Eỳran ХХ asyryn ahyrynda
Eỳran ХХ asyryn ahyrynda.
Meỳilnama
1.Eỳran 90-njy ỳyllarda.
2.Türkmen – eỳran gatnaşyklary.
Sapagyň maksady:
ХХ asyryň ahyrynda EYR-nyň syỳasy we ykdysady ỳagdaỳy, daşary syỳasaty, türkmen-eỳran gatnaşyklary barada düşünje bermek we şu mowzugyň üsti bilen talyplaryň watançylyk duỳgylaryny terbiỳelemek.
Daşary ykdysady aragatnaşyklary. Eýranyň daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklarynda hem nebitiň ähmiýeti ýokarydyr. Daşary ykdysady aragatnaşyklarynda Eýran öz nebitini satyn alýan ýurtlara esasy artykmaçlyk berýär. Olara satyn alan nebitiniň bahasynyň 50%-ti möçberindäki harytlary Eýrana eksport etmäge ygtyýar edilýär. Ýaponiýa EYR-yň esasy söwda hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Ol Eýrana polat, awtoulag, dokma önümlerini, stanoklary we enjamlary iberýär. 80-nji ýyllaryň ahyrynda Eýranda daşary ýurtlaryň kömegi bilen gurlan 30 binanyň 16-sy ýaponlaryň paýyna düşýär. Awstraliýa Eýrana oba hojalyk harytlaryny eksport edijidir. Bender-Abbasda ispanlaryň gatnaşmagynda gämi zawody guruldy.
Italiýa Kengan-Gazwin aralygyndaky gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşdy. Russiýa hem Eýranyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Asyryň ahyrynda rus hünärmenleri Buşir şäherinde atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna gatnaşdylar.
Eýranyň teklibi bilen 1985-nji ýylda sebitara hyzmatdaşlygynyň guramasy bolan EKO-nyň işi (Eýran, Turkiýe, Päkistan) gaýtadan janlandyryldy.
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy. Türkmenistanyň prezidenti S.A.Nyýazowyň 1991-nji ýylyň 8-11-nji sentýabrynda EYR-a bolan ilkinji resmi sapary türkmen-eýran gatnaşyklarynda esasy ugur alyş wakasy boldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy esasan söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda alnyp barylýar.
Sarahsda, Artykda, Howdanda, Güdrüolumda açylan ýönekeýleşdirilen serhetden geçiş nokatlary söwda gatnaşyklarynyň ösmegine giň mümkinçilik açdy.
Alty ýylyň içinde Haşemi Rafsanjany bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň 54 gezek duşuşmagy iki goňşy döwletiň aragatnaşyklarynyň sebitde hyzmatdaşlygyň nusgasyna öwrülendiginiň alamatydyr. Diňe 1997-nji ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 150 mln. dollara barabar boldy. Türkmenistanda 88 sany önüm öndürydn, gurluşyk bilen meşgullanýan türkmen-eýran kärhanalary, söwda firmalary uly işleri edýärler. XX asyryň ahyrynda Eýran firmalary bilen jemi 533 million dollara barabar 16 sany senagat kärhanalaryny we beýleki binalar gurulýar.
1998-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli iki döwletiň arasynda 120 sany döwletara we hökümetara şertnamasyna gol çekildi. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly ulanmaga berildi. “Dobral” ýol gurluşyk kompaniýasy Aşgabat-Gökdepe aralygyndaky gara ýoluň durkuny täzeledi. Asyryň ahyrynda ol Gökdepeden Türkmenbaşy şäherine çenli ýoluň durkuny täzelemek işlerine girişdi.
M.Hateminiň prezident saýlanmagy. 1997-nji ýylyň maýynda EYR-da 7-nji gezek prezident saýlawlary geçirildi. Onda 4 sany adam bäsleşdi. 33 mln. saýlawçynyň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda aram kandidat Hatemi sesleriň 70% prosentine golaýyny alyp, ýeňiş gazandy.
Muhammet Hatemi. Hüjet-ül-yslam Seýit Muhammet Hatemi Eýranyň ylamalar guramasynyň özgerdişleriň tarapdarlary ganaty we prezident Rafsanjanynyň öňe süren kandidatydy. Hatemi Yspyhan uniwersitetiniň filosofiýa bölüminiň diplomyny alyp, Yspyhan medresesinde ýokary dini okuwyny dowam etdirdi. Ol Tähran uniwersitetinde filosofiýa ugrundan aspiranturada hem okady. 1978-nji ýylda Germaniýanyň Gamburg şäherine gidip, ol ýerdäki yslam merkeziniň başyna geçdi.
1979-njy ýylda Eýran Yslam ynkylabyndan soň halk wekilligine saýlanan Hatemi 1980-nji ýylda Homeýni tarapyndan “Keýhan” metbugat torapynyň başlyklygyna bellenildi. 1982-nji ýylda Yslam wagyz-nesihat we medeniýet ministrligine bellenen Hatemi 1983-nji ýylda köneçilleriň medeniýet meselesi babatda “biçak aramçyl” hökmünde zor salmaklary netijesinde ol wezipesinden yza çekilmäge mejbur boldy.
Hatemi Rafsanjany tarapyndan geňeşçilige we Milli kitaphananyň başlygyna çekildi. Bulardan daşary Homeýini tarapyndan 1996-njy ýylda Medeni ynkylabyň ýokary guramasynyň agzalygyna geçirildi.
Hateminiň daşary ýurtlara ilkinji resmi sapary goňşy Türkmenistana boldy. Ol 1997-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bilen bilelikde Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisiniň açylmagyna gatnaşdy.
90-njy ýyllaryň ilkinji ýarymynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygy has-da pugtalandy. Eýranyň gatnaşmagynda Maryda agyz suwy zawody guruldy. Balkanabatdan Eýranyň Alyabat şäherine çenli ýokary kuwwatly elektrik geçirijiniň gurluşygy alnyp baryldy. Eýran Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň durkyny täzelemäge ýakyndan kömek berdi. 2000-nji ýylyň dekabrynda Artykdan Eýranyň Lýutfabat obasyna çenli täze gaz geçiriji açyldy.
Iki goňşy ýurduň hoşniýetli gatnaşyklarynyň dikeldilmeginde Merhemetli Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hem-de Eýranyň prezidentleri Haşemi Rafsanjanynyň we Muhammet Hataminiň şahsy goşantlary uludyr.
Eýran sebitde parahatçylygy pugtalandyrmagyň tarapdarydyr. Ol EKO we Hazarýaka döwletlerine işjeň hyzmatdaşlygy teklip edýär. Ol Owganystandaky dawanyň gepleşikler arkaly çözülmelidigine ynanýar. Hateminiň 2000-nji ýylyň dekabrynda Ýaponiýa iş sapary onuň daşary dünýä bilen işjeň gatnaşyklarynyň giňelýändiginiň şaýadydyr.
Edebiyatlar
düzet- Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. A; 2001ỳ.
- Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama (ikinji kitap) . A; 2004 ỳ.
- Saparmyrat Türkmenbaşy. Meniň ruhybelentlik baharym. A.; 2005
- Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitaraplyk taglymaty. A; 2002 ỳ.
- Türkmenbaşy türkmeni dünỳä tanadỳar. A; 1999 ỳ.
- Dünyä ỳurtlary. M;2003 ỳ.
- Hanmyradow G. Sarahs –kerwen ỳollarynyň çatrygynda. A.2004.