Egridaban — bu ekwino- kawa- warus deformasiýasy bolup, dabanyň displaziýasy (ýagny osüşden yza galmagy) we düzüminiň durnukly dislokasiýasy(ýagny ýerleriň uýtgemegi) bilen häsiýetlendirilýar. Çagalarda dabanyň dogabitdi deformasiýasy daýanç hereket ediş ulgamynyň has giň ýaýran kemislikleriniň biridir. Olaryň arasynda iň ýygy duş gelýäni bolsa dogabitdi egridabanlykdyr. Bütündünýa saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlar görä ýer ýuzünde her ýyl 100 müň çaga şeýle anomaliýa bilen dogulýar. Öte düşen ýa-da nädogry bejerilen ýagdaýlarda bu patologiýa maýyplyga getirip biler, netijede bolsa çagalar sosial uýgunlaşmak ukyplaryny ýitirýärler. Iki taraplaýyn egridabanlyk bir taraplaýyn egridabanlyga seredeniňde has ýygy duş gelýär. Gyzlar bilen deňeşdireniňde oglanlar bu kesel bilen iki esse ýygy keselleýärler. Egridabanlygy bolan çagalaryň 10% golaýy organizmiň ösüşiniň dürli ýetmezçiliklerinden goşmaça ejir çekýärler (1). Etiologiýa we patogenez - dabanyň ösüş kemisliginiň etiologiýasynda we patogenezinde şu wagta çenli jedelli we çözülmedik meseleler heniz örän köp, ýone esasan tohumlanma we embriogenez döwri genetiki sebäpleriň we daşky faktorlaryň täsiri netijesinde şeýle deformasiýalaryň emele gelip bilmegi mümkin diýlip hasaplanýar (2). Dabanyň şeýle deformasiýasyny göniden göni emele getirýan faktorlaryň esasysy dabanyň ýzky we içki böleklerinde birleşdiriji dokumalaryň patologiki ösüp- örňemegi hasaplanýar, myşsalaryň anatomiki gysgalygy, olaryň dokumalarynda, fassiýalarynda, uýlarynda, siňirlerde we siňir ýargaklarynda fibroz özgermeler bellenýar (2). Egridabanlylygyň klassifikasiýa umumy kabul edilen klassifikasiýasy ýok, emma tejribede egridabanlylygyň etiologiýasy boýunça ilkinji (idiopatiki) we ikilenji topara bölünýändigine ýygy duşup bolýar, ikinjä newrogenlik patologiýalar degişli edilýär (oňurga-ýilik ingilerinde paralitik we otyrýer nerwiniň ýatrogen zeperlenmesi we beýlekiler). Agyrlygy boýunça ýeňil (korrigirlenýän) görnüşe, agyr (rezistent) görnüşe we orta (aralyk) görnüşe bölünýär. Egridabanlylygyň agyrlygynyň Pirani boýunça belli kesgitleniş usuly 6 alamat boýunça – dabanyň orta bölümleri üçin 3 we yzky bölümleri üçin 3 alamat boýunça bahalandyrylýar, her bir alamak ballarda bahalandyrylýar: 0, 0.5 ýa-da 1 (0-kada; 0,5 – aram bildirýän patologiýa; 1-açyk bildirýän patologiýa). 6 balldan ybarat bolan aňrybaş bahalandyryş egridabanlygyň agyr derejesiniň bardygy barada aýdýar. Bu şkala bejerginiň netijelerini teswirlemeklige we Ponseti usuly boýunça bejerilende ahillotomiýany geçirmek zerurlygynda kömek edýär (2).

Dogabitdi egridabanlygyň alamatlary

düzet

Dogabitdi egridabanlygyň esasy kliniki alamatlary: dabanyň ön bölegin içe öwrülmegi, supinasiýa (dabanyň içki rotasiýasy), ekwinus (durnukly baglanan dabanasty epilme), kawus (dabanyň belent güberçekliligi). Şeýle-de, galtaşan alamatlar ahyrlaryň gipotrofiýasy, dabanyň gysgalmagy, daban bogunlarynyň we injik daban bogunlarda hereketleriniň çäkliligi bolup bilýär.

Dogabitdi egridabanlygyň bejerlişi

düzet

Egridabanlylygyň bejeriş taryhynda bejerginiň iň köne usuly konserwatiw usuldyr. Egridabanlylygyň konserwatiw bejergisiniň esasy tapgyrlary kemçiligiň el bilen düzedilmegi we gazanylan korreksiýany saklamagy Gippokrat teklip edipdir. XVIII, XIX asyrlarda we XX asyryň başlarynda el redressasiýasy we saklamak üçin dürli enjamlar giňden ýaýrapdyr, olaryň kömegi bileb dabanyň görnüşini we ýagdaýyny düzetmäge çalşypdyrlar. Olaryň içinden Finck-Ottingen boýunça flannel bintleme, Kusligiň berkidiş usuly ýaly usullar has bellidir. Häzirki wagtda hem ýumşak sargylaryň modifikasiýalary käbir öz tarapdarlaryny tapýar (3). Has belli funksional usullaryň biri dogabitdi egridabanlylygy bejermegiň “fransuz” usulydyr, onda soňlugy bilen kömekçi berkidiş bilen dokumalary çekmeklige we kemçiligi düzetmeklige ugrukdyrylan dowamly korregirleýji manipulýasiýalary we maşklary dabanda bilen ýerine ýetirýärler (9). Bir topat barlagda onuň netijeliligi görkezilen hem bolsa fransuz usuly dowamlylygy we köp zähmeti talap edýanligi üçin giňden ýaýramadykdyr (4). El bilen redressasiýalardaky şowsuzlyklaryň netjesinde ortopedler Turneriň redressatory we maşyn redressatorlary ýaly çylşyrymly redressirleýji enjamlary we dürli nurbatly enjamlary has ýygy ulanyp başladylar. Olar dabany “döwülen süňkli halta” öwürýärler, ondan soň kadaly ýagdaýda ýerleşdirýärler we köplenç gips sargysy bilen berkidýärler. Bu “gansyz” diýlip atlandyrylýan bejeriş usullary örän agyryly we gödek bolupdyr, narkoz bilen 20 çenli we ondan hem köp redressasiýalary talap edipdir, köplenç gaýraüzülmelere getiripdir we ýygy-ýygydan şowsuz tamamlanypdyr. Şeýle “gansyz” usullardan soň nekrozlaryň aýrylan ýagdaýlary şöhlelelendirilipdir (1). XX asyrda dogabitdi egridabanlylygy konserwatiw bejermegiň esasy usullary dabany redressasiýalamak bilen döwürleýin gips sargylarynyň dürli modifikasiýalary bolupdyr: (Germaniýada Imhoýzeriň usully (7) has belli, ABŞ-da – Kaýtyň usully (8), Russiýada Zasepiniň, Wilenskiniň usully we beýlekiler).

 

Ponseti usuly

düzet
 

Bu günki gün dogabitdi egridabanlylygy bejermegiň usullarynyň arasynda bütin dünýäde hakykatda hem giňden ýaýran Ponseti usuly aýratyn ýeri eýeledi (4, 5,10). Usulyýet pugta ýerine ýetirilende amalsyz doly bejeriliş mümkinçiligi dabanda geçirilýän klassiki amallara häsiýetli bolan ýitileşmelerden gaça durmaga, şeýle hem dabanyň hereketjeňligini saklamak bilen anatomiki şekilini dikeltmäge mümkinçilik berýär. Köp awtorlaryň maglumatlaryna görä bejergide 99% çenli oňyn netije gazanyp bolýar. Bu daşary ýurt edebiýatynyň köp sanly neşirleri we biziň hususy tejribämiz tarapyndan tassyklanylýar. Däp bolan konserwatiw usullaryň netijesizligi egridabanlylygy düzetmegiň operatiw usullarynyň ýaýramagyna getirdi. 1831-nji ýylda ilkinjileriň biri bolup. nemes hirurgy Ştrommeýer egridabanlylykdan (ÇSY) ejir çekýän belli iňlis lukmany Little ahillotomiýany edipdir, Baýer 5 ýyldan soň egridabanlylyk bolanda ahillotomiýa dikeldilipdir. Häzirki pursatda egridabanlylygy bejermekde ulanylýan amallaryň esasy görnüşleri: tenoligamentokapsulotomiýalar (W.A. Şturm, 1951; T.S. Zasepin, 1956; P.F. Moroz, 1990; S.Ý. Wolkow, 1999; Carroll N.C., 1988; McKay D.W. 1983; Yamamoto H., 1994 we beýlekiler), dabanyň süňklerinde edilýän amallar ( M.I. Kuslik, 1931; Evans D. 1961;Mitchel G. H. 1977; Panddey S, etal. 1980; Graham G. P., Dent C.M., 1992 we beýlekiler), apparat korreksiýasy (Illizarowyň, Tayloryň enjamlary), şeýle hem bu usulyýetleriň utgaşmasy. Egridabanlylygy bejermek boýunça edebiýatlaryň häzirki zaman maglumatlaryny derňäp, bir ýaşa çenli çagalarda egridabanlylygy bejermegiň “altyn” standarty Ponsetiniň konserwatiw usulydyr diýip ynam bilen aýtmak bolar, operatiw goşulmalar bolsa konserwatiw bejergi şowsuz bolanda we onuň residiwlerinde ulanylyp bilner.

Ignasio Ponsetiniň usuly boýunça bejergini çaganyň doglandan soňra 7-14 günliginden başlamalydyr. Bejergini näçe ir başladygyňça dabanyň deformasiýasy düzelmäge uýgun bolýar we tiz wagtda doly düzedip bolýar. Düzgün boýunça dabanyň deformasiýasynyň düzelmegini gozanmak üçin deformasiýasynyň derejisine garamazdan dabany kem-kemden düzedip azyndan 6-7 gezek gips sargysyny çalyşmaly bolýar. Tapgyrlaýyn gipsli bejergi deformasiýasynyň agyrlyk derejesine görä 8-12 hepdä çekýar. Dabanyň deformasiýasyny kem-kem düzedip gips sargysyny her 10 günden çalyşylýar. Gips sargysyny hemişe budun ýokory bölegine çenli dyz boguny 90 ýagdaýda goýulýar, bu bolsa gipsyň aşak süýşmezegin päsgel berýar. Redressasiýa dabanyň uýlarynyň fiziologiki maýişgaklygyna laýyklykda sozulmagy üçin ýuwaş-ýuwaşdan ýerine ýetirilmelidir. Gips sargysyny indiki tapgyrky bejerginiň ön ýanynda hassahanada aýrylmalydyr. Dabanyň korreksiýasy (düzelmegi) ýaýradylan we supinasiýa ýagdaýda ýerine ýetirilmelidir we şol bir wagtda ökje üsti sünküni injik daban bogunyň toýnagynda öwrelmeginiň oňuni almak üçin kellejigiň daş ýuzinden basyp durmalydyr (10).  Köplenç ýagdaýlarda ekwinusy aýyrmak üçin goşmaça ahil siňiriniň tenotomiýasy talap edilýar. Ony ýerli anesteziýa bilen birnaçe minudyň dowamynda ýerine ýetirip bolýar. Geçirelen amaldan soňra wagtyň geçmegi bilen ahil siňiriniň bütewiligi doly dikelýar, bu bolsa dabany arka fleksiýa geregiçe çykarmaga mümkünçilikberýar. Amaldan soňra aýagy gips sargysy bilen 3 hepdelik baglanýar (1,8,3).

   Sonky gips sargysy aýrylyndan soňra  çaganyň aýajyklary ýorite şina bilen birikdirilen aýakgaplara – ýagny breýslere geýdirmelidir. Breýsleri 3 aýlap gije gündüziň dowamynda 23 sagat aýrylmaly däldir. Olary diňe şahsy gigiýena çareleri geçirilende aýyrmak bolar. 3 aýdan soňra breýslerin geýdirmeli wagtyny kem-kemden gysgaltmalydyr. Ahyrky netijede bolsa olary diňe ýatan wagtlary (ýagny gije gündiziň dowamynda 12-14 sagat) 4-5 ýaşa çenli geýdirmelidir. Şu döwriň dowamynda çaganyň dabanynda yzygiderli redressirleýji maşklary geçirmelidir, şeýlede her 3-4 aýdan fizioterapewtiki bejergiler we massaj etmelidir.

Edebiýatlaryň sanawy:

düzet
  1. . Под редакцией М.В. Волкова. //Ортопедия и травматология детского возраста, М. «Медицина»1983.
  2. . А. Лоан.// Лечение врожденной косолапости по методике Понсети. / Санкт Петербург. / GlobalHelpPublications./2012.
  3. .Чугуй Е.В.//Результаты лечения врожденной косолапости модифицированной повязкой Финка –Эттингена и эластоступом Чугуй у детей раннего возраста / Челевек и его здоровье : материалы конгресса. – СПб., 2006. – С. 94
  4. И.Ю. Клычкова, В.М. Кенис, Ю.А. Степанова.// Консервативное лечение врожденной косолапости: Анализ результатов и перспективы. 2011 – 3 (61) С.- 45 -49.
  5. . Ponseti I.V. // Congenital Clubfoot: Fundamentals of Treatment / I.V. Ponseti. – Oxford : Oxford University Press, 1996. – 140 р.
  6. . Dietz F. // Clin. Orthop. – 2002. – N 401. – Р. 39–48.
  7. . Imhäuser, G. Follow-up examinations: 30 years of Imhäuser clubfoot treatment / G. Imhäuser // Arch. Orthop. Trauma Surg. – 1980. – Vol. 96, N 4. – Р. 259–270.
  8. . Kite, J.H. // Nonoperative treatment of congenital clubfoot / J.H. Kite // Clin. Orthop. – 1972. – N 84.–Р. 29–38.
  9. . Bensahel, H. // Practical applications in idiopathic clubfoot: A retrospective multicentric study in EPOS/ H. Bensahel, A. Catterall, A. Dimeglio // J. Pediatr. Orthop. – 1990. – Vol. 10, N 2. – P. 186–188.
  10. . Zwick, E.B. Comparison of Ponseti versus surgical treatment for idiopathic clubfoot: a short-term preliminary report / E.B. Zwick [et al.] // Clin. Orthop.– 2009. – Vol. 467, N 10. – Р. 2668–2676.