Ebu Nasyr al-Zarifi al-Abiwerdi
ABU NASYR AZ-ZARYFY al-Abiwerdi (10 asyr) - asly häzirki Kaka sebitindäki Abiwert (Bawert) şäherinden bolup, köp wagt Buharada ýaşan türkmen şahyry. Öz zamanasynyň sowatly hem parasatly adamlaryndan biri bolan bu şahyr öz goşgularynda baý halk döredijiliginden ussatlyk bilen peýdalanypdyr. Şoňa görä-de onuň eserleri okyjylara düşnükli bolupdyr.