Ellinçilik döwletler

Mowzuk: Ellinçilik döwletler

Meýilnama:

Ellinçilik döwletleriñ döremegi «Ellinizm» dşundiriş

Ellinçilik Müsür

Selewkitlen we Grek-Baktriýa patyşalyklary

Gresiýa we beýleki ellinçilik döwletler. Rimiñ we Prfiýanyñ basyş alyşlary.

Ellin medeniýeti.

1. Aleksandryñ döwletine Makedoniýa Balkan we adalardaky Gresiýanyñ uly bölegi, öñki Eýranyñ ýerleri, indistanyñ Demirgazyk-Günbatarynyñ bir bölegi giripdr.

Aleksandr ölensoñ,onuñ imperiýasy dargapdyr. Aleksandryñ ýaky serkesdeleri - diaohlar ýurdy 40 ýyllap paýlaşypdyrlar. Aleksandr ölensoñ, onuñ akly kem dogany we täze doglan ogly tapyşa diýilip yglan edilipdr. Bulara Aleksandryñ tejribeli egindeşi Perdikka (b.e. ö 323 ý.) atabeg saýlanypdyr. Beýleki serkerdelere ýurduñ dürli ýerlerin dolandyrmak tabşyrylypdyr. Olar özbaşdak blmaga galşypdyrlar. Persikka öldürilipdir. b.e. öñ 321-nji ýylda Priparadisde (Siriýa) maslahat geçirip, Müsür Ptolemeý Lada, Makedoniýa we Gresiýa Antiparta we onuñ ogly Kaasandra, Kçi Aziýa Antigon Ýekegöze, Mesopotamiýa Selewke, Frakiýa, Propontida, Kiçi Aziýanyñ bir bölegi Lizimaha berlipdir. Şeýle-de bolsa bitewi dölwet hakyndaky pikir entek diridi. Antigon ýekegöz we ogly ogly kiçi Aziýany, Siriýany, Waeilony, Midiýany, Persodony özlerine tabyn edipdirler. Bulara garşy beýleki diagolar birlişik döredipdirler. Güýçleriñ deñagramlylygyñ emele gelmegi bilen b.e. 311-nji ýylda äze şertnama baglanyşylyp, diodahlaryñ öz baysp alan ýerlerine ykyklary ýene-de tassyklanypdyr. Şol ýylda ähl diadolaryñ ylalaşmagy bilen kemakyl Filipp III we 12 ýaşly AleksandrIV öldürilipdir.

b.e. öñ 306-njy ýyla bolsa antigan Ýekegöz, Demetriý Polirket, Ptolemeý Lad, Lizima, Selewe ýaly as iri diaohlar özlerini tapyşadiýip yglan edipdirler we öz dwletlerini döretjekdiklerini açyk aýypdyrlar. B.e. öñ 301-nj Ipsada bolan söweşde Antigon ýekegöz bilen Demetriý Poliorket döwleti birlişdirmäge iñ soñky synanysygyny edip, ýeñlipdirler. Antigon söweşde ölüpir, ogly bolsa Selewke ýesir düşüpdir. Diadahlaryñ arasyndaky iñ soñky özara uruş b.e. öñ 281-nji ýylda bolupdyr. Şonda selewk Lizomahyñ goşunlaryny ýeñip, onuñ ýerler bolsa beýleki ellinçilik ökümarlaryñ arasyna paýlanypdyr.

Ellinizm gadymy grek we gadymy Gündogar dünýasiniñ bir bitewidöwletleriñ ulgamyna birleşdirilmegi netijesinde emele gelipdir/Bularyñ durmuş-ykdysady, syýasy gurluşynda, medeniýtinde köpumumylyklar blupdyr. Gadymy grek we gadymy gündogar siwilizasialaryñ bir-birine täsir ediş derejesi bolupdyr. Käbir döwletlerde gündogaryñ täsiri, beýklerinde grekleriniñ täsiri ýokary bolan üçünji birlerinde bolsa ikisem deñegerräk gatnaşykda bolupdyr.ellinçilik dnýasiniñ düzümine günbatarda Sisiliýa we Gnorta Italiýaan gündogarda Demirgazyk-Günbatar indistana çenli, Aral deñziniñ günorta kenarlaryndan günortada Niliñ I bosagysya çenli aralyk degişli bolupdyr. Bu geografiki zolakda umumy geografi we taryhy alamatlary, emgyýetçilik we medeni ösüşiniñ belli derejede umumylygy esasynda 4 sany sebit tapawutlanýar:

1. Müsür we Ýakyn Günogar (Ortaýer deñziniñ gündogary, Siriýa, Ermenistan, Wawilon, Kiçi Aziýanyñ uly bölegi).

2. Orta gündogar (Eýran, Orta Aziýa, demirgazyk-günbatar Hindstan).

3. Balkan Gresiýasy, Makedoniýa we Kiç Aziýanyñ Günbatary (Pergam).

4. Beýik Gresiýa w Gara deñiz sebitleri.

Ellinizme has mahsus bolan alamatlar müsürde we Ýakyn Gündogarda güýçli ýüze çykyp, bu sebite ellençiligiñ nusgasy etraby ökmünde garamak bolar. Ýöne Balkan Gresiýasynda we Makedoniýada, Beýik Gresiýada we Gara deñiz sebitlerinde taryy ösüş gadymy grek siwilizasiýasynyñ esasynda bolupdyr.

Ellinçilikdünýasiniñ dürli bölekleriniñ arasyndaky aragatnaşyklar iolaryñ ykdysadyýetiniñ ösmegine ýardam edipdir. Elladada nusgasy öwürdäkä garanda as berk birleşmeler (Aeý bileleşigi, Etoliýa bileleşigi) we döwletler (olara ýerli taýpalar hem giripdir) meselem, Sisiliýa, Bospor döwletleri emele gelipdir.

Ellingilik döwri b.e. öñ 334-nji ýylda A.Makedonskiniñ Kiçi Aziýa ýörişinden başlap, b.e. öñ 3—njy ýylda ioñky ellin döwlet Müsüriñ rimliler tarapynan basylyp alynmagy bilen tamamlanýar we 300 ýyldan gowrak dowam edipdir.

Elliniçiligiñ ösüşinde 3 döwür tapawutlanýar:

1. b.e. öñ 334-281-nji ýyllar A.Makedonskiniñ imperiýasynyñ emele gelmegi we diodalaryñ uruşlary metijesinde dargamagy

2. b.e. öñ 280-II asyryñ ortalary. Ellinçiligiñ kämil döwri, onuñ durmuş-ykdysady düzüminiñ, döwletliliginiñ, medeniýetiniñ döredilmegi.

3. B.e. öñ II asyryñ ortasy - b.e. öñ 30-njy ýýl Giçki ellinçilik öwür. Ellin döwletleriniñ dargamagy we olaryñ günbatarda Rim, gündagarda Parfiýa tarapyndan basylyp alynmagy.

Ellinçilik dünýäsinñ gündogar we günbatar çerleriniñ arasynda söwdaýollary arkaly haryt we çig mal alyş-çalşy bolupdyr. Egeý şäherlerinden we Finikiýadan Kiçi Aziýanyñ, Siriýanyñ,Mesopotamiýanyñ we Eýranyñ üsti bilen bütin Alýuky Aziýanyñ kesip geçip, abaanlaşdyrylan kerwen ýollary Hindistana baryp ýetiripdir. Ortaýer deñiz etraplary bolsa deñiz ýollary arkaly Aleksandriýa portundan Bil derýasy arkaly Gyzyl deñze, Bal-el-Mandeb bogazyna we Arap deñzine çykyp,indistan bilen aragatnaşyk saklapdyrlar. Ellinçilik döwrüniñ patyşalary söwdany ösdürmek çin salgyt ýeñilliklerini girizipdirler, söweda ýollaryny gorapdyrlar, ýollaryñ ýagdaýy hakda alada edipdirler,pars ýerzeminlerinse ýatan altyn, kümuş tokgalaryny zikgeläp, dolanyşyga göberipdirler.

Ellinçilik döwründe ululy-kiçili şäerleriñ 170-den gowragy gurlupdyr.

Döwlet gurluşy em ýutgäpdir. Öabaşdak grek polisleriniñ we gadymy gündogar espotiýasynyñ ýerine ellinçilik monarhiýa görnüşi gelipdir. Onda polis döwlet gurluşynyñ we gündogar monarhiýasynyñ düzgünleri utgaşypdyr.

Medeniýatiñ we diniñ özara täsiri has netijeli bokupdyr. Astronomiýada, matematikada, fizikada, biologiýaa, geografiýad, eýkeltaraşlykda, şäher gurluşygynda, binagärlikde, debiýatda, poeziýada ajaýyp öñedegişlikler vbolupdyr. Elliçilik döwletleriñ paýtagtlary (Aleksanriýa, Antiohiýa, Pergam,Rodos, Sirakuzy, Afiny) uly medeni, mekdepler köp bolupdyr.

Ellinçilik dünýäsiniñ iñ iri döwletleri. Ptolemeýleriñ dolandyrýan Müsür patyşalygy we sebwkidleriñ döwleti (b.e.öñ III asyryñ ayryndan Siriýa patyşalygy) bolupdyr. Beýleki täsirli ellinçilik döwletlerine Makedon patyşalygy, Pergam patyşalygy, Grek-Baktriýa patyşalygy degişli bolupdyr. Has kiçiräk ellin döwletleri hem bolupdyr. Olara Wifiniýa, Pont, Erministan, Sisiliýa dölweti, Bospor patyşalygy, Rodos, Etoliýa we Aheý bileleşikleri degişlidir.

2. Ellinçilik Müsüriñ ýerlerine b.e. öñ III asyrda Niliñ I bogasynda Ortaýer deñzine çenli ýerler, Efiopiýa (gadymy Nubiýa), Kirinaika (gadymy Liwiýa), Sinaý, Palestina, Finikiýa, Günorta Siriýa (Kelesiriýa), Kiç Aziýanyñ günorta, günorta-günbatar, günbatar böleg (Kilikiýa, Pambiliýa, Likiýa, Kariýa, Joniýa), Kipr adasy degişli bolupdyr.

Ftolemeýler Egeýden Gara deñze geçýän möüm deñiz ýollaryñ gözekçilik etmegi elde saklapdyrlar. Olara Kritde, Attikaa beýleki ýerlerde guran galalary hem degişli. Müsür ortaýer deñziniñ gündogar bölegindäk ähli deñiz ýollarynda agalyk edipdir. Olar bu sebitiñ arby-syýasy işlerine işjeñ gatyşypdyrlar. Ptolemeýleriñ ölweti iki bölekden durupdyr:

1. Afrika ýerleri.

2. Müsürdäki däl ýerleri.

Bu bolsa onuñ durmuş-ykdysady we dolandyryş syýasatynda iki hili ýagdaýyñ bolmagyna getiripdir. Ptolemeýler müsüriñ çäginden daşarda bir syýasat,Nioiñ jülgesinde başgasyýasat ýöredipdirler. Aleksandriýa şaheri Müsüriñ paýtagty bolupdyr. Şondan soñ Müsüriñ ýerleri kem-kemden azalyp, b.e. öñ II asyryñ ortalarynda çenli öz tebigy araçäklerine çenli gysgalypdyr.

Bu döwürde Müsüriñ ykdysadyýeti suwarymly ekerançylyga esaslanypdyr. Merkezi äkimiýet suwaryş ulgamyny giñeltmek barada alada edipdir. Nil bilen ugurdaş bolan ägirt uly kanal (Iasifiñ kanaly) arassalanydyr. Faýýumda we Delda köpsanly kanallaryñ ulgamy gurlupdyr. Sürülýän ýerler üçden biriçe köpelipdir. Öñden ekilýän arpa derek gymmatbaha bugdaý ekip başlapdyrlar. Zygyry, papirusy öñjkünden köp ekilipder. Müsür üçin täze ekinler bolan şaly we gowaça ösdürilip başlanypdyr. Ýerlere ideg edilisine döwlet tarapyndan gözegçilik edilipdir.

Patyşa ähli ýerleriñ eýesi asaplanypdyr. Patyşa ýerlini kärendeçeler işläp bejeripdirler. Atyşa ýerinden başga-da, wezipeli adamlara, emeldarlara, urşuhylara, ybadathanalara we ş.m. berilýän ýerler bolupdyr.

Şaerlerde hünärmentçilik ösüpdir. Ptolemeýler müsüriñ çäklerinden daşardaky erlerde 30-dan gowrak şäher döredip, elin ökümdarlaryñ äplerini ösdüripdirler. Müsürde bolsa onuñ gadymy paýtagty Fiwa, garşy güýç hökmünde diñe Ptolemaida şäerini esaslandyrydyrlar. Müsürdäki beýleki grek şäherleri b.e. şäheri b.e. şäheri we Aleksandriýa bolupdyr.

Müsürde 40 töweregi kop bolup, olaryñ merkezleri patyşa adnistrasiýasyna tabyn edilen ýerli şäherler bolupdyr. Olarda örän gymmat, reñkli aýna önümleri, zygyr, ýüñ, ýupek matalar, papirus, keramika, bürüç, mis, demir oñumleri öndürilipdir.

Müsürde ösümlik ýagyny öndürmek we piwo gaýatmak döwlet monopoliýasyndabolupdyr.

Ptolemeýleriñ döwleti Ortaýer deñz sebitlerine, kerwen we deñiz ýollary arkaly Hindistana çenli aralykdagüýçli söwda işlerini alyp barypdyr. Aleksandriýa iññän iri port şäher bolupdyr. Dünýäniñ 7 guratynyñ biri bolan Aleksandriýa maýagy 120 m. bolup, onuñ yşygy 60 km aralykan görnüpdir.

Müsüriñ ykdysadyýeti b.e. III asyrda ýokary grkezilip, II asyrda durgulyga, soñra çokgünlige sezewar bolupdyr. Salgytlar, borçlar, patyşa emeldarlarynyñ gazaply gözegçilgi we eden-etdiligi ilaty tozdurypdyr. Müsüriñ çaklerinden daşardaky ýerleriñ ýetirilmegi syýasy ýagdaýy ýaramazlaşdyrypdyr.

b.e. öñ III asyrda Müsürde köpsanly daşary ýurtly ilat aralaşypdyr. Ýerli begzadalar grek dilini özleşdiripdirler, ellimleşdipdirler we goşunda hem döwletde ýokary wezipeleri eýelemäge mümkinçilik alypdyrlar. Ellinler hem belli bir derejede müsürleşipdirler. Garaşy nikalar bolupdyr. Ptolemeýleriñ döwleti bilen Selewkidleriñ arasynda Günorta Siriýa üçin bäş gezek Siriýa uruşlary bolupdyr. Bu uruşlarda iki tarapyñ hem üstünlikli hereket eden wagtlary az bolmanyr. Ýöne Müsür gowSapdyr. Antioh III (b.e. öñ 219-217 ý) Günorta Siriýany, Finikiýanyñ bir bölegini eýläpdir. Ptolemeýler Makedoniýanyñ gysmagy netijesinde Kiçi Aziada we bogazlarda yzly-yzyna birnäçe ýerlerini ýitiripdir. Müsüriñ gowşamagyndan peýdlanyp, Selewkis patyşasy Antiog IV Ýepifan (b.e. öñ 175-163 ý). Günorta Siriýada, Finikiýada, Palestinada ýerleşen Müsür goşunlaryny añsatlyk bilen ýeñip, Delta çenli basyp alypdyr, Aleksandriýany gabapdyr. Patyşa Ptolimeý IV Filometor (b.e. öñ 180-145 ý.) tagtdan üşurilipdir. Ýöne tarapdary Rimiñ goşulmagy bilen Antioh IV Müsürden gitmeli bolupdyr. Şondan soñ Müsütiñ Rimden garaşly vlmagy güýçlenipdir. Ptolemeýler grek polisleriniñ makedonlara garşy göreşini goldapdyrlar. Bu bolsa Makedoniýa bilen Selewkidleriñ Müsüre garşy birleşmegine getiripdir. Rim Müsür bilen şertnama baglaşyp onuñ bähbitlerini galdypdyr. Daşary syýasatynda Rimiñ golawyna daýanyp, Müsür garaşsyz döwlet hökmünde beýleki ellinçili öwletlerinden has uzak dowam edipdir. Ýöne b.e. öñ 30-nji ýylda patyşa aýal Kleopatra VII-niñ döwründe Müsür Rim tarapyndan basylyp alnypdyr.

3. ellinçilik döwletleriñ iñ irisi Selewkidleriñ patyşalygy bolupdyr. Oña Kiçi Aziýa günortasy, Siriýa, Demirgazyk Messopotamiýa, Wawilon, Eýran, Merkezi Aziýanyñ günortasy,Owganistanyñ uly bölegi giripdir. Bu dölweti Aleksandryñ janpenarlarynyñ biri Selewk esaslandyrypdyr. Selewkidler üç etrapda: Günorta Siriýada, kiçi Aziýada we Merkezi Aziýada emişe harby hereketleri alyp barmaly bolupdyrlar. Patyşa häkimiýeti çäksiz bolupdyr. Dölwetiñ iñ uly işgärleri «işleri alyp barýan» (premýer-ministr), atyşa kansrelýariýasynyñ baştutany, maliýe gözegçisi bolupdyr. Patyşany gurşap alan beýleki ýokary wezipeleri eýeleýän adamlary patyşanyñ «garyndaşlary» we «dostlary» diýen köşk derejeleri bilen atlandypdyrlar. Appianyñ maglumatlaryna görä, ýurt 72 satparlyga bölünipdir. Satraplyklar ýeparhiýalara, olara giparhiýalara bölünipdir. Goşunyñ esasyny ýartda ýaşaýan makedonlar we grekler düzülipdir. Akyna tutma we ýerli ilatlardan düzülen goşunyñ ämiýeti jua pes ekeni. Selewkidler döwlertiniñ serhetýakalarynda we birahat etraplarynda harby koloniýalar döredilipdir. Sewlkidler öz äkimiýetiniñ daýanç nokatlary ökmünder 70-den gowrak polis döredipdirler. Döwlet we polisler bir-birini goldapdyrlar.

Hatyñ esasy köpçüligi «patyşa adamlary» (Laos) bolupdyrlar. Olar oblarda ýaşapdyrlar. Şahsy taýdan azat bolupdyrlar. Olaryñ jemagatlary döwlete salgyt töläpdirler.

B.e.ö II asyrda «beýik ýupek ýoly» emele gelip, ytaý bilen söwda gatnaşyklary ýola goýulýar. Hindistan we Arabystanyñ günorta welaýatlary bilen söwda ösdürilýär. Köpsanly ýerli bazarlar döräpdir. Selewki9dler salgydy pul görnüşinde alypdyrlar. Bu bolsa haryt-pul gatnaşyklarynyñ ösmegine ýardam edipdir. Dölwetde kümüş we bürünç teññleri çykarýan birnäçe zikgehanalar bolupdyr.

b.e. 250-nji ýylda Selewkidler döwletinden Baktriýa we Parfiýa bölünip aýrypdyr. Baktriýada emele gelen özbaşdak döwlete Grek-Baktriýa döwleti diýilýär. Parfiýada parn taýpalary Arşagyñ baştutanlygyna göreşe başlap, Satrap Andragory öldüripdirler we satraplykda äkimiýeti ele alypdyrlar.

Grek-Baktriýa döwleti Diodat tarapyndan esaslandyrylypdyr. Onuñ ogly Diodot II we onuñ maşgalasy b.e. öñ 230-jy ýylda Ýewtidem tarapyndan gyrlypdyr.

b.e. II asyryñ I ýarymyna Ýewtideniñ ogly Demetriý I Merkezi Aziýada we indistandaköp basybaşlar edipdir. Ýörişleriñ biri wagtynda serkerdekleriñ biri Ýewktarin tagty eýeläpdir. Demetriniñ döwleti dagrapdyr. Ýurduñ grek-indi böleginde birnäçe wagtlap serkerde Menandr dolandyrypdyr.

b.e. öñ 140-130-njy ýyllara demirgazyk-gündogarda Merkezi Aziýa «tokarlaryñ» (hytaý çeşmelerinde «ýueszi» taýpa bileleşmeleri çozupdyrlar we Baktriýany basyp alypdyrlar). Şeýdip, gündogardaky iñ uzak ýerde ýerležşen ellin döwleti ýykylypdyr.

4. Gresiýa we Makedoniýa b.e. öñIII-II asyrlarda dartgynly ýagdaýlary başdan geçiripdirler. Aheýw we Etoliýa bileleşikleri Makedoniýanyñ agalygyna garşy göreşdirler. Etoliýalar Rim bilen bileleşip Makedoniýa garşy urupdurlar. Makedon patyşasy Filipp V Rimden ýeñilip, onuñ ýerine Ptolemeýleriñ Frakiýadaky, Kariýadaky erlerini basyp alypyr. Ol kiçi Aziýada Pergam we Rodos bilen çaknyşypdyr. Afiny hem Filipp V garşy çykypdyr. Olar Rime ýüz tutupdyrlar. B.e. öñ 200-197-njyýyllarda II rim-makedon urşy bolupdyr. Etoliýa we Aheý bileleşikleri Riiñ tarapynda çykyş edipdirler Filipp V ýeñilip, öz ýurdumdan daşarydaky ähli ýerlerinden, arby-deñiz flotundan el çekmeli bolupdyr. Şu harby töleg tölemeli edilipdir. Rim Istma oýunlarynda b.e. öñ 196-njy ýýlda «ellinleriñ azatlygyny» jar edenem bolsa, Gresiýada oña bolan närazylyk çalt ösüpdir.aheý oligarhlary rimliler bilen birlilikde demokratik syýasat ýöredýän sparta tirany Nabisa garşy çykypdyrlar. B.e. ö 192-nji ýylda Nabis öldürilipdir we Aheý bileleşiginiñ agzasyna öwrülipdir.

Makedoniýanyñ Filipp V-niñ dolandyran sahsy ýyllarda we onuñ mirasdary Perseýiñ öwründe güýçlenmegi III rim-makedon urşuna (b.e. öñ 171-165 ý.) getiripdir. B.e.öñ 168-njýyla Pidnanyñ ýanyndaky söweşde Perseý ýeñilip, ýesir düşüpdir. Rimiñ Makedoniýada agaly etmegine garşy b.e. öñ148-nji ýylda gazgalañ bolupdyr. Ony rimle\iler basyp etyrypdyrler we Makedoniýa Rmiñ welaýatyna öwrülipdir. Soñra Aeý bileleşigi Rime garşy urşa başlap, derbi-dagyn edilipdir. Onuñ iñ esasy şäheri Korinf ýakylypdyr, ýumrulypdyr we talanypdyr. B.e. öñ 146njy ýýlda Gresiýanyñ özbaşdaklygy synypdyr.

Pergam patyşasy Attal II b.e. 1330njy ýýlda ölüm ýassygynda ýatyrka ýurduny Rime wesiýet galdyrypdyr. Tiz wagtdan onuñ dogany Aristonik gözgalaña baş göteripdir. Ýöne gözgalañ b.e. öñ 130-njy ýylda basylyp atyrylypdyr.

Parfiýa döwleti hem şol döwürde Selewdikleriñ ikinji paýtagty bolan Tigr boýubndaky Selewkiýany basyp alypdyr. Şol bir wagtda bütin Mesopotaniýanyny eýeläpdir. Selewkid patyşasy Antioh VII Sidet Parfiýadan Wawilony gaýdyp almaga synanyşypdyr. Ilki ol iIudeýany, Mesopotamiýany alyp Hindistana aralaşypdyr. Hindistanyñ ýerli ilaty gozgalaña başlapdyr. Parfiýa goşununy hem duýdansyz çözup, Antioh VII Sideti derbi-dagyn edipdirler we öldüpdirler. Şondan soñ Selewkidler döwleti dine Siriýa we oña ýanaşýan ýerler bilen çäklenipdir. Onuñ tagtyna dalaşgärler kä Rimiñ, kä Parfiýanyñ kömegine bil baglapdyrlar.

Parfiýanyñ araçäkleri indi Ýewfrat boýunça geçipidr. Indistan we Ermenistan onuñ täsir astynda bolupdyr. Rim hem Siriýa dalaş edipdir. Ol b.e. öñ 64/3-nji ýýlda basylyp alnypdyr.

5. ellinçilik döwründe medeni öşeñ täze şertlerde bolup geçipdir. Ellinçilik döwründe ýaşan adam özüni uly ellin dünäýsinñ ýaäaýjysy ökmünde duýupdyr. Mysal üçin Arkadiýada doglan grek Müsüre, Baktriýa ýa-da Gara deñziñ kenarlarynda gulluga düşüp bilipdir. Muña indi adaty zat hökmünde garalypdyr/ adamlaryñ akyl taýdan dünýägaraýşy gižñelipdir.

Bu döwürde hojalyk ösmegini dowa edip, ellinçilik jemgyýetleriñ köpüsinde medeniýeri ösdürmek üçin serişde goýbermäge mümkinçilikleri bolupdyr. Ellinçilik monalary öz paýtagtlaryny bütin ellir dünäsiniñ medeni merkezine öwürmäge çalşypdyrlar. Patyşa köşklerinden çagyrylyp ellin düñýäsiniñ dürli künjeklerinden çagyrylyp getirilen alymlar ylmy işler alyp barypdyrlar. Şeýle merkezler Orant boýundaky Antioiýada, Pergamda, Sirakuzyda, Afinyda, Rodosda we beýleki şäherlerde,iñ irisi bolsa Aleksandriýada Ptolemeýleriñ patyşa köşgünde ýerleşipdir. Aristoteliñ okuwçysy Demetriý Falerskiýniñ maslaat bermegi bilen nesilşalygy esaslandyryjy Ptolemeý Soter 9 sany muza bagyşlanan edarany döredip, oña muzeý diýip at beripdir. Muzeýiñ otaglary alymlaryñ durmuşy, leksiýaokamak we ylym bilen meşgullanmak, kitapana üçin niýetlenipdir. B.e. öñki III asyryñ ayrlarynda çenli Muzeýda ýarym milliona golaý üýrülen papirus görnüşndäki kitaplar bolupdur. Kitapanadan başga-da bu ýerde ýatak jaýlar, naarhana, gezeluç etmek üçin ýörite ýerler bolupdyr. B.e. öñki III asyrda bu ýerde Apolloniý Rodosly, Eratosfen, Aristarh, Arhimed, Ewklid, Kallimah ýaly görnükli alymlar işläpdirler. Kitaphana müsür tagtynyñ mirasdarynyñ atabeg baştutanlyk edipdir. Aleksandriýa Muzeý iri ylmy we medeni merkeze öwrülip, ellin ylymynyñ we medeniýetiniñ ösmegine uly goşant goşupdyr. Ellin döwrüniñ ylmy açyşlarynyñ aglabasyny Aleksandriýa ýaly alymlar edipdirler.

Ellin medeniýetiniñ ösüşiniñ möüm ýagdaýlarynyñ birem ellin medeniýeri bilen gadymy gündogar medeniýetiniñ özara täsiri bolupdyr. Elliñ jemgyýetiniñ bilimli toparlary umumygrek koýne dilinde gürläpdirler. Grekler we makedonlar özleriniñ baran erlerine olimp udaýlarynyñ kultuny hem eltipdirler. Ýöne olar täze baran ýerlerinde güýçli özgerişliklere sezewar bolupdyrlar. Meselem, Zewswe, Apollona, Germese, Afrodita, Artemida gadymy gündogaryñ udaýlary Ormuzdyñ, Mitranyñ, Attisiñ, Kibelanyñ, Isidanyñ we beýlekileriñ häsiýetli aýratynlyklaryny geçiripdirler. Grekler ýerli hudaýlary-da ykrar edipdirler. Käbir hudaýlary bolsa täze dredipdirler. Mysal üçin, Ptolemeý Lag geliopol ellenleri we müsürlileri kanagatlandyrar ýaly täze hudaýyñ kultuny işläp düzmegi tabşyrypdyr. Ony Osiris-Apiisiñ esasynda dredip, Sarapis diýip at beripdirler. Ony ýeke udaý ökmünde-de hormatlao başlapdyrlar.

Ykbal- Şowlulygy aýal hudaý Fortuna hökmünde ormatlapdyrlar. Ellin ökümdarlary hem öžlerine Soter (alaşgär), Epifan (peýda bolan) Ewerget (haýyr eşleri ediji) ýaly keramatly kabul edipdirler. Bularyñ hormatyna ýörite ruhanylar aýratyn ybadathanalarda dini däp-dessurlary ýerine ýetiripdirler. Ellinçilik döwründe esasanam Judeýda, halasgär-messanyñ gelmegi baradaky pikirler giñ ýaýrapdyr.

Ellinçilik döwründe adamlaryñ dünýä garaýşynda bolup geçen çuññurözgerişler pelsepe ylymyna-da täsir edipdir. Pelsepe (filosofiýa)dünýäniñ, adamyñ we onuñ pikirlenisiniñ umumy ösüş kanunlary baradaky dünýägäraýyşlaryñ ylmy ökmünde ösüpdir. Ellinçilik pelsepe ylmyñ merkezi Afiny bolup, ol ýerde birnäçe täsirli filosofiki mekdepler bäsleşipdirler. Platonyñ we Aristoteliñ okuwçylaryn olaryñ ýolunydowam edipdirler. Platonyñ okuwçylarynyñ mekdebi Akademiýa diýilip atlandyrylypdyr.

Aristoteliñ okuwçylary öz döwrünñ ajaýyp tebigaty synlaýjylar4y bolupdyr. Feofrast ylmy botanikanyñ dünýäwi tutupyr. Straton fizikada ajaýyp açyşlar edipdir.

Stoikleriñ, epikurçylaryñ we kinikleriñ flosofiki ulgamy has meşhur bolupdyr. Etoik filosofiýany Kirçdäki Kitiý şäherlerinden bolan Zenon (b.e. öñ 336-264 ý) esaslandyrypdyr. Ol Afina göçüp gelip, agorada reñkli portik diýilýän ýerde dik durup öz pelsepesini wagyz edipdir. (Stoik sözi hem şondan döräpdir). Onuñ oikirlerini okuwçy;ary Kleant we irisipp özsüripdirler. Stoikleriñ pelsepe ulgamy içe bölünipdir: 1. Fizika ýa-da dünýäniñ gurluşy we ösüşi hakyndaky taglymat

2. Logika ýa-da dogry pikirle pikirlenmek we öz pikirleriñe aýdyñ beýan etmek taglymaty.

3. etika ýa-da adam, onuñ özüni alyp barşy, ünýädäki orny, ýaşamagynyñ maksatlary we ş.m. hakyna taglumat.

Epikuryñ (b.e. 341-270) pelsepesai hem stoikleriñki ýaly bölünipsir. Epikurçylar materialistler bolup, ähli zatlar, hat-da jan hem atomdan durýar diýip hasap edipdirler. Adamyñ bagty ýakymsyz duýgulary ýok etmekden, ýönekeý ýaşamakdan, daşky dünýaniñ gowgalasryndan daşda gezmekden ybarat iýip düşündirpdirler. Stoikler bolsa, tersine, adamlary adamzadyñ peýdasy üçin işjeñ jemgýetçilik işine çagyrypdyrlar.

Kinik pelsepe Aktisfen (b.e. öñ 440-366 ý.) tarapyndan esaslandyrylypdyr. Bu pelsepe ellinçilik döwründe şäher ilatynyñ arasynda meşhur bolupdyr. Has belli kinik Sinapyly Diogen bolupdyr. Kinikler dünýäniñ gurluşyna, pikirleriş kanunlaryna biperwaý garapdyrlar. Olaryñ pikiriçe, baýlyk, jemgyýetdäki orun, maşgala gatnaşyklary adamy betbagt edýärler. Bularan ýüz öwrüp, tebigata laýyklykda tapan zadyñ bilen iýmitlenip ýaşamaly. Aç, saç-sakdaly ösüp giden, ýyrtyk jeýimli kinikler taşlanan şääherden şäere aýlanyp, öz ýaşapdyrlar, egnitorbaly şäherden aýlanyp, öz taglymatlarynty wagyz edipdirler. Umuman ellin pelsepesi pelsepeçilik pikiriñ ösüşinde täze ädilen uly ädim bolupdyr. Ellinçilik döwrüñ edebiýatynda birnäçe täzelikler bolupder. Esasanam, ýazyjy-şaherlaryñ sany artyp, 1100 töwereginiñ ady gelip ýitipdir. Ellin döwrüniñ edebiýaty klassik edebiýatynyñ esasynda ösüp, üytgän täze şertleri şöhlelendiripdir. Bu döwürde şäherleri teatrsyz göz öñüne getirmek kyn. Teatryñ binasy çylşyrymly binagärlik toplumyna öwrülipdir. Aktýorlaryñ geýnişi durmuşdaka ýakynlaşypdyr. Ellinçilik döwründe tragediýalary goýmak dowam edipdir. Ýöne komediýalar has-da meşhur bolupdyr. Belli tragediýasy Likofron gabaw wagtynda Kassandriýa şäheriniñ horluklary baradaky tragediýasy we «Menedam» atly satiriki dramasy bilen şöhrat gazanypdyr. Afinaly şahyr Menandr bolsa belli komediýaçy bolupdyr. Onuñ komediýalary afuny durmuş şertlerini, onuñ ownuk aladalaryny şöhlelendirip, klassyk komediýalaryñ syýasy äeñlerinden daşda bolupdyr.

Afiny täze komediýanyñ we durmuşdramasynyñ merkezi blan bolsa, Aleksandriýa ellin poeziýasynyñ merkezi bolupdyr. Aleksadnriýa poeziýasynyñ düýbüni şaher Kallimah tutupdyr. Onuñ mifologik, edebiýat, taryhy mowzuklarda ýazan eserlerinden iñ meşhurlary «Gekala» we «Sebäpler» atly poemalary bolupdyr. Kallima muzeýiñ baştutany we mirasdaryñ atabegi bolupdyr. Kallimahyñ sesrleriniñ sýuzeti esasynda b.e. öñ I asyrda rim şahyry Katull «Berenikanyñ saçlary» atly dünýä poeziýasyna giren eserini döredipdir.

Ellinçilik döwürde Apollonyñ Rodosly, Feolorit Sirakuzly, Ewgemer we Ýambul ýaly ýazyjylar hem öz eserleri bilen meşhur bolupdyrlar. Kyssa eserloeriniñ arasynda taryhy eserler möhüm orun tutupdyrlar. Ellinçilik öwründe baý taryhnama döredilipdir. Kardiýaly Iýeronim özüniñ «Taryh» eserinde Aleksandryñ ölüminden Pirriñ aradan çykan wagtyna çenli (b.e. öñ 323-272 ý) aralykaky ellin taryhyny beýan edipdir. Onuñ berýän maglumatlarydan soñra Diodor Sisiiýaly , Pompeý trog, Plutarh we Arrian hem peýdalanydyrlar. Ellin taryhnamasynyñ çürbaşy Polibiniñ 40 kitapdan ybarat bolan «Ahlumuny taryhy» boupdyr. Onda Ortaýer deñiz sebitleriniñ b.e. öñk 220-146-njy ýyllar aralygyndaky taryhy beýan edilipdir. Onuñ işini stoik Posidoniý dowam edip, b.e. öñ 146-86-njy ýyllardaky taryhy wakaly 56 kitapda beripdir. b.e. öñki III asyryñ başlarynda müsür Ryhanysy Makedon we Wawilon ruanysy Beros ýerli arhiwler we baý däpler esasynda öz ýurtlarynyñ taryhyny grek dilinde beýan edipdirler.

Ellinçilik döwri şäher gurlujygynyñ we binagärligiñ hem ösen döwr bolupdyr. Bu döwürde köne şäherler abadanlaşdyrylyp, täze şaherler gurlupdyr. Şäherleri amatly ýerde, äli mümkinçilikleri göz öñüde tutup, ýörite meýilnamalar esasynda gurupdyrlar. Meýilnamada merkezi meýdança-agora teatr desgalary, yabdathanakar, stadionlar we gimnaziýeler, seýilghler göz öñünde tutulypdyr. Suw üpjünçiligi we kanalizasiýa gowy ýola goýlupdyr. Şäher äkimiýetleri köçeleriñ we meýdançalaryñ arassaçylygyna, şaher jaýlarynyñ abadatlanmagyna, guýulara we beýleki ýerlere berk gözeggiçilik edilipdir.

Ägirt uly binalaryñ biri hem Faras adasynda gurlan Aleksandriýa maýagy bolupdyr. Ol b.e. öñ 280 ýylda arhitektor Sastrat tarapyndan gurlupdyr (beýikligi 120 metr). Ellinçilik döwrüniñ binagählerinde ymaratlaryñ aýratyn üns berlipdir.

Bu döwrüñ binalaryny heýkeller bilen bezapdirler. Heýkeltaraşlyk nusgawy döwürdäkiden hil taýdan pese düşen. Sebäbi ol juda köp öndürilik,ssenetçilige öwrülipdir. Pergam we Rodos heýkeltaraşlyk mekdeplere has meşhur bolupdyr.

Pergam mekdebinde duýgulary ujuwly beýan etmek, okgunly hereketler, içki dargynlyk mashusdyr. Olar Skopasynyñ ýoluny dowam eipdirler. Olar Skopasyñ ýokarda agzalan däplerini öz döwrüne görä gaýtadan işläp, real kespleri we psihologik häsiýetnamalary işläp düzüpdirler. Pergam mekdebiniñ meşur eserleri ölüp barýan gall we «özüni hem-de maşgalasyny öldürýän galldyr». Rodos mekdebi meşur Lisippiñ ýoluna dowam edipdir. Onuñ meşhur eserleri «Ellin hökümdary» Laokon we onuñ ogullary,»Farnez öküzi» boupdyr. Lisippiñ okuwçysy ussa ares tarapynan b.e. öñ 276 ýyla Geliosyñ 30 metrlik heýkeli ýasalypdyr. Ýöne ol b.e. öñ 220-nji ýylda ýertitremee weýran bolupdyr.

Ellinçilik döwründe ynsanperwerr we tebigy ýlymlar güýçli ösüpdir. Ellin ökümdarynyñ köşklerinde ylmy meseleleri çözmek bilen meşgullanýan alymlaryñ toparlary işläpdirler. Bu döwürde ylmy bilimler ýöriteleşýär. Hasabyýet, meanika, astronoiýa, geografiýa, medesina, botanika, filologiýa, taryh özbaşdak ylymlara öwrülýärler.

Hasabyýet we Astronoiýa nusgawy döwürde Pifagoryñ, Anaksagoryñ, Ýewdoksyñ goýan esaslary boýunça ösüpdur. Ellinçilik ylmynyñ ajaýyp hasabyýetçileri we fizikleri Ewklid, Arhimed, Apoloniý bolupdyr. Ewkliiñ iñ meşhur işi «Başlangyçlar» bolup, ol öz döwrüniñ hasabyýet ensiklopediýasy bolupdyr. Arimed köptaraplaýyn alym bolupdyr. Ol П sany asaplapdyr, tükeniksiz kiçi we uly uluklyklaru hasaplamagyñ esaslarynmy goupdyr, şaryñ göwrüminiñ onuñ göwrümini çyzýan silindriñ göwrümine gatnaşygynyasaplapdyr, gidrostatikany esaslandyrypdyr. Ol asman jisimleriniñ hereketini şekilednirýän planetarini oýlap tapypdyr.Apoloniý geometrik algebranyñ we irasional ululyklaryñ toparlarynyñ esaslaryny işläp düzüpdir.

Samosly Aristarh (b.e. 310-230 ý) dünýäniñ geliomerkez ulgamy işläp düzüpdir. Gün ägrtuly bolup, ähli planetalar onuñ aşynda aýlanýarlar. Yyldyzlar bolsa Güne meñzeş jisimler bolup, ýerden juda uzak aralykda ýerleşeni üçin, hereketsiz ýaly görünýärler diýip hasaplapdyr. Kerenaly Eratosfen (b.e. öñ 275-200 ý.) taryhy tankyda we ronologiýa, matematika we filologiýa degişli işleri ýazmak bilen, esasy goşandy astronomiýa ylmyna edipdir. Ol er ekwatorinyñ uzynlygyny 39700 km, hasaplap çykaryp, akyky ululygynagolaýladypdyr. Şol wagtky oýkumenanyñ giñligini we uzynlygyny, ekliptikanyñ tekizliginiñ ýapgytlygyny kesgitläpdir. Eratosfen eger Ispaniýadan günbatara ýüzseñ Hindistana ýetip boljakdygy barada netije çykarypdyr.

Ellinçilik döwrüniñ şohrat gazanan alymlarynyñ biri hem Gippar bolupdyr. Ol Arishyñ gelimerkez ulgamyny kabul etmän älemiñ ulgamy baradaky taglumaty esalandyrypdyr. Gipparyñ bu taglymatyny soñra Klawdiý Ptolemeý kabul edipdir we ösdüripdir. Gipparh gije bilen gdiziñ deñleşmek adysasyna üns beripdir, ýylyñ we Aý boýunça bir ayñ dowaml;y;ygyny has anyk kesgitläpdir. Ýer bilen Aýyñ arasyndaky uzaklygy kesgitläpdir. Aristoteliñ okuwçysy Feofrast (b.e. 372-287) ösümlikler baradaky ylmy esaslanypdyr. Ol dürli ylymlar boýunça köp sanly işleriñ awtorydyr. Medisiana möhüm üstünlikler gazanypdyr. Halkedonly Gerofik we Keosly Erasistr b.e öñki III asyrda iki sany täsirli medisina mekdeplerini döräpdirler,. Olar gan aýkanyşa, nerw ulgamyna, duýgy we hereket merkezleriniñ arasyndaky tapawutlara degişli uly açyşlar edilipdir. Olar adamyñ anatomiýasyna we fiziologiýasyna degişli başga-da birnäçe möüm gözekçilikler edilipdirler. Ýöne bular unudylyp, täze döwürdergaýtadan açylypdyrlar. Pursadan bolan Asklepiad b.e. öñ I asyrda näsaglary beehiz tutmak, gezelenç etmek, owkalamak we sowuk suwda ýuwunmak arkaly bejermekde şohrat gazanypdyr. Onuñ hat-da ölin dereldendigi barada rowaýat düzülupdir.