Open main menu

Ebulwezir Omar ibn al-Mutarrif

ABULWEZIR Omar ibn al-Mutarrif ibn Muhammet al-Abdy al-Kätip (eng:Abu'l-Wazir 'Omar ibn al-Mutarrif ) (803 ýylda aradan çykan)- asly maryly, meşhur kätip, arap dili boýunça belli hünärmen. Ol arap kowumlarynyň her biriniň nirede ýaşap, nirä göçendigini anyk görkezýän "Kitab manazil al-arab we hududha" ("Araplaryň menzilleri we araçäkleri hakda kitap"), "Kitap al-mufaharat al-arab we münafarat al-kabaýyl fi-n-neseb" ("Araplaryň we olaryň kabylalarynyň öz gelip çykyşlary bilen magtanyşlary dogruda kitap") ýaly eserleri bilen tanalýar.