Empatikler
Empatikler (grekç. "Pathos"-kösençlige golaý güýçli we çuňňur duýgy, "em" goşulmasy içe gönükdirilme diýmegi aňladýar) — Bu emosional aýratynlyk adamlaryň aragatnaşygynda, olaryň biri-birini kabul edenlerinde, aralaryndaky özra düşünişmekligi ýola goýmakda uly ähmiýete eýe.
Ilkibada bu fenomen filosofiýanyň hususan da etikanyň we estetikanyň çäklerinde öwrenilýär. Şonuň üçinem ol ýa etiki "simpatiýa" düşünjesi bilen , ýa da estetiki "duýgudaşlyk etmek" düşüňjesi bilen aňladylypdyr. A.Smit simpatiýa beýlekä duýgudaşlyk bildirmek diýip düşünipdir. G.Spenser empatiýanyň iki görnüşini tapawutlandyrypdyr: instinktiw (emosional ýaňlanma ) we intellekual (duýgydaşlyk bildirmek).
XIX asyryň ahyrynda psihologlarynyň işlerinde simpatiýa haýwanlaryň we adamyň ilkinji emosiýasy hökmündäki häsiýeti hökmünde öwrenilýär. T.Ribo boýunça, ösüşiniň pes psihofizilogiki derejesinde empatiýa sinergiýa (hereket ymtylmalara öýkünmek) we has ýokary derejede sinesteziýa (meňzeş işleri döredýän başdan geçirmeleriň, duýgudaşlygyň ylalaşyklygy) görnüşinde çykyş edýär.
Aş simpatiýanyň iki görnüşini tapawutlandyrýar - başdan geçirişmek we duýgudaşlyk bildirmek. Başdan geçirişmek – bu obýekt bilen meňzeş emosiýany başdan geçirmek. Ol özüňe gönükdirilen we tebigaty boýunça egoistiki. Onuň yzyndan gaça durmak reaksiýasy gelýär, sebäbi "otrisatel" – ýakymsyz emosiýalary başdan geçirmek subýekt üçin agyr. Duýgudaşlykda subýektiň we obýektiň başdan geçirmeleri deň däl.
Edebiýat
düzetProfessor B.B.Basarow, uly mugallym A.A.Esenowa, "Emosiýalaryň psihologiýasy". Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy.– A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. sah.97-98.