Ka­na­da­ly ýa­zy­jy ze­nan Elis Enn Mun­ro (Alice Ann Mun­ro) 1931-nji ýy­lyň 10-njy iýu­lyn­da On­ta­rio şta­ty­nyň Uin­gem şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Elis Leýd­lou (gyz­ka fa­mi­li­ýa­sy) 1949-njy ýyl­da mek­de­bi ta­mam­lan­dan soň­ra, Gün­ba­tar On­ta­rio­nyň uni­wer­si­te­ti­ne gir­ýär. Ol ýer­de ol gel­jek­ki ýan­ýol­da­şy Jeýms Mun­ro bi­len ta­nyşýar. Olar 1951-nji ýyl­da maş­ga­la gur­ýar­lar we Elis uni­wer­si­te­ti taş­lap, ýol­da­şy bi­len Wan­ku­we­re gid­ýär. Mun­ro­nyň il­kin­ji he­ka­ýa­sy 1950-nji ýyl­da “Fu­lio” at­ly ta­lyp­la­ryň ede­bi­ýat žur­na­lyn­da çap edil­ýär. Elis Mun­ro 1963-nji ýyl­da Bri­taniýa Ko­lum­bi­ýa­sy­nyň we­la­ýa­ty Wik­to­ri­ýa şä­he­ri­ne gid­ýär we ol ýer­de Wan­ku­we­riň iň go­wy ki­tap dü­kan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Mun­ro’s Books” dü­ka­ny­ny aç­ýar. Ol 1968-nji ýyl­da “Bag­ty­ýar sa­ýa­la­ryň tan­sy” at­ly gys­ga he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy üçin “Gover­nor Ge­ne­ral’s Award” baý­ra­gy­ny al­ýar. Elis Mun­ro we Jeým­siň maş­ga­la­syn­da Şeý­la (1953), Jen­ni (1957) we And­rea (1966) dün­ýä in­ýär. Elis On­ta­rio do­lan­ýar we Gün­ba­tar On­ta­rio uni­wer­si­te­ti­niň ýa­nyn­da ýa­zy­jy – re­zi­dent we­zi­pe­sin­de iş­le­ýär.

1980-nji ýyl­da Bri­ta­ni­ýa Ko­lum­bi­ýa­sy uni­wer­si­te­tinde (Ka­na­da) we Kwins­lend uni­wer­si­te­ti­nde (Awst­ra­li­ýa) ýa­zy­jy – re­zi­dent we­zi­pe­si­ni eýe­le­ýär. Elis Mun­ro­nyň il­kin­ji ýy­gyn­dy­sy “Bag­ty­ýar sa­ýa­la­ryň tan­sy­na” (1968) ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýär we Ka­na­da­nyň iň ýo­ka­ry ede­bi­ýat baý­ra­gy – ge­ne­ral-gu­ber­na­to­ryň baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­ýar. Bu üs­tün­lik “Gyz­ja­ga­zyň we aýa­lyň dur­mu­şy­ny” ber­kid­ýär (1971) we öza­ra bag­la­ny­şyk­ly he­ka­ýa­la­ryň ýy­gyn­dy­sy edil ro­man ýa­ly çap bolup çyk­ýar. Ol bu ro­man üçin 1971-nji ýyl­da Ka­na­da­nyň ki­tap söw­da­gär­le­ri­niň bir­le­şi­gi­niň baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ýar. 1978-nji ýyl­da “Eý­sem, as­ly­ýe­tin­de sen kim?” (Who do you think you are?) at­ly ýy­gyn­dy­sy çap edilýär. Bu ki­tap Mun­ro ikin­ji ge­zek ge­ne­ral-gu­ber­na­to­ryň baý­ra­gy­na eýe bol­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Ol 1979 – 80-nji ýyl­lar­da Awst­ra­li­ýa­da, Hy­taý­da we Skan­di­na­wi­ýa­da iş sa­pa­ryn­da bol­ýar. Mun­ro 1980 we 1990-njy ýyl­lar­da çen bi­len 4 ýyl­dan bir ge­zek he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy­ny neşir edipdir. Onuň gy­zy Şeý­la Mun­ro 2002-nji ýyl­da özü­niň ça­ga­lyk ýyl­la­ry we eje­si ha­kyn­da me­mu­ar­la­ry çap edip çy­kardýar. Elis Mun­ro­nyň eser­le­ri “The New Yor­ker”, “The At­lan­tic Month­ly”, “Grand Street”, “Ma­de­moi­sel­le” we “The Pa­ris Review” ýa­ly ab­raý­ly ne­şir­ler­de ýy­gy-ýy­gy­dan peý­da bol­ýar. Onuň iň soň­ky ese­ri “Ju­da köp bagt” at­ly ýy­gyn­dy­sy 2009-njy ýy­lyň aw­gus­tyn­da çap edil­ýär.

Elis Mun­ro 28 ýyl­lyk ýa­zy­jy­lyk tejribesinde “Gyz­ja­ga­zyň we aýa­lyň dur­mu­şy” at­ly bir ro­man we ýe­di he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy­ny çap et­di­rip­dir. Ol köp san­ly ede­bi­ýat baý­rak­la­ry­na we sy­lag­la­ry­na my­na­syp bol­ýar. Onuň “Eý­sem, as­ly­ýe­tin­de sen kim?” at­ly ýy­gyn­dy­sy üçin 1986-njy ýyl­da Bu­ker baý­ra­gy berilýär. Ol 1986-njy ýyl­da 10,000 dol­lar sy­la­g bi­len “Ma­ri­an En­gel Award”-yň il­kin­ji ýe­ňi­ji­si bol­ýar. 1995-nji ýyl­da Ang­li­ýa­da çap edi­len iň go­wy ki­tap hök­mün­de “Syr­la­ryň açyl­ma­gy” üçin “W.H. Smith Award” baý­ra­gy­ny al­ýar, 1999-njy ýyl­da bol­sa, ABŞ-da bu ýy­gyn­dy “Na­tio­nal Bo­ok Cri­tics’ Circle Ficti­on Award” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ýar. Elis Mun­ro 2004-nji ýyl­da “Gaç­gak” at­ly he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy üçin Gil­ler baý­ra­gy­ny, 2005-nji ýyl­da bol­sa “Ýa­zy­jy­la­ryň ar­ka­la­şy­gy” baý­ra­gy­ny al­ýar. Onuň he­ka­ýa­la­ry ra­dio we ki­no üçin ýe­ňil­leş­di­ril­ýär. “Og­lan­lar we gyz­lar” filmi 1986-njy ýyl­da iň go­wy gys­ga met­raž­ly film hök­mün­de “Os­kar” baý­ra­gy­na eýe bol­ýar. Onuň eserleri 20 dile terjime edildi. Munro Nobeliň edebiýat baýragyna mynasyp bolan 13-nji zenan ýazyjydyr. Onuň eser­le­ri esa­syn­da “Og­lan­lar we gyz­lar” (Bo­ys and Girls, 1983), “Gyz­la­ryň we ze­nan­la­ry­yň dur­mu­şy” (Lives of Girls & Wo­men, 1994),“Akyl­syz­ly­gyň çä­gin­de” (Ed­ge of Mad­ness, 2002), “On­dan uzak­da” (Away from Her, 2006) ýa­ly film­ler su­ra­ta dü­şü­ril­di. Mun­ro Ame­ri­ka­nyň sun­gat we ede­bi­ýat aka­de­mi­ýa­sy­nyň (1992) hor­mat­ly ag­za­sydyr.

Onuň öz eser­le­rin­de ün­sü­ni bel­li bir se­bi­te gö­nük­dir­me­gi, ki­tap­la­ry­nyň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ridir. Mun­ro­nyň eser­le­ri be­ýik no­wel­la­çy­la­ryň­ky bi­len de­ňeş­di­ril­ýär. My­sal üçin, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Sin­ti­ýa Ozik Mun­ro­ny “Bi­ziň Çe­ho­wy­myz” di­ýip at­lan­dyr­ýar. Çe­how­da bol­şy ýa­ly, Mun­ro­nyň eser­le­rin­de hem sýu­žet ikin­ji ýer­de dur­ýar. Onuň pro­za­sy dur­mu­şyň gap­ma-gar­şy­lyk­laryny we bir­meň­zeş däl­li­gi­ni be­ýan ed­ýär. Köp tan­kyt­çy­lar Mun­ro­nyň he­ka­ýa­la­ryn­da köp­lenç ro­man­la­ryň ede­bi çuň­lu­gy­nyň bar­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. Mun­ro­nyň gys­ga eser­le­ri­niň kö­pü­sin­de ro­man­lar­da­ky bo­lup geç­ýän wa­ka­lar teswirlenýär.

Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň iýu­lyn­da 82 ýaş­ly Mun­ro öz ede­bi­ýat kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. 2012-nji ýy­lyň güý­zün­de ne­şir edi­len “Eziz dur­muş” (De­ar Li­fe) he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy onuň iň soň­ky ese­ri bol­ma­ly­dyr. Elis Mun­ro 2013-nji ýyl­da “Hä­zir­ki za­man gys­ga he­ka­ýa­la­ryň us­sa­dy” di­ýen kes­git­le­me bi­len No­be­liň ede­bi­ýat baý­ra­gy­ny ber­di­ler.