Elektron maglumat saklamak usullary
CD, DVD, USB, HD etc
Maglymat saklamak üçin ulanylýan serişdeler.
CD-R (CD-ROM) 700 Mb – iň amatly, sebäbi arzan, iň ygtybarly, sebäbi köp ýyla gidýär (10-20 ýyla çenli), hemme ýerde ulanylyp bilýär. DVD-R 2400 Mb – örän amatly, sebäbi arzan we CD-R deňeşdireňde has köp maglumat sygdyrýar, köp ýyla gidýär, emma kä-bir ýerlerde ulanylyp bilenok. CD-RW we DVD-RW – ýazylyp-pozulyp bilner, emma gymmat we köp ýerde ulanylyp bilmeýär. Olaryň ýerine arzan CD-R we DVD-R diskleri ulanmak has amatlydyr. USB Flash (Fleshka) 64 - 8000 Mb - kiçijik we ýeňil, ýazyp-pozup bolýar, emma gymmat we köp ýyllap maglumat saklamaga kän-bir ýaranok (aňsat zaýalanyp bilýär). Hard Disk (HD) 10 - 1 000 000 Mb – ýazyp-pozup bolýar, iň köp maglumat sygdyrýan serişde, her kompýuterde hökman bar, emma aýratyn USB görnüşinde hem ulanyp bolýar. Kä-wagt HD döwülýär ýa-da zaýa bolup çykýar, şonuň üçin olarda saklanýan maglumatlary hökman CD ýa-da DVD kopiýa edip geçirmeli. Floppi-disk 1.4 Mb – iň ýaramaz serişde, ýazyp-pozup bolýar, emma derrew sandan çykýarlar.
Floppi we USB diňe wagtlaýyn faýllary saklamaga ulanulmaly, köp wagta (arhiw) saklamak üçin ulanmak howply – maglumatlar ýitip bilýäler.