temiçin 1219-njy ýylda Merkezi Aziýa şol sanda Eýrana ýöriş edýär. Ol haçan ýerlerini ýakyp-ýandyrypdyr. Bu barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz Mukaddes Ruhnamasynda şeýle belleýär:” Çingiz hanýň wadşyýana goşunlarynyň çozuşlaryndan soň dünýäniň ösüş çarhy gundogardan günbatara geçdi”. Çingiz hanyň çozuşlarynda gündogarda ýagny Merkezi Aziýada güýçli Köneürgenç döwleti dolandyrypdyr. Onuň teritoriýasyna Mawerennahyr, demirgazyk Hindistan, Pakistan, Owganystan, Eýranyň köp bölegi degişli bolupdyr. Bu wadtlar Köneürgrnç şasy Muhammet Hytaý ýöriş etjek bolup ýördi. Ýöne özünden öňürti Çingiz hanyň Hytaýy basyp almagy Muhammet şanyň garşysyna gündogarda howpuň abanýandygyny syzdyrypdyr. Ol 1218-nji ýylda Otrar şäherinde Mangol nanynyň ilçi diýip iberen icçaly kerwenini talapdyr. Şonda bir adam ol talaňçylykdan gaçyp hana habar berýär. Bu bolsa Çingiz hana günbatara ýörişe sebäp bolupdyr.. Şeýlelikde 1219-njy ýylda Çingiz han Merkezi Aziýa ýöriş edipdir. Olar yzly-yzyna ýeňiş gazanyp 1220-nji ýylda Buhara gelipdir we şäheri uruşsyz basyp alypdyrlar. Olar örän wagşy goşunlar bolupdyrlar. Çingiz hanyň goşunlary örän berk kada kanunly bolupdyrlar. Bu ýagdaýdan gorkan Muhammet şa öz 400000 goşunyny şäherlerde bölüp goýupdyr. Bu bolsa mangol-tatarlara şäheri aňsat almagyna kömek edipdir. Mangollar Buharany alyp Samarkanda ýöriş edipdirler. Samarkandy 60000 goşun 50000 şäher ilaty gorapdyr. Bu söweşde köp gyrgynçylyk bolup Mangollar ýeňiş gazanypdyr. Bu ýeňişlerden gorkan Muhammet şa Horasana gaçypdyr. Bu habary eşiden Çingiz han öz ökde serkerdeleri Subudeý we Jebe naýona 30000 goşun berip Muhammet şany diri tutmagy buýrupdyr. Olar şonda demirgazyk Owganystan we Eýran ýerlerini hem talapdyrlar. 1221-nji ýylda Çingiz hanyň ogly Tili han Maryny basyp alypdyr. Muhammet şa Horasandan gaçyp Kaspi deňziniň bir adasyna barýar we şol ýerde Leýwre keseline uçrap ölýär. Mangollar Maryny basyp alanlaryndan soň 1221-nji ýylyň Baýdak aýynda döwletiň paýtagty Ürgençi gabapdyrlar. Mongol goşunlary bu şäheri köp zynaý çekip garşylyk görüp 1221-nji ýylyň ýazynda basyp alýärlar. Köneýürgenç döwletiniň Muhammet şadan soň onuň ogly Jelaletdin tagta çykýär. Ol taryhda tagda oturmadyk şa hasaplanýär. Jelaletdin mangollara garşy ilkinji gylyç syran musulman bolupdyr. Onda Çingiz han çekinipdir. Ol Çingiz hanyň ýeňilmez goşuny ölüp at alan goşunyň bir bölegini çym-pytyrak edipdir. Jelaletdin 60000 goşuny bolup şonuň 30000 türkmenler bolupdyr. Jelaletdiň goşunynda berk düzgün bolupdyr. Ol namartlyk edeni berk ýazgarypdyr. Bu barada beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada şeýle belleýär: “ Jelaletdiniň Yspyhan söweşinde goşunyň bir ganaty ýeňýar, beýleki ganaty ýeňilýär. Sebäbi şol tarapda söweşýän halaryň käbiri gaçýär. Söweşden soň Jelaletdin söweşden gaçänlaryň ählisiniň başyna aýal ýaglygyny däňdyryp, Yspyhana aýlapdyr”. Jelaletdin öz watanynyn janyndan eý görepdir. Onuň mongolar bilen Hind durýär boýunda bolan söweşde 7 ýaşly ogluny esir alanlarynda hem gizlemän watanyny gorapdyr. Jelaletdin öz ömrüniň soňky ýyllaryny Kawkazda geçiripdir we 1231-nji ýylda Kürdüstan daglarynyň içindäki bir galada ýakyn adamarynyň biri tarapyndan öldürilýär.