Ebu Ýakup Ýusup al-Sakkaky

ABU ÝAKUP ÝUSUP ibn Muhammet as-Sakkaky (eng:Abu Yaqub Yusuf al-Sakkaki ) - 14. - 15. asyrlarda Horezmde ýaşap geçen şahyr. Şahyryň terjimehaly barada maglumat gaty az, ýöne Alyşir Nowaýynyň "Mejalysun-Nefaýys" atly kitabynda, Ýakyny şahyryň "Ok we ýaý" diýen eserinde onuň adyna duşmak bolýar. Ýakyny ony türki edebiýaty kämilleşdiriji, şol ugurda gaýduwsyz göreşiji şahyr hökmünde suratlandyrýar. Mawerannahrly bolsa-da, ol Samarkantda ýaşap, şol ýerde hem döredijilik işine başlaýar. Onuň 14. asyryň ahyrlarynda doglan bolmagy mümkin. Sebäbi onuň şygyrlarynyň arasynda Emir Temiriň neberelerinden bolan, 1405-09 ýyllarda häkimlik eden Halyl soltana bagyşlanyp ýazylan kasyda bar. Bu kasydany, megerem, şahyr otuz ýaşlarynda ýazan bolmagy mümkindir diýip, özbek alymy N. M. Mollaýew çaklaýar. Şahyryň eserlerinde Ulugbege bagyşlanyp kasyda hem bar. Ol 15. asyryň ortalarynda aradan çykypdyr. Şahyr güýçli lirik bolupdyr, ol özbek edebiýatynda kasyda janryny esaslandyrjylaryň biri hasaplanýar. Onuň dil bilimi barada hem ýazan işleri bar. Olaryň arasynda "Miftahul-ylym" ("Ylymlaryň açary") atly kitaby has ähmiýetlidir. Bu kitap soňra Muhammet ibn Abdyrahman Gazwini tarapyndan täzeden işlenýär we "Talhys" ady bilen medreselerde okuw kitaby hökmünde okadylýar. Bar bolan maglumatlara görä, ol edebiýaty, dili oňat bilşi ýaly, astronomiýany-da gowy bilipdir. Astrnomiýa hakynda "Habyb-essiýer" atly kitaby ýazypdyr. Şahyryň eserleri dolulygyna bolmasa-da olardan göçürilen birnäçe nusga ýadygär galypdyr. Olaryň biri-de 16. asyrda ýazylan golýazmadyr. Bu golýazma Londonda saklanýar. Şahyryň döredijiligine Alyşir Nowaýy we başgalary ýokary baha beripdirler. Onuň at-abraýy uly bolupdyr, dabarasy bütin Horasana, Yraga, Eýrana ýaýrapdyr.