Efiopiýa 1918-1939 ýyllarda
Birinji jahan urşundan soň Efiopiýanyň ykdysadyýetinden hem uly özgerişler bolýar. Efiopiýa Afrikada baknadarçylyga öwrülmedik döwletdi. Uruşdan soňky ýyllarda daşary söwda, esasan hem import ösýär. Ýurduň welaýatlarynyň arasynda içki ykdysady gatnaşyklar berkleşýär. Haryt gatnaşyklaryň ösmegi, natural hojalygyň pese gaçmagyna getirýär.
Tafari Mkoweniň ýolbaşçylygyndaky ýaş efiopiýalylaryň işjeňligi artýar. Bu topar gulçulygyň ýatyrylmagyny, özgertmeleriň geçirilmegini, ýewropa nusgasynda bilimiň girizilmegini daşky dünýä bilen gatnaşyklaryň güýçlendirilmegini talap edýär.
1918 ýylda esgerleriň çykyşy bolup, olar öz guramalaryny döredipdirler we goşunyň täze nusga esasda özgerdilmegini, tölegsiz mekdepleriň döredilmegini talap edipdirler. Patyşa aýal Zandit we onuň töweregindäki iri ýer eýeleri şeýle özgertmeleriň geçirilmegine garşy çykypdyrlar. Emma Tafariniň tarapdarlarynyň sany artypdyr. Onuň goşuny 1916 ýylda iri ýer eýeleriniň çykyşyny basyp ýatyrýar. Patyşa Zandit häkimýetden çetleşdirilýär. Ýaş efiopiýalylar 1923 nji, 1924-nji ýyllarda gulçulygyň ýatyrylmagy, gullary azat etmegiň düzgüni hakynda permanlaryň çykarylmagyny gazanýarlar. Ýöne öý gulçulygy uzak wagt dowam edipdir.
1923 ýylda Efiopiýa Milletler ligasyna girýär. 1928 ýylyň Bitaraplyk aýynda Angliýanyň we Italiýanyň ylalaşygyna görä Efiopiýanyň demirgazyk-günbatary Angliýanyň gündogary Italiýanyň täjir zolagy diýip ykrar edilýär. Emma halk kýpçüligi muňa garşy çykýar. Italiýa Efiopiýa garşy urşa taýýarlanyp, ol iri- ýer eýeleriniň kömegine daýanyp merkezi häkimýeti gowşatmaga çalşypdyr.
Tafariniň tarapdarlary 1928-1930 ýyllarda merkezi häkimýete garşy iri-ýer eýeleriniň birnäçe çykyşlaryny basyp ýatyrýar. Tafari Mohonen ýokary häkimýeti öz elinde jemläp, 1930 ýylda Zandit aradan çykandan soň haýle Selassiýe ady bilen tagta geçýär.
ХХ asyryň 30 ýyllarynda Efiopiýada ilkinji senagat kärhanalary peýda bolup başlaýar. Bu döwürde negus haýle Selassiý birnäçe özgertmeler geçirýär. Ýagny ýurduň sosial gurluşyny, çäklendirilmedik häkimýeti üýtgetmezden, iri ýer eýeçilik döwletini täze şertlere ukyply döwlete öwürmek üçin birnäçe çäreler girizilýär. Efiopiýanyň administratiw bölüişigi üýtgedilýär. Welaýatlarda merkezi häkimýet tarapyndan bellenilýän gubernatorlar dolandyrypdyr. Ýewpopa nusgasynda ministrlikler döredilipdir. Ýerli nahlaryň, kuýazlaryň häkimiýettini çälendirmek üçin ýörite merkezi häkimýet tarapyndan wekiller bellenipdir. Salgytlary ýygnamaklyk hem merkezi häkimýetiň wekili tarapyndan geçirilipdir. Natural salgyt, pul salgydy bilen çalşyrylypdyr. Goşuny özgertmeklige uly üns berilipdir.
1931 ýylda ilkinji konstitusiýasy kabul edilýär. Senagatyň wekilleri imperator tarapyndan bellenilipdir. Deputatlar palatasy- ýerli han begleriň wekillerinden ybarat bolupdyr.
Imperatoryň deputatlar palatasyny çagyrmaga we dartmaga hukugy bolupdyý.Sud ulgamynda hem özgertmeler geçirilipdir. Jenaýat kanuny kabul edilipdir. 1931-1935 ýyllarda gulçulygy ýatyrmak hakynda täze kanunlar kabul edilipdir.
1032 ýylda Italiýa Efiopiýa garşy urşa taýýarlanýar. 1934 ýylda italýan baknalygy Somali, Eritreýada harby taýýarlyk görüp Bitaraplyk aýynda italýan goşunlary Efiopiýanyň çäklerini bozýarlar. Efiopiýa goşunynyň 107 esgeri öldürilýär, 45-si ýaralanýar.
1935 ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 3-de uruş yglan etmezden italýan goşunlary Efiopiýa çozýarlar. Uruş Italiýa üçin adalatsyz, basybaljylykly , Efiopiýa üçin goranyş, adalatly uruşdy. Bu uruşda Italiýa bogujy gaz ulanýar. Harby uçarlary gaz ulanyp Italiýa ýurduň paýtagtyny basyp alýar. Imperator Haýle Selassiýe ýurduň çykyp gitmäge mejbur bolýar. Efiopiýa Italýan goşunlary tarapyndan basylyp alynýar we Italiýanyň baknasy diýip yglan edilýär hem-de Italiýanyň Gündogar Afrikasy diýip atlandyrylýar. Efiopiýanyň çägi 4 bölege bölünýär.
Negusyň maşgalasyna we onuň tarapdarlaryna degişli ýerler italýan baknadarlaryna paýlanypdyr. 1936-1938 ýyllarda gözüp gelen italýanlaryň sany 130 müňden geçipdir. Tebigy baýlyklary altyn, platina mis, demir italýanlar tarapyndan talanypdyr. Milli we dini garşylyklary döredip baknadarlar Efiopiýada berkleşmek isläpdirler. Emma efiopiýanyň goşun bölümleri halk bilen gizlin partizanlar söweşini alyp barypdyrlar. Ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen 1941 ýylyň Sanjar aýynda iňlis goşunlarynyň kömek bermeginde Efiopiýa italiýanlardan doly arassalanýar.