FTSE 100

(FTSE 100 Index sahypasyndan gönükdirildi)

FTSE 100 Index (Financial Times Stock Exchange Index, resmi däl görnüşde Footsie) — Londonyň gazna biržasynyň esasy indeksi. Financial Times gazetiniň hem-de Londonyň gazna biržasynyň bilelikde eýeçilik edýän garaşsyz FTSE Group kompaniýasy tarapyndan hasaplanylýar.[1]

1984-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan bäri 1000 ýer deresinden hasaplanylyp başlandy. 1999-njy ýylyň 30-njy dekabrynda 6950,6 ýer görnüşinde özüniň rekord derejesine ýetdi.[2]

Indeksiň komponentleri

düzet

2021-nji ýylyň sentýabr aýynda senagat harytlary we hyzmatlary pudagy 11,5% agramy bilen indeksde iň iri pudak bolup durýardy, onuň yzyndan 11,3% bilen maliýe pudagy we 9,9% bilen üçünji ýerde saglygy goraýyş pudagy gelýärdi. 10 sany iň iri kompaniýalar indeksiň ähli gatnaşyjylarynyň umumy bazar kapitallaşdyrmasynda 41% jemi agrama eýe bolupdylar.

Seçip alma ölçegleri

düzet

Paýnamalary FTSE 100 indeksiniň hasaplamasynda göz öňünde tutulýan kompaniýalar FTSE Group tarapyndan öňe sürülýän şertlere laýyk gelmelidirler:[3]

  • Londonyň gazna biržasynyň sanawyna girmek,
  • FTSE 100 indeksiniň paýnamalarynyň bahasy funtlarda ýa-da ýewroda görkezilmelidir,
  • belli bir döwlete degişlilik synagyndan geçmeli,
  • paýnamalar erkin dolanyşykda we ýokary derejede tiz satylyp bilinýän bolmalydyr.

Indekse her çärýekde, ýagny mart, iýun, sentýabr we dekabr aýlarynyň birinji annasynda gaýtadan seredilýär.[4]

Salgylanmalar

düzet
  1. "Financial Times Stock Exchange Group (FTSE)". investopedia.com. Retrieved 2022-03-24. 
  2. "Why the FTSE 100 has hit a record high". theguardian.com. Retrieved 2022-03-24. 
  3. "FTSE Indices". corporatefinanceinstitute.com. Retrieved 2022-03-24. 
  4. "MiniFutures FTSE 100". borsaitaliana.it. Retrieved 2022-03-24.