Fedçenkonyň wyžžyldawuk tomozagy

(FEDÇENKONYŇ WYŽŽYLDAWUK TOMZAGY sahypasyndan gönükdirildi)

Gatyganatlylar otrýady Wyžžyldawuk tomzaklar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Köýtendagyň endemigi. Gysgaça beýany. Göwresiniň uzynlygy 25–29 mm. Birsydyrgyn gara reňkli, arka öňi öz uzynlygyndan 1,2–1,23 esse inli, ýylmanak hem ýalpyldawyk. Ýaýraýşy. Köýtendag. Türkmenistandan daşarda — Özbegistan. Ýaşaýan ýerleri. Deňiz derejesinden 1500–1700 m belentlik, dag derýajykly dereler. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Örän seýrek görnüş. Şu görnüş 4 sany erkek we 3 sany urkaçy tomzaklar boýunça mälim edilen. Esasy çaklendiriji sebäpler. Anyklanmady. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ýeterlik öwrenilmedik. Gysga ömürli ýazky görnüş. Güneşli günlerde ertirlerine işjeň hereketde bolýar. Liçinkasyna ýazgy berilmedik. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Köýtendag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Höwesjeň ýygnaýjylar tarapyndan tomzaklary tutup almagy gadagan etmeli. Gorag işleriniň zerurlygy barada wagyz işlerini geçirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Ýaýran ýerlerini we biologiýasyny öwrenmeli. Tomzagyň liçinkasyna ylmy ýazgy bermeli.