Fransiýa 1871-1914-nji ýyllar aralygynda

Mowzuk: Fransiýa 1871-1914-nji ýyllar aralygynda

MEÝILNAMA

1. XIX asyryň 70-90-njy ýyllarynda Fransiýanyň ykdysadyýeti, 3-nji respublikanyň konstitusiýasy.

2. Fransiýada aram respublikaçylar we radikallar partiýasynyň döredilmegi häkimiýet başynda.

3. Radikallar partiýasy we XIX asyryň başynda fransuz häkimiýetiniň içeri we daşary syýasaty.

XIX asyryň soňky 30-njy ýyllarynda (1871-1900) Fransiýanyň ykdysady durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi. Ýurduň agyr senagaty uly depgin bilen ösýärdi: ilki bilen kömrüň gazylyp alynyş, çoýunyň, demriň, poladyň öndürilişiniň artmagy şeýle hem maşyn gurluşyk we demirmagdan senagaty has güýcli ösýärdi. Fransiýanyň ýeňil we agyr senagatynda giň möçberde maşynlar we enjamlar ulanylyp başlandy. Ýurduň köp ýerlerinde industrial merkezler: departamentler-Akdeňň, Mýarf, Mozel, Nar.

Emma XIX asyryň ahyrynda Fransiýanyň ykdysadyýetinde ýeňil senagat agdyklyk edýärdi, sebäbi ýurtda ownuk we orta kärhanalar agdyklyk edýärdi. Ownuk kärhanalarda önümçilikdäki ähli işleýänleriň 58,1% jemlenipdi, orta kärhanalarda bolsa 30,1%. Fransiýanyň ykdysady ösüşinde oba hojalygy uly ähmiýete eýedi, sebäbi onda ilatyň aglaba bölegi işleýärdi. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda ähli ekerançylyk ýerleriniň 42% 1 gektar möçberindäki daýhan eýeçiliginde-di, 33% ýerler, 50 we ondan ýokary gektarly mülkdarlarda jemlenipdi. Umuman fransuz senagatynyň haýal ösüşiniň birnäçe sebäpleri bardy.

1-nji mesele içerki bazaryň çäkli bolmagy;

2-njisi Fransuz-prus urşy zerarly. Elzasyň we Lotoringiýanyň ýitirilmegi

3-njisi Fransuz senagatynyň hususy eýeçilige geçmegi haýal barýardy.

1870-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 4-de Fransiýa respublika diýlip yglan edilse-de, milli ýygnakda köplügi monarhiýanyň tarapdarlary eýeleýärdi, az sanly respublikaçylaryň bolmagy respublikada respublikaçylarsyz häkimiýetiň dowam edýänligini aňladýardy. Şol sebäpden hem Fransiýanyň syýasy gurluş meselesi uzak wagtlap çözülmän gelýärdi. Diňe 1875-nji ýylda milliýygnak esasy kanuna Fransiýanyň respublika diýlip yglan edilýänligi baradaky maddany goşdy.

1873-1879-njy ýyllar aralygynda Fransiýada Mak Magon prezident boldy, ol sowatsyzdy. Haçanda oňa bug maşynyny görkezip, onuň 200 at güýjüniň barlygyny aýdanlarynda, ol athana baryp şony barlap görmegi haýyş etdi.

1875-nji ýylda kabul edilen 3-nji respublikanyň konstitusiýasy monarhistler bilen respublikaçylaryň ylalaşygynyň netijesidi. Konstitusiýa boýunça kanun çykaryjy häkimiýet deputatlar palatasyndan we senatdan ybarat parlamente ynanylýardy. Senat 9 ýyl möhleti bilen saýlanýardy, ýöne her 3 ýyldan onuň düzüminiň 1/3 täzelenmelidi. Ýerine ýetiriji häkimiýet prezidente tabşyrylypdy, ol milli ýygnak tarapyndan 7 ýyl möhleti bilen saýlanýardy. Prezidente şu aşakdaky ygtyýarlyklar berilýärdi. Uruş yglan etmek we ýaraşyk baglaşmak, ol ýa-da beýleki kanunlaryň taslamasyny öňe sürmek, raýat we harby ýolbaşçylary bellemek we başgalar. Umuman, prezidentiň ygtyýarlyklary we hukuklary gaty giňdi.

1879-njy ýylda täze konstitusiýanyň esasynda geçirilen parlament saýlawlary respulikaçylara ýeňiş getirdi, olar häkimiýete gelip ýurduň prezidentligine Jýul Grewi saýlandy.

Respublikaçylaryň ilkinji ädimlerinden 1-i ol hem baknalyk syýasatyny giňden amala aşyrmakdy. 1881-nji ýylda Fransiýa Funisi özüne garaşly edýär. 1885-nji ýyldan ol günbatar we Merkezi Afrika ýerlerini basyp almaga başlaýar. Emma bakna edinmek ugrundaky uruşlar uly möçberde serişde talap edýärdi, hökümet bu meselede kynçylyk çekýärdi.

Fransuz ilatynyň aglaba bölegi hökümetiň syýasatyndan närazydy. Esasan hem 19-njy asyryň 80-nji ýyllarynda ykdysady kynçylyklaryň artmagy, ilatyň dürli toparlarynyň arasynda nägilelik döretdi. Şu pursatdan peýdalanyp, syýasy hilegär general Bulanle-harby ministr wezipesinde işläp, öz töweregine bir topar şübheli adamlary toplap özüni demokratik general hasap edip, işçilere öz raýdaşlygyny bildirýär ol hat-da Fransiýa Elzasy we Lotoringiýany gaýtaryp berjekdigini aýdýar. Şeýlelikde Bulanleniň il arasynda abraýy artyp başlaýar. Onuň tarapdarlary Fransiýanyň geljekde dünýä ýüzünde iň güýçli döwlet boljakdygyny, ýurduň ykdysadyýetiniň ösjekdigini ündeýärler. Şol bir wagtda respublikaçy hökümet Bulanleniň Fransiýany Germaniýa bilen urşa çekjekdiginden gorkup başlaýar. Syýasy betpäl Bulanlä bolsa öz maksadyna ýetjek bolup konstitusiýanyň täzeden seredilmegi, döwlet agdarylyşygy ýaly çagyryşlary ýaýradyp başlady. Onuň üstüne hem bu döwürde prezidentiň giýewsi döwletiň iň ýokary sylagy bolan Hormatly Legionyň ordenlerini satýanlygy mälim boldy. 1887-nji ýýlda Jýul Gerewi wezipesinden gitdi. Onuň ýerine 1887-1894-nji ýyllar aralygynda Fransiýanyň prezidenti Sasdi Karno boldy. Bulanleniň bu döwürde ilatyň arasynda täsiri güýçlidi. Onuň daşyna diňe monarhistler däl eýsem respublikaçylar we beýleki topar hem üýşipdi.

1887-nji ýylda Bulanleniň hereketi iň ýokary derejä ýetýär. Ol parlament saýlawlarynda birnäçe saýlaw bölümlerinde ýeňiş gazanýar. Hat-da Parižiň ilatynyň aglaba bölegi onuň üçin öz seslerini berýärler. Adamlaryň köp bölegi general Bulanženiň döwlet öwrülişiginiň amala aşyrjagyna garaşýandyrlar. Emma häkimiýetiň ony tussag etjekligi baradaky myş-myşlar general Bulanženiň Fransiýadan gaçyp gitmegini mejbur edýär. Şeýle ýagdaýda öz maksadyna ýetip bilmän ol öz-özüni atyp öldürýär.

Umuman Fransiýadaky Bulanle häkimiýeti ýurduň ilatynyň häkimiýete garaýşynyň dürliligini kesgitleýär. Emma şeýle bolsa-da ilatyň aglaba bölegi respublikany goldaýardy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly Fransiýada häkimiýet başynda duran respublikaçylar döwründe onuň daşary syýasaty baknadarlyklary basybalyjylara gönükdirilipdi. 1894-nji ýýlda Madakaskary eýelemek ugrunda uruş başlanýar. 2 ýyldanam soň ada fransuz baknasyna öwrülýär. XIX asyryň ahyryna Fransiýa diňe Afrikada däl eýsem Hindi-Hytaýda-da uly ýerleri basyp alypdy. Onuň subutnamasy hökmünde 1860-1899-njy ýyllar aralygynda Fransiýanyň baknalarynyň umumy meýdany 0,2 mln inerdördül mile ýetdi. (1mil gury ýer üçin) Ilaty 3,4 mln-dan 56,4 mln-a ýetdi. Baknalyklar boýunça Fransiýa Angliýadan soň 2-nji ýere çykdy.

Fransiýa Russiýa bilen amatly şertlerde gatnaşyk saklaýardy. 1893-nji ýylda 2 döwlet harby soýuz baglaşdy. 1902-nji ýylyň parlament saýlawlarynda çepçi partiýalar ýagny radikal we sosialistler köplügi gazandy. Hökümete radikallar geldi. Hökümetiň premýer ministri Komba ýurdy 1902-1905-nji ýyllar aralygynda dolandyrdy. Iliki bilen hökümet buthanany döwletden bölüp aýyrdy, hem-de ýurtdaky birnäçe müň dini mekdepleri ýapdy. 1906-njy ýyl parlament saýlawlarynda radikal partiýanyň lideri Jorj Klimanso premýer ministrlige bellenýär (1906-1909). Onuň döwründe Fransiýanyň daşary syýasaty esasan hem Ýewropa Germaniýa garşy gönükdirildi. Şonuň üçin hem ol Angliýa bilen ýakynlaşmagyň ugruna çykýar. 1904-nji ýylda iňlis-fransuz ýaranlyga Atlanta emele gelýär. Ol uly halkara wakady. Fransiýa Russiýa bilen hem arany üzmändi, sebäbi ol Fransiýa gerekdi. Hat-da 1906-njy ýylda rus rewolýusiýasyny basyp ýatyrmak üçin Fransuz bankirleri rus patyşasyna 3,5 mld frank karz berdi. 1913-nji ýylda Fransiýada prezident saýlawlary bolup geçýar, onda Raýmon Nrankare ýeňiş gazanýar, ol respublikançylaryň lideridi. Onuň esasy maksady Germaniýa garşy-urşa taýýarlykdy. Şol maksat bilen hökümet birnäçe reformalar geçirýär. Mysal üçin:

Harby gullugy 3 ýyl etmek kanuny. Şeýlelikde, millionlarça Fransuzlar 1914-nji ýylyň urşunyň oduna taşlandy.