Lukmançylyk çeşmeleriň-de köpüsi ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýärler. Ene süýdi bilen iýmitlendirme täze doglan çaga üçin iň oňat iýmit bolup, onuň immunitetini oňat berkidýär. Bäbekleriň agalaba bölegi üçin ene süýdi ilkinji 6 aýyň dowamynda iň gerekli iýmitdir. Eneleriň köpüsi öz çagasyny 6 aýdan soň hem emdirmegi dowam edip, oňa goşmaça iýmit berip başlaýarlar. Çaganyň ýygy-ýygydan emdirmek süýdüň göwse köp inmegine ýardam berýär. Göwrelilik we çaga dogrumdan soňky döwürde dogry iýmitlenmek hem süýdüň ýeterlik mukdarda bolmagyna ýardam berýär.

Çaga bedeniň kadaly ösmegi üçin, onuň ilkinji we soňky tapgyrlardaky süýdi emmegi juda wajypdyr. Bäbegi emdirmeklik şu aşakdaky tapgyrlara bölünýär: Owuz süýdüniň inýän döwri adatça dogrumdan soňky ilkinji 3-4 günüň dowamynda bolup geçýär. Şu döwürde ene süýt mäzleriniň süýtden dolmasyny duýmaýar. Owuz süýdi örän az mukdarda emele gelse-de, ol çagany doýurmak üçin ýeterlikdir.

Ene süýdüniň emele gelmesi indiki 6-8 hepdäniň dowamynda amala aşýar. Dogrumdan soň 3-5-nji günler aralygynda enede "geçiş döwrüniň" süýdi emele gelip, ol 10-15 günden "kämil" süýde öwrülýär. Bu döwrüň uzynlygy her bir ene üçin özboluşly bolup, ene süýdi çagasynyň bedeniniň talaplaryna laýyklykda özgerýändir. Bu döwüde enäniň göwüsleri süýtden dolup, käwagt agramdan ýaňa agyryp hem bilýär.

Emdirilmäniň erkin tertibi ene süýdüniň köp emele gelmegine we onuň çaganyň bedeniniň talaplaryny kanagatlandyrmaga ýardam berýändir.