Kompýuterde islendik maglumat magnit disklerinde faýllar (file –jilt) görnüşinde saklanylýar. Faýlýadyň kesgitli bölegine şol bir at bilen ýazylan maglumatlaryň toplumydyr. Köplenç faýllary iki topara (ýazgy we ikilik) bölýärler.Ýazgy faýllaryny adam okap, oňa düzedişler girizip bilýär. Faýlda islendik resminamalar, ýazgylar, şekiller, çyzgylar, jedweller, maksatnamalar we ş.m. bolup biler. Kompýuteri peýdalanyjynyň we OS-yň ulanyp we tanapbilmegi üçin her bir faýla at berilýär.Faýlyň ady köplenç onuň esasy böleginden we ondan “.” (nokat) belgisi arkaly aýrylan giňeltmeden durýar: faýlyň ady.”faýlyň giňeltmesi” Gözleg işlerinde faýlyň adynda we giňeltmesinde “*” (islendik belgileriň islendik mukdary) we “?” (diňe bir islendik belginiň bardygy) belgilerini ulanmak bolýar.

Katalogdiskde faýllaryň atlary, göwrümleri, atributlary we ş. m. baradaky maglumatlar saklanýan ýörite ýerdir. OS-da kataloga hem at berilýär. Onuň faýlyňky ýaly giňeltmesi ýokdur. Her bir katalog özünde birnäçe kataloglary, olar hem öz gezeginde özlerinde başga kataloglar baradaky maglumatlary saklap bilýärler. Şol birkatalogda meňzeş atly iki sany faýly bellige alyp bolmaýar. Ýöne meňzeş atly faýllary dürli kataloglarda bellige almak mümkindir.


  • IUHD. Hemidow Arslan