Fadime, režisýorlygyny we ýolbaşçylygy Türker Inanogly tarapyndan ýerine ýetirlen, 1970-nji ýylda çykarlan çeper filmdir.[1] Melodramma görnüşindäki bu çeper filmiň baş keşbini Filiz Akyn we Kartal Tibet ýerine ýetirdiler.[2]

Mazmuny düzet

Fadime, garyp gyz we baý oglanyň hekaýasyny gürrüň berýän adaty bir melodrammadyr. Fadime (ýoldaşlary oňa Fadik diýip ýüz tutýar) we ýoldaşlary, köçede saz çalyp gününi dolamaga çemeleşýän bir garypdyr. Ýaşaýan öýüniň kireýini töläp bilmändikleri üçin, öýüň eýesi tarapyndan öýden çykarylýar. Galmaga başga ýeri bolmadyk Fadime bir gije, gaýyk duralgasynda bir gaýykda uklaýar. Ertesi säher bilen, gaýygyň eýesi Erol tarapyndan tutulýar. Erol bolsa, özüni garyp diýip görkezýän barly adamdyr. Fadime bilen Erol dostlaşýarlar.

Şol gün Erolyň şereketinden uly möçberde pul ogurlanýar. Ogrular gaçyp barýarkalar içi puldan doly torba bilen Fadimeniň torbasyny çalşyp, ýalňyşlyk bilen Fadimeniň turbasyny alyp gaçýarlar we içi puldan doly torba Fadimede galýar. Soňra bolsa, ýalňyşyna düşünip, pullary yzyna almak üçin Fadimeniň yzyna düşýärler.

Fadime, ýoldaşlary bilen pullary sowmaga we baýlaryň durmuşynda ýaşamaga başlaýar. Eroly hem gullukçy edip işe alýarlar. Hekaýanyň dowamynda Erol bilen Fadime biri-birine aşyk bolýarlar.[3]

Rollaryň paýlanylyşy düzet

Baş gahrymanlar:

  • Filiz Akyn - Fadime
  • Kartal Tibet - Erol
  • Jihangir Haffari - Faruk

Salgylanmalar düzet

  1. "Fadime". tsa.org.tr. Retrieved 2022-03-11. 
  2. "5555 afişle Türk sineması". worldcat.org. Retrieved 2022-03-11. 
  3. "Ansiklopedik Türk filmleri sözlüğü". worldcat.org. Retrieved 2022-03-11.